1 Temmuz 2015 Çarşamba

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň möhüm meselelerine garaldy, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Mejlise welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary çagyryldy.
Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň gün tertibini yglan edip, Lebap welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde şu   gün ajaýyp baýramyň – ýurdumyzyň    Medeniýet we sungat işgärleriniň      gününiň giňden we dabaraly bellenýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlary we olaryň üsti bilen ähli türkmen halkyny hem-de ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ähli işgärlerini Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny we egsilmez bagt, medeniýet we sungat işgärlerine bolsa, täze döredijilik üstünliklerini arzuw etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa  söz berdi. Wise-premýer şu gün öz hünär baýramçylygyny belleýän döredijilik işgärleriniň adyndan milli medeniýetimizi ösdürmek, ony dünýä derejesine çykarmak, döredijilikli zähmet çekmek üçin ajaýyp şertleri döretmek boýunça geçirilýän giň gerimli işler üçin döwlet Baştutanymyza çäksiz hoşallyk sözlerini beýan etdi. 

Hasabatyň çäklerinde milli ruhy mirasymyzy aýawly saklamak, öwrenmek we dünýä ýaýmak, bu ugurda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geçirilýän işler bilen bagly  meseleler barada habar berildi.  Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna «Türkmenistanda Milli maddy däl medeni mirasy toplamagyň, hasaba almagyň, öwrenmegiň we gorap saklamagyň 2015–2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» kararyň taslamasyny hödürläp, bu resminamanyň toplumlaýyn häsiýete eýe bolup durýandygyny hem-de ony durmuşa geçirmekde dürli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, şäher we welaýat häkimlikleriniň gatnaşmagyny göz öňünde tutýandygyny aýtdy.    

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, iýul aýynda bellenilýän Galla baýramyna hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlap, sergileri, konsertleri, döredijilik duşuşyklaryny we beýleki medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Saglygy goraýyş ulgamynyň iri desgalarynyň açylmagy mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary guralar.  

Milli medeniýetimizi ösdürmegiň maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça döwletiň alyp barýan işleriniň ähmiýetini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu maksatlarda ýurdumyzda medeni maksatly taslamalaryň maliýeleşdirilmegine we medeniýet ulgamyna maýa goýumlarynyň gönükdirilmegine aýratyn möhüm ähmiýet berilýär diýip belledi. Biz milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň yzygiderli ösmegini üpjün etdik, türkmen medeniýeti many we mazmun taýdan barha baýlaşýar, Garaşsyz Watanymyzda örän täsirli medeni çäreler, şol sanda halkara derejesinde giň gerimli çäreler yzygiderli geçirilýär, olar baý türkmen medeniýetini, onuň köptaraply milli aýratynlyklaryny daşary ýurtlaryň halklarynyň ýakyndan tanyşmagy üçin geçirilýär diýip, milli Liderimiz belledi. 

Türkmenistanyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan taryhy-medeni mirasynyň dünýä möçberindäki ähmiýetini belläp, milli Liderimiz Gadymy Merw, Nusaý we Köneürgenç ýaly taryhy ýadygärliklerimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO-nyň) Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi diýip aýtdy. Mary şäheri 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýen hormatly ada mynasyp boldy, şu ýyl bolsa  türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

Häzirki döwürde biz ýurdumyzyň    medeniýet ulgamyny ösdürmäge, onuň maddy binýadyny yzygiderli berkitmäge aýratyn ähmiýet berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Bu ugurdaky işler diňe bir paýtagtymyzda däl-de, eýsem ähli welaýatlarda hem işjeň alnyp barylýar. Her ýyl geçirilýän Medeniýet hepdelikleri  munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Milli medeniýetimiziň ösdürilmegi, welaýatlarda köp sanly ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalaryň giň gerim bilen gurulmagy ilatymyzyň hal -ýagdaýyny gowulandyrmaga, oba bilen şäheriň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmaga hem ýardam edýär. Ýurdumyzda dürli medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegi, medeniýet we    sungat işgärleriniň ýerlere gidip, çykyş etmekleri ilatymyzyň döredijilik ukybyny artdyrmaga, halkymyzyň ruhy dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga giň mümkinçilikleri açýar. 

Biz baý medeni mirasymyzy goramak, milli medeniýetimizi ösdürmek ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerimizi geljekde hem dowam ederis diýip, hormatly Prezidentimiz 2016-njy ýylda Medeniýet hepdeligini Mary welaýatynda geçirmek baradaky karara, Şeýle hem  «Türkmenistanda Milli maddy däl medeni mirasy toplamagyň, hasaba almagyň, öwrenmegiň we gorap saklamagyň 2015–2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» karara gol çekdi we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-iň  alyp barýan işleri barada hasabat bermek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 2–3-nji iýulda ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň Gruziýa boljak saparyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi. 

Bellenilişi ýaly, ýokary derejede geçiriljek nobatdaky türkmen-gruzin duşuşygy däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklaryny has-da berkitmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädime öwrülip, deňhukukly, özara bähbitli we uzakmöhletleýin esasda guralýan hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini amala aşyrmaga ýardam eder. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,  Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatlary, şol sanda Gruziýa bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyr diýip belledi. Döwletara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika, käbir beýleki pudaklary, şeýle hem däbe öwrülen gumanitar-medeni ulgamy türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi hem-de Gruziýanyň Prezidentiniň geçen ýylyň dekabrynda ýurdumyza bolan resmi sapary şol gatnaşyklaryň taryhyna täze sahypany ýazdy diýip belledi. 

Milli bähbitlere, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm wezipelerine gabat gelýän netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gruziýa boljak saparyň ähmiýetini belledi we wise-premýere, DIM-iň ýolbaşçysyna sapara taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.    

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berildi. Ol ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek    boýunça Mejlisiň alyp barýan işleri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda milli ykdysadyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilen kanun taslamalarynyň üstünde işleri geçirmek dowam edýär. Döredilen iş toparlaryna ýurdumyzyň Esasy Kanunyny özgertmek boýunça gelip gowuşýan teklipleri seljermek işleri dowam edýär. 

Kanunçykaryjylyk ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşi barada aýtmak bilen, Mejlisiň başlygy parlamentara  gatnaşyklarynyň, halkara guramalarynyň, ozaly bilen, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanalary bilen bilelikde geçirilýän işleriň netijeli häsiýetini belledi.    

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli parlamentiň ýolbaşçysynyň ünsüni kanunçykaryjylyk işini döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle hem halkara hukugynyň umumylykda ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen alyp barmagyň zerurdygyna çekdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Mejlisiň deputatlarynyň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary we ilat bilen ýakyn aragatnaşykda bolmagy parlamentarileriň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Çünki ähli kanunlar ozaly bilen  adamlaryň bähbidine işläp, ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş derejesini gowulandyrmak, olaryň asuda we döredijilikli zähmet çekmegi üçin şertleri döretmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hakynda, şeýle hem 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklaryny, talyp we diňleýji haklaryny, pensiýalary we döylet kömek pullaryny 10 göterim ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat bilen çykyş etdi. Habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň maliýe-hojalyk işleriniň deslapky hasaplamalaryna seljermeler geçirildi. Öňde goýlan wezipäni üstünlikli çözmek maksady bilen, 2016-njy ýylyň Döwlet býujetine maliýe serişdeleriniň kesgitlenen möçberini goýmak göz öňünde tutuldy.

Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde hususy telekeçilere salgyt salmagyň ýeňillikli ulgamyny kämilleşdirmek hakynda kararyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,  Türkmenistanyň mazmuny “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygarda beýan edilen syýasy ýörelgäni yzygiderli aldyp barýandygyny belledi. Bu strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyz gülläp ösýän, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýän ykdysadyýeti kuwwatly ýurda öwrülýär. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň her ýylda ýokarlandyrylmagy bar bolan mümkinçilikleri ýurdumyzyň bähbitleriniň hem-de türkmenistanlylaryň abadan, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilýändiginiň tassyknamasy bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz hususy telekeçilere salgyt salmagyň ýeňillikli ulgamyny kämilleşdirmek meselelerine geçip, soňky ýyllarda zerur şertleri we amatly ýagdaýy döretmek, şeýle hem kiçi we orta işewürligi goldamak, ykdysadyýete ýurdumyzyň maýalaryny giňden çekmek üçin netijeli gurallary işläp taýýarlamak boýunça uly işleriň geçirilendigini belledi. Bu ugurda görülýän çäreler Döwlet býujetine goşmaça maliýe serişdeleriniň gelip gowuşmagynyň ýokarlanmagyna,  hödürlenýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmäge, şeýle hem täze iş orunlaryny döretmäge ýardam etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen resminama gol çekip, wise-premýere Kararyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişige gözegçiligi üpjün etmäge degişli birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, ýurdumyzda galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Orakdan boşan ýerlerde sürüm işleri geçirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragynyň barşyny berk gözegçilikde saklamagy talap etdi hem-de möwsümi gysga möhletde we ýitgisiz tamamlamagy tabşyrdy. Orakdan soň boşan ýerleri güýzlük däne ekişi üçin taýýarlamak, aralyk ekinleri ekmek işlerini geçirmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şol işler bilen bir hatarda gowaça ideg etmek we pagta ýygnamak möwsümine degişli derejede taýýarlyk görmegiň gerekdigini aýtdy. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, suw serişdelerini aýawly we netijeli peýdalanmak hem-de daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek işleri Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendir. Bu syýasat döwrebap suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň, öňdebaryjy ylmy gazanylanlaryň işjeň ornaşdyrylmagyny, maksada gönükdirilen tebigaty goramak işleriniň amala aşyrylmagyny ugur edinýär.   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek bilen, şu ýylyň 10-njy sentýabrynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Permanyň we Buýrugyň taslamasy hödürlendi. 

Şeýle hem “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň meýilnamasynyň amala aşyrylmagy hakynda habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we BMG-niň beýleki edaralarynyň gatnaşmagynda geçirilýän maslahatlar we duşuşyklar hakynda aýdyldy. 

Şanly sene mynasybetli geçirilýän dabaralaryň çäklerinde 19-23-nji iýulda çäreleriň birnäçesini geçirmek göz öňünde tutulýar. Olar hem 21-nji iýulda bellenilýän Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanar. Şunuň bilen baglylykda, 21-22-nji iýulda täze Maslahat köşgünde geçiriljek «Gazanan üstünliklerimizi berkitmek – sagdyn geljegimiziň esasydyr» atly halkara saglygy goraýyş maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berildi. Garaşylyşy ýaly, BSGG bilen bilelikde guraljak maslahata käbir abraýly halkara guramalarynyň we daşary döwletleriň wekilleri gatnaşar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna bu maslahaty geçirmek hakynda Kararyň taslamasy hödürlendi. 

Wise-premýer şeýle hem etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda 2015-nji ýylyň jemleri boýunça ähli görkezijiler esasynda iň ýokary netijeleri gazanmak ugrundaky bäsleşigi geçirmäge görülýän taýýarlyk hem-de degişli Buýrugyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Bu bäsleşikde ýeňiş gazanan etrap ýa-da şäher häkimligi ABŞ-nyň 1 million dollary möçberinde pul sylagy bilen sylaglanar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp we Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görmek barada meseläniň üstünde durup geçmek bilen, ony geçirmek bilen bagly bolan ähli meseleleri düýpli işlemegiň möhümdigini aýtdy. Bu maslahatyň gün tertibine ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ilkinji nobatdaky wezipeleri giriziler we möhüm çözgütler kabul ediler.  Döwlet Baştutanymyz “2015-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny çagyrmak hakynda” Permana we degişli Buýruga gol çekip, umumymilli maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. 

Milli Liderimiz “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygyna gabatlanan dabaralar barada durup geçmek bilen, raýatlaryň saglygyny, halkyň abadançylygyny goramak wezipesi hemişe döwletiň üns merkezinde bolar diýip belledi. Bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, degişli döwrebap düzümi döretmäge, ilata halkara ülňüleriniň derejesinde ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny etmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň toplumy amala aşyryldy. Döwlet Baştutanymyz Halkara saglygy goraýyş maslahatyny geçirmek hakynda Karara gol çekip, wise-premýere maslahatyň, şeýle hem şanly senä hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanan ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.      

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda 2015-nji ýylyň jemleri boýunça ähli görkezijiler esasynda iň ýokary netijeleri gazanmak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda meselä geçip, welaýatlaryň durmuş-ykdysady taýdan ösmegini höweslendirmek, halkymyzyň abadan we bagtly durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmelere ýokary depgini çaýmakda däbe öwrülen bu bäsleşigiň ähmiýetini belledi. Milli Liderimiz degişli Buýruga gol çekip, wise-premýere bu bäsleşigi degişli derejede guramak we geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň dürli ugurlarynda işleriň ýagdaýy hem-de ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerini has-da ösdürmek maksady bilen görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ägirt uly uglewodorod mümkinçiligini has doly durmuşa geçirmäge gönükdirilen Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň esasy ugurlaryna ünsi çekdi. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, ýangyç-energetika toplumynda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalaryny ýerine ýetirmäge degişli meseleleriň üstünde durup geçip, şunda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp düzmeleri işjeň peýdalanmaga, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli işewür gatnaşyklary ýola goýmaga uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Şu babatda, döwlet Baştutanymyz pudagyň eksport kuwwatyny artdyrmaga, uglewodorod çig malynyň alnyşynyň we gaýtadan işlenilişiniň möçberlerini köpeltmäge, köp görnüşli ýokary hilli nebithimiýa önümlerini öndürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri mundan beýläk-de durmuşa geçirmegiň zerurdygyny nygtap, wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, senagat pudagynyň önümçilik kuwwatyny mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler baradaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow çykyş etdi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlaryny öndürýän kärhanalary döretmegiň döwlet maksatnamasynyň taslamasyny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.  

Bu resminama elektron pudagynyň döredilmegini, taýýar harytlyk önümlerini öndürýän önümçilik kärhanalaryny diwersifikasiýa ýoly bilen üpjün etmegiň degişli ulgamynyň ösdürilmegini göz öňünde tutýar. Maksatnamada kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin innowasion, ýokary tehnologiýaly serişde we energiýa tygşytlaýjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylan elektron we elektrotehniki senagatynyň kärhananyň işini guramak döretmek we ösdürmek, şeýle hem bu ulgam üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýarymgeçiriji elementleri, Gün energiýasyny elektrik energiýasyna öwürýän elementleri, fotoelektrik enjamlary, elektron serişdeleri, awtomatikanyň elementlerini, yşyklandyryş enjamlaryny, şol sanda LED lampalaryny, elektrik energiýasynyň sarp edilişini hasaba alyjy elektron enjamlary, şeýle hem ilat üçin beýleki dürli elektrotehniki enjamlary öndürýän kiçi kärhanalary döretmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň tutuş halk hojalyk toplumyny has-da depginli ösdürmek üçin milli elektron senagatyny döretmegiň ähmiýetini belledi. Häzir ykdysadyýetiň hiç bir pudagyny elektron tehnikalaryny we ýokary tehnologiýalary peýdalanmazdan göz öňüne getirmek mümkin däl, olary satyn almaga we ornaşdyrmaga köp serişdeler sarp edilýän diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz täze pudagyň degişli mümkinçiligini döretmek wezipeleri üçin senagat pudagynyň hereket edýän gaýtadan işleýän we önümçilik kärhanalarynyň işlerini täzelemek meselelerine ünsi çekip, bu maksatlar üçin ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň mümkinçiliklerini çekmegiň wajypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz resminamanyň elektron tehnologiýalar pudagynda ýokary hünär derejeli degişli işgärleri taýýarlamak ýaly esasy tarapyny hem belläp, aýdan belliklerini nazara almak bilen, wise-premýere Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlaryny öndürýän kärhanalary döretmegiň döwlet Maksatnamasyny gutarnykly işlemegi tabşyrdy.  

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler baradaky, şeýle hem döwürleýin metbugatyň daşary ýurt neşirlerine abuna ýazylyşygyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler hakyndaky hasabat bilen çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, maglumatlar eýýamyna gadam goýan dünýä jemgyýetçiliginiň ösmegi bilen, ýurdumyzyň telearagatnaşyk ulgamyny düýpli kämilleşdirmek, şol sanda maglumat tehnologiýalaryny, elektron resminama dolanyşygyny,  Internet  ulgamyna giň elýeterliligi işjeň ornaşdyrmak zerur bolup durýar diýip belledi. Milli Liderimiz bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek maksadynda anyk çäreleri görmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny, bilim, lukmançylyk we beýleki ugurlaryny ösdürmekde daşary döwletleriň ylmy-tehniki gazananlaryny öwrenmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen ykdysadyýetine öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak maksady bilen, daşary ýurtlarda çap edilýän döwürleýin neşirlere 2015-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin abuna ýazylyşygy hakynda degişli Karara gol çekdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy 
Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň barşy barada, şeýle hem türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmak işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabat şäheriniň etraplarynda edilmeli işleriň maksatnamalarynyň ýaşaýyş-durmuş düzümlerini, ulag-aragatnaşyk we inženerçilik ulgamyny, aragatnaşyk we energetika ulgamyny, paýtagtymyzyň jemagat hojalygy ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilmelidigini belledi. Göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň zerurlygyna ünsi çekmek bilen, döwlet Baştutanymyz  wise-premýere  birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow 
gözegçilik edýän ulgamlarynda geçirilýän işler we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.  Wise-premýer şeýle hem Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynda kuwwatlylygy 400 MWt bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyna başlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda gazturbinaly elektrik stansiýalarynyň 4-si ulanmaga berildi, Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda we Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabynda  gazturbinaly elektrik stansiýalaryň gurluşygy batly depginler bilen dowam etdirilýär. 

Ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň kuwwatlyklarynyň ösüşini üpjün etmek boýunça geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada habar berildi. Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde elektroenergetika pudagynda öz ylmy we önümçilik işläp düzmelerini teklip etmäge, bu ulgamy döwrebaplaşdyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýar ýapon kompaniýasynyň teklipleriniň öwrenilendigi hakynda hasabat berdi.   

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň ösmegi, täze zawodlaryň gurulmagy, uly we kiçi ilatly nokatlaryň artmagy bilen elektrik energiýasyna bolan isleg yzygiderli ýokarlanýar diýip belledi. Türkmenistan diňe sazlaşykly ösýän ykdysadyýetiniň hajatlaryny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitde elektrik energiýasyny iberýän ýurtlaryň biri bolmak mümkinçiligine eýedir. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, bu pudakda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, önümçilik we durmuş ulgamlarynyň, ykdysady ösüşiň mäkäm binýady tutulýar. Döwletimiz geljekde hem bu pudagyň kuwwatyny artdyrmak we maddy enjamlaýyn binýadyny berkitmek meselelerine uly üns berer. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň gerimli meýilnamalaryny amala aşyrmakda bu pudaga möhüm orun degişlidir diýip, milli Liderimiz belledi.  

Hormatly Prezidentimiz ýokary we has ýokary kuwwatlyklarda işleýän täze döwrebap elektrik stansiýalarynyň ige girizilmegi bilen energiýa çeşmeleriniň, şeýle hem tutuş türkmen energiýa ulgamynyň has oňaýly iş düzgünini kesgitlemäge we ornaşdyrmaga mümkinçilik döredi diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz pudaklaýyn taslamalar amala aşyrylanda täze tehnologiýalaryň, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlaryň we serişdeleriň ulanylmagyna ünsi çekdi we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzyň “At almazdan öň, eýer al” diýen parasatly sözlerini mysal getirip, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine bu pudakda işlejek hünärmenleri taýýarlamak we özara tejribe alyşmak meselelerine wajyp ornuň degişlidigine ünsi çekip, wise-premýerler M.Artykowa hem-de S.Toýlyýewe anyk görkezmeleri berdi.  

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek bilen, Hytaý Halk    Respublikasynyň Pekin şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilhanasyny açmak bilen bagly geçirilýän işler hakynda habar berdi. Bellenilişi ýaly, bu işler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň maýynda Hytaýa bolan döwlet saparynyň barşynda beren tabşyryklaryna laýyklykda alnyp barylýar hem-de ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda ýakyn işewür gatnaşyklaryny ýola goýmaga gönükdirilendir.  

TSTB-niň wekilhanasy täjirçilik däl gurama hökmünde hereket eder. Onuň esasy maksady HHR-iň söwda-ykdysady kanunçylygyny, bu ýurtda hereket edýän degişli düzgün-kadalary  öwrenmekde, işewürlik babatda dürli maglumatlary we maslahatlary almakda türkmen telekeçilerine ýardam etmek bolup durýar. 

Häzirki wagtda ýurdumyzyň telekeçileriniň işleri Hytaýyň dürli sebitlerini, şol sanda Pekin, Şanhaý, Çingdao, Urumçi, Çinghaý welaýatyndaky Hançžou ýaly iri şäherleri gurşap alýar. Birleşmäniň wekilhanasynyň açylmagy olara  özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek bilen bagly meseleleri çözmäge mümkinçilik berer. 

Döwlet  Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň üstünlikli, sazlaşykly ösýändigini belledi. Netijeli gatnaşyklaryň günsaýyn artýan mümkinçiliklerini nazara almak bilen, her ýyl söwda dolanyşygyny ep-esli artdyrmaga, şol sanda iki ýurduň hususy telekeçilerini hyzmatdaşlyga çekmegiň, sebitleriň arasyndaky gatnaşyklary göni ýola goýmagyň hasabyna artdyrmak üçin uly mümkinçilikler bar. 

Häzir daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini giňeltmek we içerki bazary üpjün etmek baradaky wezipeleri çözmek bilen bir hatarda, türkmen işewürligi bäsdeşlige ukyply we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde daşary söwda gatnaşyklaryny ösdürip başlaýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler   birleşmesiniň daşary döwletdäki ilkinji wekilhanasynyň açylmagy ýurdumyzyň işewürleriniň derejesini ýokarlandyrmaga, öz işlerine iň gowy dünýä tejribesini çekmäge,  halkara işewür gatnaşyklarynyň görnüşlerini peýdalanmaga ýardam eder diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisine çagyrylan ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hasabatlaryny diňledi. Olar welaýatlarda işleriň ýagdaýy, oba hojalyk möwsümleriniň, şol sanda galla oragynyň barşy hakynda hasabat berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksadynda görülýän çäreler, şeýle hem welaýatlarda gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy we paýtagtymyzda alnyp barylýan işler, şol sanda, şäheri abadanlaşdyrmak, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça  geçirilýän işler barada habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp  ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösdürilmeginde welaýatlara we Aşgabat şäherine wajyp ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk önümçiligini artdyrmak, jogapkärli möwsümleri guramaçylykly geçirmek we obasenagat toplumynyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça möhüm wezipeleri çözülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Milli Liderimiz oba milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi sebitleriň senagat düzüminiň we durmuş ulgamynyň kämilleşdirilmegini şertlendirýändigini aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz möhüm durmuş taslamalaryny  amala aşyrmagyň depginlerini artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, oba ilatynyň mynasyp durmuşyny üpjün etmek, olaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak oba hojalyk özgertmeleriniň esasy maksatlarynyň biridir diýip belledi. Durmuş şertleri biziň ähli özgertmelerimiziň kuwwatly itergisi bolup çykyş edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz göçme mejlisiň barşynda Mary welaýatynyň etraplarynyň häkimlikleriniň guramaçylyk meselelerine degip geçmek bilen, B.Atamyradowy saglyk ýagdaýy sebäpli, Mary şäheriniň häkimi wezipesinden boşatmak, K.Amanmyradowy bolsa Mary şäheriniň häkimi wezipesine belläp, ony Baýramaly şäheriniň häkimi wezipesinden boşatmak, B.Atadurdyýewi Baýramaly şäheriniň häkimi wezipesine bellemek hakyndaky Permanlara gol çekdi. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin Ç.Täşliýewi Mary etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak we bu wezipä M.Daňatarowany bellemek hakyndaky Kararlara gol çekdi. 

Soňra milli Liderimiz Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işlere ünsi çekip, ýurdumyzyň baş şäherini hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy. Ýokary durmuş ülňülerini üpjün etmek maksadynda toplumlaýyn çäreler görülmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy Aşgabat şäheriniň häkiminden  talap etdi. 

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme  mejlisine çagyrylan ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary özleriniň gözegçilik edýän düzümlerinde  alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. 

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda giň möçberli harby özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde jemgyýetimizde agzybirligi pugtalandyrmak, rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzda durnuklylygy we asudalygy üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Çykyş edenler şeýle hem  mähriban Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarlylygyny we mizemezligini üpjün etmäge, milli goşunymyzy kämilleşdirmäge, onuň goranyş kuwwatyny artdyrmaga, ýokary hünärli harby gullukçylaryň taýýarlanmagyna we düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine gönükdirilen wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.  

Düzgün bozmalaryň öňüni almak, raýatlaryň kanuny hukuklaryny üpjün etmek, ýangyn howpsuzlygyny ýola goýmak döwrüň wajyp meseleleri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, durmuşyň ähli ulgamlarynda kanunçylygy berk berjaý etmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada aýdyldy. 

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegi babatda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň baş wezipesi bolup durýar. Şu nukdaýnazardan olar degişli düzümler bilen bilelikde alyp barýan  işleri, bu ulgamlara dünýäniň öňdebaryjy tejribesini hem-de umumy ykrar edilen halkara kadalaryny ornaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler hakynda habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegine jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini aýtdy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, öz Bitaraplyk derejesine üýtgewsiz ygrarly bolan Türkmenistan ýurdumyzyň parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň kepili bolup durýan goranyş ukyplylygyny has-da berkitmek hakynda alada eder. Öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmeginde bu düzümleriň sazlaşykly işiniň uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, milli Liderimiz döwletimiziň geljekde hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň, harby gullukçylaryň döwrebap gullugy hem-de ýaşaýyş-durmuşy üçin ähli amatlyklary döretjekdigini aýtdy. 

Mejlisde şeýle hem döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 




Hiç yorum yok:

Yorum Gönder