2017-nji ýylyň fewral aýynyň 7-ne Çerkas oblastynyň Uman şäherinde Pawel Tyçina adyndaky Uman döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň bazasynda Türkmen-Ukrain bilim-medeni merkeziniň açylyşy dabaraly ýagdaýda geçirildi. Bu medeni-bilim merkezi aýratyn auditoriýada ýerleşip, talyplaryň hem-de mugallymlaryň ýygnaklaryny, leksiýalaryny, seminarlaryny, maslahatlaryny geçirmek üçin doly üpjün edilen otag bolup çykyş edýär. Merkezde milli medeni eksponatlar we Türkmenistan hakyndaky köp sanly edebiýatlar ýerleşdirilendir.
Merkeziň dabaraly açylyşynda uniwersitetiň rektory A.Bezlýudnyý çykyş edip, ol öz çykyşynda Türkmenistandan gelen talyplara okuwlarynda üstünlik, türkmen halkyna hem-de türkmen topragyna bolsa abadançylyk, gülläp ösmegi arzuw etdi. Şeýle hem rektor jemgyýetde türkmen medeniýetini tanatmakda türkmen talyplarynyň işjeňlik görkezýändigini belläp, olara ýaňy ýakynda geçiren türkmen medeniýet hepdeligi üçin köp sag bolsun aýtdy.
Türkmenistanyň Ilçisi uniwersitetiň ýolbaşçylaryna Ukrainada ýene bir türkmen medeni merkezini açmaklyga mümkinçilik döredendikleri üçin, türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň ösmekligine goşýan goşantlary üçin öz minnetdarlygyny bildirdi. Çykyşynyň dowamynda, Ilçi şu ýylyň dowamynda geçiriljek çäreler we dabaralar barada habar berdi. Gürrüň Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýylmagynyň 25 ýyllygy, Türkmenistanda geçiriljek baýramçylyklar, şeýle hem Türkmenistanyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna görýän taýýarlygy barada gitdi. Ilçi dabara gatnaşyjylary Aziada-2017-ä görülýän taýýarlygyň gidişi bilen tanyşdyryp, oýunlary geçirmek üçin niýetlenip gurlan täsin Olimpiýa şäherçesi barada gürrüň berdi.
Şol günüň özünde uniwersitetde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Gadamy batly bedew” atly kitabynyň ukrain dilinde terjimesiniň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder