2015-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda Dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamanyň tassyklaýyş hatlary alşyldy.
Bu baradaky degişli Teswirnama türkmen tarapyndan – Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow, hytaý tarapyndan – HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýao Sinhua gol çekdiler.
Resmi dabara tamamlanandan soňra taraplar 2014-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň dowamynda gol çekilen Dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamanyň iki ýurduň arasyndaky şertnama-hukuk binýadynda esas goýujy resminama bolup durýandygyny belläp geçdiler.
Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar özara hereketleriniň oňyn tejribesini özünde jemlän bu Şertnamanyň Türkmenistanyň we Hytaýyň arasynda uzakmöhletleýin geljege gönükdirilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýändigi hem bellenilip geçildi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder