Türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň arasynda gepleşikler geçirildi.
Ýokary derejedäki bu ikitaraplaýyn duşuşyk däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açyp, iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge we giňeltmäge ymtylýandygyny tassyklady. Şol hyzmatdaşlygyň kuwwatyny amala aşyrmak umumy bähbitlere laýyk gelýär.
Irden belent mertebeli myhmanyň ulag kerweni paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk meýdançasyna geldi. Bu ýerde Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Tanini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady.
Iki ýurduň Liderleri ýörite bellenilen ýere geçýärler. Bu ýerde, meýdançada belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.
Hormat garawuly rotasynyň serkerdesi dabaraly ýagdaýda hasabat berýär. Katar Döwletiniň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Iki ýurduň Liderleri Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Kataryň Emiri ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen hem tanyşýar. Öz nobatynda, belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Katar Döwletiniň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.
Dabara tamamlanandan soň, Hormat garawulynyň esgerleri Garaşsyzlyk meýdançasy boýunça dabaraly ýöriş bilen geçýärler.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti we Katar Döwletiniň Emiri Hormat garawulynyň atlylarynyň ugratmagynda awtomobilde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumyna bardylar.
Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi taýdan surata düşmek dabarasyndan soň, türkmen Lideri Kataryň Emirini “Altyn zala” çagyrýar, bu ýerde ýokary derejede ikiçäk gepleşikler geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Katar Döwletiniň Emirine Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz şu ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 20 ýyl dolýandygyny belläp, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýän türkmen-katar gatnaşyklarynyň dostlukly, doganlyk häsiýetini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hem-de Kataryň ählumumy parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmek babatda halkara durmuşynyň möhüm meselelerine garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini nygtap, iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ýola goýlan netijeli gatnaşyklary dowam etmek barada pikirini beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyz türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerine ünsi jemlemek bilen, ýurtlaryň ikisiniň hem nebitgaz serişdeleriniň baý gorlaryna eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şu günki gepleşiklerde täze ugurlar, şol sanda nebitgaz, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa senagatynda, ulag we aragatnaşyk ulgamynda, beýleki ugurlarda gatnaşyklary ýola goýmak mümkinçiligine seredilse, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň işiniň ähmiýeti barada aýdyp, onuň geçirýän işleri netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ençeme ugurlary boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekiljekdigini belledi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym hem-de bilim, medeniýet we sungat, sport hem-de syýahatçylyk ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin oňat mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz sport ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň üstünde durup geçip, Türkmenistanda Katar Döwletiniň Doha şäherinde 2006-njy ýylda geçirilen XV Aziýa oýunlaryny guramakda gazanan üstünliklerine hem-de Kataryň 2022-nji ýylda futbol boýunça dünýä çempionatyny geçirmek üçin saýlanyp alynmagyna tüýs ýürekden guwanýandyklaryny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistan üçin möhümdigini hem-de 2017-nji ýylda Aşgabadyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny kabul etmegini nazara almak bilen, ýurdumyzyň degişli ugurda tejribe alyşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Milli Liderimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Kataryň Emiriniň ýurdumyza saparyna taryhy waka hökmünde möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz şu gün geçiriljek gepleşikleriň däbe öwrülen türkmen-katar hyzmatdaşlygyny has-da berkitmäge we ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirip, belent mertebeli myhmana jogapkärli işinde uly üstünlikleri, Katar Döwletiniň halkyna bolsa abadançylyk, parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Kataryň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Tani ýurdumyza resmi sapar bilen gelmäge çagyrandygy hem-de mähirli kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanda we onuň ajaýyp paýtagty Aşgabatda bolýandygyna şatdygyny aýtdy. Şunda belent mertebeli myhman şu günki gepleşikleriň netijeli boljakdygyna hem-de türkmen-katar gatnaşyklaryny has-da berkitmäge, hil taýdan täze sepgitlere çykarmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Katar Döwletiniň Emiri döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp, taraplaryň sebitde we dünýäde howpsuzlygy hem-de rowaçlygy üpjün etmek ýaly halkara syýasatynyň möhüm meselelerine garaýyşlarynyň gabat gelýändigini aýtdy.
Belent mertebeli myhman Özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda iki ýurduň baý energetika kuwwatyny nazara almak bilen ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň pikirini goldap, bu ugurda Kataryň türkmen hyzmatdaşlary bilen özara gatnaşyklara taýýardygyny tassyklady.
Kataryň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Tani Katar Döwletinde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem sport ulgamyna örän uly ünsüň berilýändigini belläp, katar tarapynyň iri halkara sport ýaryşlaryny guramakda we geçirmekde toplan tejribesini ýurdumyz bilen paýlaşmaga taýýardygyny aýtdy. Munuň özi degişli ugurda netijeli döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin oňat mümkinçilikleri döredýär.
Belent mertebeli myhman mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Türkmenistana gelip görendigine we onuň ajaýyp paýtagty bilen ýakyndan tanşandygyna şatdygyny aýtdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatyna degişli käbir möhüm meseleler boýunça-da pikir alyşdylar.
Soňra gepleşikler “Soltan Sanjar” zalynda giňişleýin düzümde—iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emirini, hem-de Katar wekiliýetiniň agzalaryny türkmen topragynda ýene bir gezek mähirli mübärekläp, belent mertebeli myhmana Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda bu günki ýokary derejedäki duşuşygymyza Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň özara däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki taryhynda ýetilen möhüm sepgit hökmünde garalýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baştutany ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda hil taýdan has ýokary derejä göterilýän täze tapgyryň başlanýandygy barada aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti ikiçäk gepleşikleriň netijeli bolandygyny kanagatlanmak bilen belläp, olaryň barşynda taraplaryň özara düşünişmek we birek-birege hormat goýmak ýörelgesine eýerýän türkmen-katar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada giňden pikir alşylandygyny, Türkmenistanyň we Kataryň möhüm halkara meseleleri boýunça, aýratyn-da, parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde tagallalary birleşdirmek baradaky garaýyşlarynyň ýakyndygyny aýtdy. Milli Liderimiz bu ugurdaky oňyn özara hereketleriň ählumumy ykrar edilen ýörelgelere we milli bähbitlerimize doly gabat gelýändigini belledi. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna we alyp barýan daşary syýasatyna hormat goýýandygy hem-de goldaw berýändigi üçin, Katar Döwletine we onuň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýakyn geljekde iş ýüzünde öz beýanyny tapjakdygyna berk ynam bildirdi.
Soňra milli Liderimiz 2016-njy ýylyň noýabr aýynda Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygynyň belleniljekdigi barada durup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu şanly sene mynasybetli geçiriljek dabaraly çäreler hem türkmen-katar gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypalary açar.
Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk syýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly ýokary derejeli halkara maslahaty hem-de baýramçylyk dabaralary geçirildi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bu çärelere giň halkara wekilçiliginiň gatnaşmagy bitaraplygyň dünýä syýasatynda möhüm gurala öwrülendigine we onuň ähmiýetiniň barha artýandygyna aýdyň şaýatlyk etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, halkara maslahatyna gatnaşmaga ýokary derejeli wekiliýeti iberenligi üçin, Kataryň Emirine tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň häzirki döwürde durnukly ösýändigini belledi. Biziň ýurtlarymyzyň hökümet wekiliýetleriniň özara amala aşyrýan saparlary we iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilýän geňeşmeler muňa şaýatlyk edýär.
Özara gatnaşyklaryň barha ösýändigini 2014-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň açylmagy hem tassyklaýar. Öz gezeginde, Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi hem bellenildi. Elbetde, bu işler iki ýurduň syýasy taýdan ynanyşmagynyň nyşanydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn geljekde bu gatnaşyklaryň has-da ýokary derejä ýetiriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistan halkara derejesinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerine laýyk gelýän bilelikdäki işlere uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baştutany Katar Döwletiniň Emirine Bitarap döwletimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Hususan-da, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda öňe sürýän möhüm tekliplerini, aýratyn-da, energiýa howpsuzlygy we ulag babatda halkara hyzmatdaşlygy baradaky ýörite kararnamalaryny Kataryň goldaýandygy aýratyn ähmiýete eýedir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Türkmenistanyň Katar Döwleti bilen halkara guramalarynda yzygiderli gatnaşyklary ösdürýändigini belledi. Biziň döwletlerimiz Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyz Katar Döwleti bilen uzak möhlete gönükdirilen, deňhukukly we özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary giňden ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn gatnaşyklarda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparyny möhüm gural hökmünde has netijeli ulanmagyň zerurdygy hakynda aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu toparyň mejlisleriniň netijeleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açmaga ýardam berjekdigini belledi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Katar Döwleti dünýäde energiýa gorlaryna, hususan-da, tebigy gaza örän baý döwletlerdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki döwletiň gaz senagatyny ösdürmegiň uly geljeginiň bardygyna ynam bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz türkmen-katar ykdysady gatnaşyklarynda Türkmenistanyň dokma senagaty pudagynyň önümlerini ýerlemekde hyzmatdaşlygy ýola goýmagy ýene bir ähmiýetli ugur hökmünde görkezdi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň dokma senagatynda çig maldan başlap, halkara ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli harytlary çykarmak boýunça birnäçe häzirki zaman kärhanalary iş alyp barýar. Dokma harytlary dünýä bazaryna üstünlikli eksport edilýär.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň we Kataryň köpugurly senagat-tehnologik pudaklary ösdürmäge aýratyn üns berýändiklerini belläp, bu ugurda hem hyzmadaşlygyň täze görnüşlerini ýola goýup boljakdygy barada aýtdy.
Iki ýurduň gatnaşyklarynda ulag pudagynyň hem uly geljegi bar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de halkara ulag-aragatnaşyk geçelgeleriniň ýurtlarymyz üçin strategik ähmiýeti örän möhümdir diýip belledi.
Milli Liderimiz medeni-ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklar baradaky gürrüňe geçmek bilen, şu ýylyň Türkmenistanda «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilendigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz taryhy hem-de medeni mirasyň gymmatlyklaryny häzirki ýaşlara we geljekki nesillere doly hem-de abat derejede ýetirmegiň möhümdigi barada aýdyp, medeni gatnaşyklaryň türkmen halkynyň dünýä halklary bilen özara ýakynlaşmagynda ähmiýetiniň uludygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baştutany Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmek, ylym-bilim, sungat we döredijilik ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de ösdürmek babatda pikirini beýan etdi.
Milli Liderimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda sport ulgamyny görkezip, Türkmenistanda hem-de Katarda sporta we sagdyn durmuş ýörelgesine döwlet derejesinde aýratyn möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň türgenleriniň Türkmenistanda we Katarda geçirilýän ýaryşlara gatnaşmagyny goldaýandygyny, iri halkara sport çärelerini guramakda ýurtlarymyzyň degişli edaralarynyň tejribe alyşmagynyň, türgenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlyk etmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz sözüniň ahyrynda Kataryň Emirine hem-de dostlukly ýurduň resmi wekiliýetiniň agzalaryna ýüzlenip, türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de giňeljekdigine we pugtalanjakdygyna berk ynam bildirdi hem-de doganlyk katar halkyna tüýs ýürekden parahatçylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdi.
Katar Döwletiniň Emirine söz berilýär.
Belent mertebeli myhman mähirli kabul edilendigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyza resmi sapar bilen gelmäge hem-de türkmen Lideri bilen duşuşmaga mümkinçiligiň döredilendigine şatdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Kataryň Emiri şu günki ýokary derejedäki gepleşikleriň iki döwletiň we halklaryň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.
Şeýle hem Katar Döwletiniň Emiri 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Belent mertebeli myhman ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklar barada aýtmak bilen, bütindünýä, halkara, sebitara meselelerini parahatçylykly ýollar bilen çözmek babatda iki ýurduň nukdaýnazarlarynyň gabat gelýändigini belledi.
Kataryň Emiri şu saparyň hem-de Aşgabatda geçirilýän ýokary derejedäki duşuşygyň netijeli türkmen-katar hyzmatdaşlygyny has-da berkitmäge we ösdürmäge, şol sanda ykdysady ulgamda giňeltmäge kuwwatly itergi berjekdigine, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygyny artdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şunda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan döredijilikli syýasaty netijesinde türkmen döwletiniň durmuşynyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanyldy.
Belent mertebeli myhman birnäçe ýyl mundan ozal Türkmenistan bilen Kataryň arasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň döredilendigini belläp, onuň amala aşyrjak işleriniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de ähli degişli meseleleri netijeli çözmäge, şol sanda senagat we ulag ýaly ugurlarda özara gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Kataryň Emiri iki döwletiň arasynda howa gatnawlaryny ýola goýmakda yzygiderli işleriň geçiriljekdigini belledi.
Belent mertebeli myhman Kataryň ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berýändigini belläp, katarly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen özara peýdaly tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Kataryň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Tani pursatdan peýdalanyp, 2022-nji ýylda Katarda Bütindünýä futbol ýaryşynyň geçirilmegini goldandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa aýratyn hoşallyk bildirdi.
Belent mertebeli myhman sözüniň ahyrynda katar-türkmen gatnaşyklarynyň täze mazmun bilen baýlaşyp, geljekde hem berkidiljekdigine we üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bilen bildirdi.
Giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikler tamamlanandan soň, “Seljuk han” zalynda iki ýurduň Liderleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Maliýe ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen Katar Döwletiniň Maliýe ministrliginiň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama;
Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti bilen Katar Döwletiniň Olimpiýa komitetiniň arasynda sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek barada Ähtnama;
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek barada Ähtnama;
Ulag babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama;
Syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama;
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek barada Ähtnama;
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga;
Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy bilen Katar Döwletiniň Raýat Awiasiýasy Müdirliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Howa gatnawy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekilýär.
Kataryň Emiriniň Türkmenistana resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.
Soňra iki ýurduň Liderleri “Magtymguly” zalyna bardylar, bu ýerde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti ýokary derejedäki duşuşygyň jemlerini teswirlemek bilen, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al-Tanä ýurdumyza resmi sapar bilen gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi, şeýle hem açyklyk we dostlukly ýagdaýda geçen gepleşikler üçin hoşallyk bildirdi.
Milli Liderimiz şu günki ýokary derejede geçen duşuşygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýylýazgysynda taryhy ähmiýetli waka öwrülendigini belläp, Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň iki doganlyk halkyň şu günki we geljekki gatnaşyklaryna giň ýol açjakdygyna berk ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiriniň resmi saparynyň netijelerine ýokary baha bermek bilen, ýokary derejedäki türkmen-katar duşuşygynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da ösmegine we aýratyn many-mazmuna eýe bolmagyna esas boljakdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, gepleşikleriň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz döwletimiziň dünýä derejesinde hem-de halkara guramalarynyň çäklerinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça uly işleri alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emirine Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny we alyp barýan daşary syýasatyny elmydama goldaýandygy, şeýle hem Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryna goldaw berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi dünýä ulgamynda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek, özara goldaw we hemaýat bermek üçin uly esas bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Baştutany belledi.
Şeýle hem milli Liderimiz 2016-njy ýylda Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygynyň bellenilýändigine ünsi çekdi. Bu şanly sene ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary has-da giňeltmäge ruhlandyrýar.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda uly mümkinçilikler bar. Şoňa görä-de, döwletlerimiziň arasynda özara bähbitli iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleriň döreýändigini bellemek has hem ýakymlydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Türkmenistanyň Baştutany köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, duşuşygyň dowamynda taraplaryň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, dürli ugurlarda bilelikde alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek barada pikir alşandygyny we degişli ylalaşyklary gazanandygyny aýtdy. Gepleşikleriň netijesinde, birnäçe resminamalara gol çekildi. Olar türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň şertnama-hukuk binýadyny has-da berkitmäge uly itergi berer. Şeýle hem iki döwletiň gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösmegine ýardam eder.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň ýollary we özara maýa goýumlar üçin zerur şertleri döretmek barada giňden pikir alşylandygyny habar berdi. Munuň üçin bar bolan mümkinçilikleri nazara almak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň ähmiýetli ornuny belledi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar bu topary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin yzygiderli we has netijeli ulanmak barada ylalaşdylar.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Kataryň arasynda medeniýet, ylym we bilim ugurlaryndaky gatnaşyklaryň hem geljeginiň uludygyny belläp, bu gatnaşyklaryň gadymdan gelýän milli däp-dessurlarymyza esaslanýandygyny, halklarymyzyň ruhy-medeni taýdan özara ýakynlaşmagyna we baýlaşmagyna hyzmat edýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti geçirilen gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň medeniýet hem-de sungat, ylym we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek barada ylalaşygyň gazanylandygyny aýtdy.
Sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyk iki ýurduň gatnaşyklarynyň ýene bir ileri tutulýan ugry bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek üçin biziň ýurtlarymyzyň uly mümkinçilikleri bar. Türkmenistanda hem-de Katarda sporta we sagdyn durmuş ýörelgelerine döwlet derejesinde aýratyn möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, taraplar iki ýurduň türgenleriniň Türkmenistanda we Katarda geçirilýän ýaryşlara gatnaşmagy barada ylalaşyga geldiler. Iri halkara sport çärelerini guramakda tejribe alyşmak hem-de türgenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça hem ylalaşyk gazanyldy diýip, milli Liderimiz belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti sözüniň ahyrynda çakylygy kabul edip, ýurdumyza resmi sapar bilen gelendigi hem-de netijeli gepleşikleriň geçirilendigi üçin belent mertebeli myhmana ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi, doganlyk Kataryň halkyna bolsa, parahatçylyk we abadançylyk, mundan beýläk-de öňe gitmegi we gülläp ösmegi arzuw etdi.
Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Tani öz nobatynda, ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini teswirlemek bilen, Türkmenistanyň Prezidentine mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin öz ýurdunyň wekiliýetiniň adyndan we öz adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Belent mertebeli myhman gepleşikleriň üstünlikli geçendigini we netijeli häsiýete eýe bolandygyny belläp, şu saparynyň netijeleri boýunça dürli ugurlarda özara bähbitli türkmen-katar hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge ýardam etjek resminamalaryň birnäçesine gol çekilendigini aýtdy.
Kataryň Emiriniň belleýşi ýaly, döwletleriň ikisi öz gatnaşyklaryny birek-birege goldaw bermek esasynda gurýarlar. Şeýle hem belent mertebeli myhman taraplaryň daşary işler ministrleriniň ýolbaşçylyk edýän Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň işini işjeňleşdirmek barada ylalaşyga gelendigini aýtdy. Şunda onuň işiniň geljekde hem netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge we diwersifitkasiýalaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.
Kataryň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň nygtaýşy ýaly, onuň ýurdunda nebitgaz pudagynda uglewodorod serişdeleriniň baý goruna eýe bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly üns berilýär. Söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bir hatarda, ynsanperwer ulgamda gatnaşyklar, şol sanda bilim, ylym, medeniýet, sport ulgamynda gatnaşyklar berkidilýär.
Kataryň Emiri 2017-nji ýylda Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler diýip, biziň ýurdumyzyň bu Aziýa oýunlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirjekdigine ynam bildirdi. Şunda belent mertebeli myhman Kataryň öz tarapyndan iri halkara ýaryşlaryny guramak meselelerinde türkmen hyzmatdaşlary bilen tejribesini paýlaşmaga hem-de şol işlerde giňden ýardam etmäge taýýardygyna ynandyrdy.
Kataryň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Tani Katarda sagdyn durmuş ýörelgesine uly ünsüň berilýändigini aýdyp, Türkmenistanda Bütindünýä Saglyk gününe gabatlap, adamlaryň we çagalaryň gatnaşmagynda dürli sport çäreleriniň geçirilmegi babatda özünde dörän täsirleri beýan etdi.
Kataryň Emiri sözüniň ahyrynda şu günki geçirilen gepleşikleriň möhümdigini ýene bir gezek nygtap, ýokary derejedäki duşuşygyň dostlukly döwletara gatnaşyklaryny has-da berkitmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Soňra iki döwletiň Baştutanlary Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna ugradylar.
Ýol ugrunda hormatly Prezidentimiz hem-de Kataryň Emiri paýtuna münüp, töweregiň gözel görküni synlap gitdiler. Dag eteginiň arassa, tämiz howasyndan dem almagyň, hökümini ýaňy ýöredip başlan bahar paslynyň tebigy gözelligini synlamagyň täsirini hiç bir zat bilen deňeşdirer ýaly däl.
Ýaşyl dona bürenen dag etekleri, guşlaryň jürkülleşýän hoş owazlary, kükregiňi arassa howadan dolduryp, dem almagyň howalasy kalbyňda iň päk, arassa duýgulary oýarýar.
Ahalteke atçylyk toplumynda belent mertebeli myhmana ýurdumyzda ady rowaýata öwrülen bedewlere - türkmen halkynyň milli gymmatlygyna we buýsanjyna uly söýgi we alada bilen garalýandygyna göz ýetirmäge, olaryň gözelliginden lezzet almaga mümkinçilik döredildi.
Iki ýurduň Liderleri bilelikde türkmen bedewleriniň gözelligini synladylar.
Gyzdan gylykly, seýkin basyşly gamyşgulak bedewlerimiz biri-biriniň yzyndan syn ediş meýdançasyna çykdylar.
Soňra bu ýerde “Galkynyş” milli at üstündäki toparynyň çykyşy ýaýbaňlandyryldy. Onuň agzalary iki döwletiň Baştutanlaryna ganatly bedewleriň ajaýyplygyny we ýyndamlygyny, şeýle hem at üstündäki çylşyrymly oýunlary görkezdiler.
Ýeri gelende aýtsak, “Galkynyş” milli at üstündäki topary hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýäde iň iri halkara gözden geçirilişleriniň, festiwallaryň abraýly baýrak eýeleri boldular. Olar bassyr üç ýola Gran-pri halkara abraýly baýraga mynasyp bolup, daşary ýurtlarda uly meşhurlyga eýe boldular. Munuň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde meşhur türkmen bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratynyň has-da artandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Türkmen atlylar toparynyň haýran galdyryjy çylşyrymly tilsimli oýunlary, ahalteke atlarynyň gözelligi, bedewleriň bezeliş aýratynlyklary, şeýle hem türkmen jigitleriniň milli lybaslary myhmanda uly täsir galdyrdy.
Kataryň Emiri bu tomaşalary uly gyzyklanma bilen synlap, türkmen jigitleriniň çykyşlaryna ýokary baha berdi.
Soňra milli Liderimiz türkmen halkynyň adyndan Katar halkyna Meledag atly bedewi sowgat berdi. Munuň özi iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň nyşany bolup durýar.
Kataryň Emirine Ahalteke atçylyk toplumy bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Bu ýerde “behişdi bedewleri” saklamak, köpeltmek we sport bäsleşiklerine taýýarlamak, seýisleriň we ussat çapyksuwarlaryň täze nesillerini ýetişdirmek, atçylyk sport ýaryşlaryny geçirmek üçin amatly şertler döredildi.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “behişdi bedewleriň” hakyky muşdagy, at çapmagyň ussady we atçylyk sportuny giňden wagyz ediji bolup durýar. Milli Liderimiziň giň gerimli geçirýän işleri netijesinde ýurdumyzda atçylygyň gadymy däplerini aýawly saklamak we dowam etmek, täze taryhy döwürde bu sungaty ösdürmek boýunça maksada gönükdirilen çäreler görülýär, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak boýunça seçgi-tohumçylyk işleri geçirilýär.
2010-njy ýylda milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy ahalteke bedewleriniň dünýä dolan şöhratyny artdyrmaga, olaryň özboluşlylygyna we dünýä medeniýetiniň täsin hadysasy hökmünde ählumumy ünsi jemlemäge ýardam edýär. Onuň işiniň netijeleri, meýilnamalary, mümkinçilikleri hem-de degişli ugurda hyzmatdaşlygyň anyk meselelerine Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň çäklerinde her ýyl paýtagtymyzda geçirilýän Assosiasiýanyň mejlislerinde garalýar. Daşary ýurtly myhmanlaryň, şol sanda dünýäniň dürli künjeklerinden tanymal hünärmenleriň we atşynaslaryň baýramçylyk çärelerine we dabaralaryna gatnaşmagy – dünýä ýüzünde ahalteke bedewlerine uly gyzyklanma bildirilmeginiň aýdyň subutnamasydyr. Olar asyllylygyň we syratlylygyň ykrar edilen nusgasy bolup durýar.
Katar Döwletiniň Emiri türkmen halkynyň we umumydünýä siwilizasiýasynyň baýlygy hasaplanýan ahalteke bedewleriniň gözelligine we syratlylygyna, şeýle hem şöhratly ata-babalarymyzyň däplerini mynasyp dowam edýän ýaş çapyksuwarlaryň ussatlygyna haýran galandygyny beýan etdi.
Şeýle hem şu gün belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna bardy. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň bu mukaddes nyşanyna hormat goýmak bilen, emele gelen asylly däbe görä, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Tani bu ýerde ýerleşen Hormatly myhmanlaryň bagynda iki ýurduň we halkyň arasyndaky dostlugyň nyşany hökmünde agaç nahalyny oturtdy.
Soňra belent mertebeli myhman paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjigine baryp gördi. Bu ýerde oňa iri döwrebap sport toplumy bilen tanyşmaga mümkinçilik döredilip, Olimpiýa şäherjiginiň taslamasy görkezildi. Kataryň Emiri şäherjigiň çäginde gurlan we gurulýan düzüm desgalaryna, şeýle hem 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk işleriniň gerimine we depginlerine haýran galýandygyny aýtdy.
Bu ýerde, “Olimp” myhmanhanasynyň eýwanynda Türkmenistanyň Dokma senagatynyň önümleriniň sergisi guraldy. Dostlukly döwletiň baştutany onuň ekspozisiýasy bilen tanyşdy. Sergi milli dokma senagatynyň kärhanalary tarapyndan çykarylýan hem-de dünýäniň dürli ýurtlaryna iberilýän önümleriň dürli görnüşleri we ýokary hili bilen tanyşdyrýar. Şeýle hem serginiň çäklerinde çagalaryň dürli görnüşli täze biçüwdäki egin-eşikleriniň görkezilişi guraldy.
Agşam Katar Döwletiniň Emiriniň hormatyna Türkmenistanyň Prezidenti resmi agşamlyk naharyny berdi. Onda iki ýurduň Baştutanlary söz sözlediler.
Dabaraly kabul edişlik tamamlanandan soň, iki döwlet Baştutanlary mähirli hoşlaşyp, Türkmenistanyň we Kataryň dostlukly gatnaşyklara we netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Soňra Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Tani paýtagtymyzyň Halkara howa menziline bardy we Aşgabat şäherinden ugrady.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder