Fiziki taýdan mümkinçilikleri çäkli bolan zenanlary durmuş taýdan integrirlemegiň taslamasyny amala aşyrmagyň takmynan jemi jemlendi. Ol BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň ýardam bermeginde Türkmen körler we kerler jemgyýeti tarapyndan amala aşyrylýar. Ilkinji tapgyrda esasy üns zenanlaryň arasynda öňdebaryjylyk ukybyny ýokarlandyrmaga we olary eşidiş we görüş maýyplar jemgyýetiniň işine gatnaşdyrmak arkaly gyzyklanmalary boýunça öňe sürmäge berildi.
Taslama zenanlaryň elli bäş sanysy gatnaşýar. Çäreler meýilnamasynyň çäklerinde olar dolandyryş we ýolbaşçylyk endiklerini güýçlendirmek boýunça trening geçirdiler. Munuň üçin ýolbaşçy zenanlaryň – döwlet gurluşynyň, hukukçylaryň, medeniýet, bilim, lukmançylyk, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda maslahatlar guraldy. Ministrliklerde, ýokary okuw mekdeplerinde, jemgyýetçilik guramalarynda we häkimlikleriň bölümlerinde bolan duşuşyklaryň barşynda zenanlar türkmen jemgyýetiniň demokratik institutlary, durmuş-ykdysady we syýasy işler, döwletiň gender syýasaty barada bilim aldylar.
Taslamany guraýjylaryň we oňa gatnaşyjylaryň aýdyşlary ýaly, taslamanyň jemleri boýunça Türkmen kerler we körler jemgyýetiniň welaýat bölümlerinde ýolbaşçy wezipeleri eýeleýän zenanlaryň sany artdy. Mundan hem başga, olar maýyp adamlaryň durmuş taýdan derejesini ýokarlandyrmak boýunça döwlet guramalary bilen gepleşikleri işjeňleşdirdiler.
Gazanylan netijeler ara alnyp maslahatlaşylandan soňra fiziki taýdan mümkinçilikleri çäkli bolan adamlary durmuşa integrirlemegiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça işleri dowam etdirmek barada karar kabul etdiler. Taslamany amala aşyrmagyň täze tapgyrynda üns maýyp adamlary hünäre taýýarlamagyň inklýuziw modelini döretmek boýunça goldaw bermekde jemlener. Eýýäm dokma senagatynda hünär taýýarlygy boýunça okuw geçjek maksatlaýyn topar döredildi.
Türkmenistan Merkezi Aziýada Maýyplaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýa we onuň ratifisirlenen Fakultatiw protokolyna goşulşan ýurtlaryň ilkinjisi boldy. Türkmenistanyň “Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda” Kodeksi mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryň bilimi we hünär edinmegini kepillendirýär. Şeýle adamlar üçin oňaýly şertleri döretmek bilen, Türkmenistan olaryň durmuş taýdan integrirlenmegine ýardam berýär. Bu bolsa BMG-niň Konwensiýasynyň ýörelgelerine we kadalaryna laýyk gelýär.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder