2016-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri öz diplomatik wezipesini tamamlaýan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi j-p Ralf Andreas Brett bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda Ilçi soňky ýyllarda Ilçihananyň işine berilen ýardam we goldaw üçin türkmen tarapyna çyn ýürekden minnetdarlygyny bildirdi.
Syýasy gurşawdaky ýokary gazananalary belläp, taraplar ýokary derejedäki saparlaryň wajyp ähmiýetine ünsi çekdiler. Taraplaryň halkara guramalaryň çarçuwasyndaky özaragatnaşyklary berkitmäge ygrarlylygy bellenildi. Şeýle hem, türkmen-german gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini we iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ösüşini bellediler.
Medeni-gumanitar çygyrdaky gazananlary belläp, taraplar bu ugurdaky gatnaşyklary ösdürmegi dowam etmäge ylalaşdylar. Şunlukda bilelikdäki çäreleriň geçirmegiň, şeýle hem bilim ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy Türkmenistan bilen GFR-ň arasyndaky gatnaşyklaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine ähmiýetli goşandy üçin j-p Ilçä minnetdarlygyny bildirdi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder