10 Temmuz 2015 Cuma

Belarusda Maslahat Geçirildi

Belarusyň Žodino şäherindäki «BELAZ» açyk paýdarlar jemgyýetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna we Türkmenistanda Bitaraplyk we Parahatçylyk Ýylynyň yglan edilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we «BELAZ» APJ-niň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň goldamagynda geçirildi.

Bu maslahatyň işine Minskiniň traktor zawodynda önümçilik tejribeligini geçýän, S.A.Niýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary, «BELAZ» APJ-niň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň işgärleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda, Türkmenistanyň döwlet bitaraplygyny gazananadan soňra, özüniň daşary syýasy strategiýasyny parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ähli ýurtlar we halklar bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda anyk kesgitländigini we gurandygyny bellediler. 

Maslahat tamamlanandan soňra oňa gatnaşyjylar, 450 tonna çenli ýük galdyryjylyk ukyby bolan dünýäde iň uly ýük awtoulagynyň ýygnama işi bilen tanyş boldular.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder