2015-nji ýylyň 25-nji iýunynda Bern şäheriniň Federal köşgünde Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Haljanow Şweýsariýanyň Prezidenti O.A. hanym Simonetta Sommaruga ynanç hatlaryny gowşurdy.
Gowşuryş dabarasynyň dowamynda Şweýsariýanyň Prezidenti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň derejesi we Türkmenistanyň Ilçihanasynyň işi bilen öz hoşallygyny bidirdi we 2015-nji ýylyň 8-9-njy iýunynda Sýurihde geçirilen türkmen-şweýsar işewürler maslahatynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady. Ilçi A.Haljanow öz gezeginde, BMG-niň agza-ýurtlary tarapyndan ykrar edilen ýurduň bitarap statusyny göz öňünde tutmak bilen Türkmenistanyň daşary syýasatynyň öňdebaryjy ugurlary barada gysgaça maglumat berdi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder