2 Şubat 2017 Perşembe

Türkmenistan BMG Bilen Hyzmatdaşlygy Berkitmek Meselelerini Ara Alyp Maslahatlaşdylar

2017-nji ýylyň 1-nji fewralynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Ýelena Panowa bilen duşuşyk geçirdi we Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Duşuşykda türkmen tarapy Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasyny özüniň strategiki hyzmatdaşy hökmünde kabul edýändigini we şunuň bilen baglylykda Milletler Bileleşigi bilen, BMG-niň ýöriteleşdirilen guramalary, edaralary, institutlary we agentlikleri bilen meseleleriň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygyny berkitjekdigini aýan etdi.
Şu çarçuwada özara gatnaşyklaynyň howpsuzlyk, ösüş, ynsanperwerlik ulgamy ýaly esasy ileri tutulýan ugurlary bellenilip geçildi.
Taraplar durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) milli derejede girizmek we ýerine ýetirmek meselesine aýratyn üns berdiler we Türkmenistnyň häzirki döwürde bu işi ulgamlaýyn esasda alyp barýandygyny we milli maksatnamalar hem-de durmuş-ykdysady we ynsanperwer ösüşiniň meýilnamalary düzülende durnukly ösüş maksatlarynyň esasy görkezijilerini şol ýerde ulanylýandygyny nygtalyp aýdyldy.
Taraplar ýurduň Hökümetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamy bilen aragatnaşyklaryny işjeňleşdirmek maksady bilen we BMG-niň durnukly ösüş maksatlaryny we beýleki strategiýalaryny durmuşa geçirmek üçin ýakyn wagtda birnäçe ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirmek barada ylalaşdylar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder