16 Mart 2016 Çarşamba

Adam Hukuklaryny Goramak Döwlet Syýasatynyň Ileri Tutulýan Ugrudyr

Paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda 2016-2020-nji ýyllar üçin Türkmenistanda adam hukuklary guramak ulgamynda hereketleriň milli meýilnamasynyň tanyşdyrylyşy boldy.

Bu wekilçilikli duşuşygy ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň hemaýat bermeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş maksatnamasy we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty guradylar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň ýanwar aýynda ýörite Karary bilen tassyklanan hereketleriň milli meýilnamasyny durmuşa geçirmäge ýardam etmek üçin amala aşyrylýan bilelikdäki taslamanyň çäklerinde geçirilen tanyşdyrylyş çäresine Mejlisiň wekilleri, Türkmenistanyň aýry-aýry ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň, diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, şeýle hem akademiki institutlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.  

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili hanym Jasinta Barrins duşuşygy açyp, adam hukuklary baradaky halkara konwensiýasynyň esasy düzgünlerini Türkmenistanyň tassyklandygyny we onuň Durnukly Ösüş Maksatlary bilen ýygjam gatnaşykdadygyny nazara almak bilen, hereketleriň meýilnamasyny düzmek boýunça ägirt uly iş alyp barandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen jemgyýetini mundan beýläk hem demokratiýalaşdyrmak we adam hukuklaryny goramak boýunça milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirýän işleriniň netijesinde möhüm düzümleriň birnäçesiniň kemala getirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. 2007-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen adam hukuklaryny goramak boýunça Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmek boýunça Pudagara topar döredildi. Bu topar 2011-nji ýylda adam hukuklaryny goramak boýunça we halkara ynsanperwer hukuklary boýunça Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmek boýunça pudagara topara öwrüldi. Milli meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmäge we  adam hukuklary boýunça halkara borçnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek  hemişelik esasda hereket edýän maslahat beriji guramanyň üstüne ýüklendi. 

Birnäçe çäreleri geçirmegi göz öňünde tutýan hereketleriň milli meýilnamasy, adamyň binýatlyk hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek ýurdumyzyň kanunçylygyna halkara hereket hukuklary ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň döwlet düzümleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň işlerini mundan has-da kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi. 

Tanyşdyrylyş çäresine gatnaşyjylar bu möhüm resminamanyň Türkmenistanda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen  döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda kabul edilmeginiň çuňňur  mazmuna eýedigini bellediler. Çünki Türkmenistan bu meýilnamany işläp düzmekde milletiň nesilden-nesle geçirýän  ýokary ynsanperwer ýörelgelerine, demokratik däp-dessurlaryna eýermek bilen, döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy adamdyr diýip yglan eden  Konstitusiýamyzyň esasy düzgünlerinden ugur aldy. 

Ýurdumyzyň  adam hukuklary boýunça  ählumumy ykrar edilen ýörelgelere ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasy bolan milli meýilnama hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňe sürülýän giň gerimli  özgertmeleri durmuşa geçirmäge we goldamaga gönükdirilendir. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder