2 Şubat 2017 Perşembe

Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň Arasyndaky Hyzmatdaşlygyň Meselelerine Garaldy

2017-nji yýlyň 2-nji fewralynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Halifa bin Ahmad al Suwaýdi bilen duşuşyk geçirdi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň öňde duran meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň wajyp sebäpleriň biri hökmünde iki döwletiň ýolbaşçylarynyň arasynda ýola goýlan açyk we dostlukly gatnaşyklaryna ünsi çekip, taraplar geçen ýylyň mart aýynda Katar Döwletiniň Emiri şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň Türkmenistana bolan resmi saparynyň netijeleriniň ähmiýetini bellediler. Ýokary döwlet derejedäki gatnaşyklary ösdürmegiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Katar Döwletine saparynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen we katar diplomatik gulluklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gidişiniň ýokary derejesini belläp, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň we Katar Döwletiniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçylary 2016-njy ýylda bolan iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň saparlarynyň ähmiýetini bellediler we şunuň bilen baglylykda bilelikdäki syýasy geňeşmeleriniň ähmiýeti barada aýtdylar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder