Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik ýuramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlise gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, şu gezekki duşuşygyň baş maksady Türkmenistanyň adam hukuklaryny, şol sanda ynsanperwer häsiýetli hukuklary ýerine ýetirmek boýunça halkara borçanamalarynyň ýerine ýetirilemgine gönükdirilen çäreleri işjeňleşdirmek bolup durýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak we esasy halkara konwensiýalaryny tassyk etmek bilen, bu möhüm resminamalaryň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn hukuk özgertmeleri we şu ýylyň ýanwar aýynda döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklanan “2016-2020-nji ýyllarda Türkmenistanda adam hukuklary babatda Hereketleriň milli meýilnamasy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşi ähli halk tarapyndan ara alyp maslahatlaşmaga hödürlendi. Ony taýýarlamakda ýurdumyzda raýatlaryň syýasy, ykdysady we durmuş hukuklaryny, erkinliklerini üpjün etmek, umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň binýadynda demokratik esaslary berkitmek bilen baglanyşykly meselelere baglanyşykly düzgünleriň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berildi. Umuman bularyň hemmesi milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgesiniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegini, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşini şertlendirer.
Mejlisiň barşynda “Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri barada adyl kazyýetlik ulgamyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Baş maksatnamasynyň” çäklerinde milli utgaşdyryjy edarany döretmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Milli maksatnamasynyň” möhletiniň dolmagy hakyndaky maglumat Pudagar toparyň agzalarynyň garamagyna hödürlendi. Bellenilişi ýaly, bu Maksatnama ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň halkara guramalary, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde alyp barýan işleriniň we döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary nazara alnyp taýýarlandy. Ony durmuşa geçirmegiň barşynda fiziki taýdan sagdyn, ruhy we bilim taýdan ösen ýaş nesilleriň milli we umumy adamzat gymmatlyklarynyň binýadynda terbiýelenmegi boýunça möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegine gönükdirilen çäreler toplumy amala aşyryldy.
Şeýle hem birnäçe degişli kadalaşdyryjy-hukuk resminamalaryň taslamalary boýunça pikir alyşmalar boldy. Şunda häzirki döwürde ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen umumy dünýä ösüşiniň, şol sanda ynsanperwer häsiýetindäki möhüm meseleleriň çözgüdine hil taýdan täze çemeleşmeleri öňe sürýär.
Milli Liderimiziň parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak, pugtalandyrmak, halkara hyzmatdaşlygynda ýokary ynsanperwer ýörelgeleriň we gymmatlyklaryň tejribesini berkitmek boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, ynsanperwer we hukuk babatynda halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa BMG hem-de onuň düzümleýin bölümleri bilen ýola goýulýan netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň möhümdigi bellenildi.
Pudagara toparynyň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder