Paýtagtymyzda Söwda-ykdysady, ylmy tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibine uzakmöhletleýin esasda guralýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri girizildi. Şunuň bilen baglylykda, düýn Aşgabatda ikitaraplaýyn iş duşuşyklarynyň geçirilendigini, olaryň barşynda anyk pudaklarda türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny bellemelidiris.
Nygtalyşy ýaly, Russiýa Federasiýasy bilen döwletara gatnaşyklarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän Türkmenistanyň we Tatarystanyň arasyndaky gatnaşyklar toplanan uly tejribä, şeýle hem taryhyň dowamynda emele gelen aragatnaşyklara, türkmen we tatar halklarynyň medeni hem-de ruhy umumylygyna esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. Soňky ýyllarda däp bolan dostlukly türkmen-tatar hyzmatdaşlygyna kuwwatly itergi berildi hem-de ol täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Türkmenistanyň we Tatarystan Respublikasynyň Baştutanlarynyň yzygiderli duşuşyklary, şeýle hem dürli derejedäki duşuşyklar bu hyzmatdaşlygyň has-da ilerledilmegine ýardam edýär.
Şunda özara gatnaşyklaryň köpugurly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna bolan saparynyň çäklerinde gol çekilen degişli hökümetara Ylalaşygy köp ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin esas boldy. Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň üsti türkmen-tatar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen beýleki möhüm resminamalaryň birnäçesi bilen ýetirildi. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň we Tatarystanyň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyk hem-de Balkanabat we Almetýewsk şäherleriniň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyk bar. Bu resminamalara Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň geçen ýylyň aprel aýynda ýurdumyza bolan resmi saparynyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekildi.
Mejlisiň barşynda söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň geljegi, däp bolan işewür gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ýerde Türkmenistanyň we Tatarystanyň esasy kompaniýalarynyň – “KamAZ” maşyngurluşyk kärhanasynyň, “Tatneft” we “Kazanskiý wertolýotnyý zawod” açyk paýdarlar jemgyýetleriniň we beýleki kärhanalarynyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygy mysal görkezmek bolar. Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýyldan bäri Aşgabatda “KamAZ-yň” söwda we okuw-hyzmat ediş merkezi hereket edýär. Bütin dünýäde meşhur bu zawodyň awtoulag tehnikasy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda netijeli işleýär. Bu tehnikalar ýurdumyzda özlerini iň gowy tarapdan görkezdi. Hyzmatdaşlygyň ýene-de bir geljegi uly ugry uçar gurluşygy bilen baglanyşyklydyr.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan, senagat ulgamyny diwersifikasiýaşdyrmaga, degişli düzümi düýpli döwrebaplaşdyrmaga, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de ylym bilen baglanyşykly önümçilikleri döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn ykdysady özgertmeleri nazara almak bilen, hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler açylýar. Bu babatda ähli ulgamlarda, şol sanda maşyngurluşyk, nebit çykarmak, nebiti gaýtadan işlemek we nebitgazhimiýa ulgamlarynda türkmen-tatar hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Gurluşyk we gurluşyk serişdeleri senagaty, energetika, ulag, dokma pudagy, azyk senagaty, oba hojalygy, işewürlik we telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Tatarystanyň bazarlarynda türkmen hem-de tatar önüm öndürijileriniň önümlerini mundan beýläk-de ilerletmek we olaryň görnüşlerini giňeltmek meselesi barada durlup geçildi.
Şeýle hem Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge hem-de bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çalyşýandygy tassyklanyldy.
Mejlise gatnaşyjylar gumanitar ulgamda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de höweslendirmegiň ähmiýetini nygtap, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýalarynyň arasynda ýokary hünär bilimi we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ugry boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň wajypdygyny bellediler. Saglygy goraýyş, lukmançylyk ylmy we tejribesi ulgamynda özara gatnaşyklaryň hem-de tejribe alyşmagyň geljegi uludygy nygtaldy.
Şunuň bilen birlikde, medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigi, iki doganlyk halkyň baý taryhy-medeni mirasyny wagyz etmekde oňyn netijeleriň gazanylýandygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda hem-de Tatarystan Respublikasynda guralýan halkara festiwallaryna we beýleki döredijilik forumyna gatnaşmagyň hasabyna däp bolan gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň we giňeltmegiň wajypdygy bellenildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günlerini we Tatarystanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini guramagyň mümkinçiliklerine garaldy. Şeýle medeni çäreleriň 2012-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde we 2014-nji ýylyň noýabr aýynda Kazan şäherinde geçirilendigini ýatlatmalydyrys. Bu giň möçberli çäreler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhyna aýdyň sahypalary ýazdy.
Medeniýet ulgamynda Türkmenistan we Tatarystan halkara guramalarynyň çäklerinde, şol sanda TÜRKSOÝ-yň çäklerinde hem işjeň gatnaşyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, TÜRKSOÝ-yň çözgüdi bilen şu ýyl Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň çuňňur manysynyň bardygyny bellemelidiris. 2014-nji ýylda bu hormatly wezipäni Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäheri ýerine ýetiripdi.
Mejlisiň gün tertibine şeýle hem sport ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri girizildi. Türkmenistanda we Tatarystanda bu ulgamy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. 2017-nji ýylda Aşgabatda halkara möçberindäki möhüm sport wakasynyň – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan iri sport forumlaryny guramakda we geçirmekde uly tejribe toplan Tatarystan Respublikasy bilen özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýär. Mälim bolşy ýaly, 2013-nji ýylda Tatarystanyň paýtagtynda Bütindünýä tomusky uniwersiada, geçen ýyl gylyçlaşmak boýunça dünýä çempionaty geçirildi, şu ýyl bolsa Kazan şäheri sportuň suw görnüşleri boýunça dünýä çempionatyny kabul edýär.
Türkmen-tatar iş toparynyň agzalary syýahatçylyk ulgamynda özara gatnaşyklar üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Türkmenistanyň we Tatarystanyň degişli düzümleriniň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmagyň wajypdygyny nygtadylar.
Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrmaga we degişli meseleleriň ählisi boýunça sazlaşykly çözgütleri tapmaga mümkinçilik berýän yzygiderli duşuşyklaryň we gepleşikleriň ähmiýetini nygtap, taraplaryň ähli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmäge taýýardygyny tassykladylar.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň wekiliýetiniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň adyna myhmansöýerlik hem-de bilelikde üstünlikli işlemek babatda döredilen ajaýyp şertler üçin hoşallyk sözleri aýdyldy.
Mejlisiň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi. Onda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek we ägirt uly kuwwata eýe bolan doly möçberli gatnaşyklaryň geljegi babatda türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder