Türkmen oba hojalyk institutynda ýaş hünärmenleriň ilkinji göýberilişine bagyşlanyp, dabaraly çäre geçirildi.
Ýokary okuw mekdebini tamamlaýan talyplaryň 179-nyň ählisi hem döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyryp, agroekologiýa, weterinariýa, gidromeliorasiýa, oba hojalygynyň mehanizasiýasy, oba hojalygynda buhgalter hasabaty we audit ýaly ýurduň OHT bölümleri üçin zerur bolan hünärmenler oz ugurlary boýunça özbaşdak durmuşa ýollanma aldylar. Ýaş hünärmenler ýokary okuw mekdebinde okan döwürlerinde berk teoretiki bilimleri almak bilen bir hatarda, öz hünär ugurlary boýunça gowy praktiki taýýarlygy geçdiler, oba hojalyk önümçiliginde giňden ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalary peýdalanmagyň usullaryny ele aldylar. Birnäçe fakultetleriň talyplary üçin meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň kärhanalaryna okuw-önümçilik saparlary guraldy, belli daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda ýörite okuw sapaklary guraldy.
Bu ýokary okuw mekdebinde ylmy-gözleg işlerini geçirmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Uçurymlaryň arasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikde geçiren bäsleşikleriniň ýeňijileri we halkara Internet-olimpiadasynyň, beýleki abraýly intellektual bäsleşikleriň baýrakly orunlaryna mynasyp bolanlar bar.
Okuwda tapawutlanan talyplar toparyna institutyň rektoratynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
2010-njy ýylda Daşoguz şäherinde açylan Türkmen oba hojalyk instituty OHT üçin ýokary hilli hünärmenleri taýýarlaýan merkez hökmünde hasap edilýär. Bu ýokary okuw mekdebinde döredilen halkara ülňülerine laýyk gelýän, okuw sapaklarynda häzirki zaman kompýuter we multimediýa enjamlary ulanylýan okuw-önümçilik binýady öz işiniň ussatlaryny taýýarlap ýetişdirmekde ygtybarly daýanç bolup durýar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder