7 Şubat 2017 Salı

Iň Güýçli Türgenler, Şol Sanda Daşouguzly Pälwanlar Aziada-2017-de Ýurdumyza Wekilçilik Etmek Ugrunda Bäsleşýärler

Daşoguz şäherindäki 4-nji çagalar-ýetginjeklr sport mekdebiniň tälimçisi, tanymal halypa Şawkat Mätgurbanowyň pikirne görä, Jonibek Atajanow V Aziada gatnaşmaga dalaşgärleriň biridir. Göreşiň dürli ugurlaryna ussat bu ýaş pälwan sportda ýokary netijeler gazanýar. Ol geçen ýylyň ahyrynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde geçirilen jiu-jitsu boýunça Aziýa çempionatynda 85 kg agramda çykyş edip, bürünç medal eýeledi.
Mätgurbanowyň zehinli şägirtleriniň ýene biri sebit ýaryşlarynyň birnäçesiniň ýeňijisi, kikboksing boýunça geçen ýylky milli çempionatda kümüş baýraga mynasyp bolan Batyr Taňryberdiýewdir.
Sport ussady Şawkat Mätgurbanowyň we beýleki tejribeli tälimçileriň ýolbaşçylygynda ýaş pälwanlaryň ýüze golaýy başa-baş söweşlerde başarnygyny kämileşdirýärler, olaryň arasynda jiu-jitsu, sport we söweş sambosy boýunça sebit ýaryşlarynyň ýeňijileri bar. Olaryň ählisi sagdyn durmuş ýrelgesine eýeýýän, maksada okgunly, erjel, gujurly ýaşlar.
Daşoguzyň 4-nji ÇÝeSM-niň uçurymlarynyň köpüsi Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary. Rüstem Rozmetow jiu-jitsu boýunça Horwatiýada geçirilen dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy, Fahriddin Abdullaýew, Gudrat Rozymow dagy ýurdumyzyň birnäçe gezek çempiony boldylar, halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelediler. Bu türgenleriň ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda söweş sambosy boýunça ýurdumyzyň milli toparyna girmäge mumkinçilikleri uludyr.



Hiç yorum yok:

Yorum Gönder