Biziň ýurdumyzda gazy taýýarlamak, arassalamak we gaýtadan işlemegiň üstünde işleýän “Türkmengaz” DK Nebit we gaz instituty esasy ylmy-taslama guramasy bolup durýar. Onuň işgärlerine gazy gaýtadan işlemegiň tehnologiki işleriniň dört ugry bölünip berildi we öwrenildi.
Birinji ugur – bu tehnologiki we ekologiki zyýanly organiki däl we organiki garyndylardan arassalanan harytlyk eksport gazyň önümçiligi bolup durýar. Bu ugur eksport turba gaz geçirijisini doldurmak üçin uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda baýlaşdyrylmadyk gazlary gaýtadan işlemek harytlyk önümleriň: harytlyk gaz (esasy önüm), suwuk uglewodorodlaryň we kükürdiň garyndysy (kükürtli gazyň kükürt wodorodlaryndan arassalanan goşmaça önüm) uly bolmadyk sanyny almak bilen olary fiziki taýdan gaýtadan işlemek bilen çäklenilýär.
Netijeli ugur - harytlyk eksport gazyň (ýa-da suwuk tebigy gazyň) önümçiligi üçin fiziki we fizika-himiýa tehnologiki işleriň we gurluşlaryň ulgamyny özünde jemleýän we çig gazyň düzüminden aýrylýan organiki we organiki däl komponentleriň ýokary goşmaça bahaly harytlyk önümlerine öwrülmegidir
Gazy toplumlaýyn gaýtadan işlemek nukdaý nazaryndan baýlaşdyrylan tebigy gazlara we ugurdaş nebit gazlara has uly gyzyklanma bildirilýär. Bu gazlaryň meňzeş düzümleri bolup, olar polimer önümleriniň, sintetiki süýmleriň, üstki-işjeň maddalaryň, sintetiki ýuwujy serişdeleriň we organiki sinteziň beýleki önümleriniň köpüsiniň önümçiligi üçin ajaýyp çig mal bolup durýar.
Gazy gaýtadan işlemegiň uly ähmiýetiniň bardygyny etany gaýtadan işlemegiň mysalynda hem görkezmek bolar. Mälim bolşy ýaly, etan tebigy we ugurdaş nebit gazlarynyň möhüm komponenti bolup durýar we etilen önümçiligi üçin esasy çig mal bolup durýar. Etilen dürli görnüşli gymmat bahaly senagat önümleriniň önümçiligi üçin organiki uglewodorodlar dünýäsinde has köp ulanylýan önüm bolup durýar. Dünýäde sarp edilýän polietileniniň takmynan 60 göterimi polietileniň dürli görnüşleriniň (plýonka, turbalar, konstruksiýa önümleri, gorag örtükleri) önümçiliginiň paýyna düşýär. Etanyň etilen arkaly birnäçe organiki önümlere öwrülmegi etanyň goşmaça bahasynyň birnäçe sapar ýokarlanmagy netijesinde bolup geçýär.
Biziň ýurdumyz etanyň önümçiligi üçin ýokary mümkinçiligine eýe bolup, baýlaşdyrylan tebigy we ugurdaş gazlaryň serişdesine ýeterlik derejede eýedir. Bu bolsa golaý geljek ýyllarda azyndan gazy gaýtadan işleýän toplumlaryň düzüminde etany etilene gaýtadan işlemegiň taslamasynyň ikisiniň amala aşyrylmagynyň maksada laýyk boljakdygy baradaky meseläni orta çykarmaga mümkinçilik berýär.
Bir söz bilen aýdanyňda etany toplumlaýyn gaýtadan işlemek harytlyk gazyň goşmaça bahasyny iki esse artdyrmaga mümkinçilik berer. Ýöne bu ýerde esasy zat, tebigy gazlaryň esasynda öňdebaryjy organiki önümleriň önümçiligi – bu ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak üçin, halk hojalygynyň pudaklarynyň köpüsini çalt depginler bilen ösdürmek üçin esasy zat bolup durýar.
Indiki ugur diwersifikasiýa ugry bolup durýar. Bu tebigy gazyň fiziki taýdan suwuklandyrylan ýagdaýa öwrülmegidir. Suwuklandyrmagyň netijesinde tebigy gazyň göwrümi 600 esse kiçelýär. Gazyň pes temperaturaly gaýtadan işlenilmegi üçin tehniki töwekgelçiligiň, bir meňzeş ýokary önümçilikli kriogen enjamynyň, ulanyş we düýpli çykdajylaryň örän az bolmagy mahsusdyr.
Soňky ýyllarda hereketlendirijiniň ýangyjy hökmünde ulanylýan suwuklandyrylan gazlaryň paýynyň artýandygy mese-mälim duýulýar. Hereketlendirijileriň gaz ýangyjynyň giňden ýaýramagy onuň muňa gürrüňsiz mynasypdygyna şert döredýär: adaty benzin bilen deňeşdirilende ýanyş derejesiniň uly ýylylygy we ýokary aktan sanynyň (100-105) bolmagy, gaz çykýan turbalardan toksiki maddalaryň ep-esli azalmagy onuň aýratynlygydyr. Bu ýagdaý köp ýurtlara benziniň we dizel ýangyjynyň ýerine suwuklandyrylan gaza geçmek barada çynlakaý oýlanmaga borçly edýär. Suwuklandyrylan gazyň ulanylmagy nebit serişdelerini tygşytlamaga, önümçilik bolsa çig maly çuň fizika-himiýa gaýtadan işlemegi talap etmeýär we ol diňe tebigy gazy fiziki taýdan gaýtadan işlemek bilen baglanyşyklydyr.
Gaz hereketlendiri ýangyjyny ulanmak üçin adaty benzin we dizel hereketlendirijilerini ýeňillik bilen ulanyp bolar. Awtoulaglar suwuklandyrylan gaz bilen stasionar ýöriteleşdirilen awtozaprawka beketlerinde merkezden gaçyryş sorujylaryň kömegi bilen, ýagny kompressorlary ulanmazdan ulaglara ýangyç guýýarlar.
Awtoulaga suwuklandyrylan gazy guýmak üçin ulaglar howpsuz izometriki iki gatly ballonlar daşky gaty (adaty uglerodly demirden) we içki gaty (legrilinen demirden) bilen üpjün edilýär. Içki gaty ýylylyk gaýtaryjy folga bilen üpjün edilýär, gatlaryň arasyndaky giňişlikde bolsa wakuum döredilýär. Bu bolsa suwuklandyrylan gazy ýitgisiz saklamaga mümkinçilik berýär.
Suwuklandyrylan gaz saklamak we daşamak üçin amatlylygy bilen tapawutlanýar. Suwuklandyrylan gazynyň önümçiligi we dünýäniň sebitlerine eksport edilmegi uly gyzyklanma döredýär. Suwuklandyrylan gazy saklamagyň howpsuzlygy sarp edijileriň ünsüni çekýändigi bellärlikli ýagdaýdyr.
Hazaryň nebitgazly ýataklaryny giňden özleşdirilmegi, Gündogar-Günbatar magistral gaz geçirijisini deňiz kenaryna çekilmegi we iri deňiz portunyň gurluşygy Hazaryň kenarynda suwuklandyrylan tebigy gazyň önümçiligi boýunça enjamyň gurluşygy we suwuklandyrylan gazy saklamak we eksporta ibermek üçin möhüm itergi bolar.
Gazy gaýtadan işlemegiň dördünji ugry – konwersion – tebigy gazyň fiizka-himiýa taýdan sintetiki suwuk uglewodlara (benziniň, kerosiniň, dizel ýangyjynyň alternatiwi) öwrülmegi. Metanyň göni konwersiýasynyň has agyr uglewodlara öwürmäge gönükdirilen köp ýyllyk iri göwrümli gözlegler ykdysady taýdan netijeleri bermedi. Şonuň üçin hem gazy fizika-himiýa konwersiýa metanyň çylşyrymly iki-üç basganjagy ýeke-täk usuly bolup durýar. Bu shema boýunça ilki bilen sintez-gaz (wodorodyň we monooksidiň garyndysy) diýlip atlandyrylýan bug-kisloroda duçar edilýär. Soňra sintez-gaz metanola öwrülýär, ondan soň metanol dimetil efire (sintetiki ýangyç), benzine, etilene, propilene we polimere öwrülýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Bahasy ABŞ-nyň 3 milliard 432 million dollary bolan bu taslama «TOYO Engineering» (Ýaponiýa) kompaniýasy we «LG International Corporation» hem-de «Hyundai Engineering Corp. Ltd» (Koreýä Respublikasy) kompaniýalar konsorsiumy bilen bilelikde alnyp barylýar. Bu toplumyň taslama kuwwatlylygy ýylda 386 müň tonna polietileni we 81 müň tonna polipropilen öndürmäge niýetlenendir.
Bu dünýä ölçegli möhüm we geljegi uly bolan taslamalaryň ähmiýetleriniň biri hem tebigy gazy gaýtadan işläp, ýokary hilli A-92 görnüşli benzine öwürmekdir. Şunuň ýaly zawod häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Owadandepe diýen ýerinde gurulýar.
Pudakda öňden bar bolan ýangyç-energetika toplumynyň mümkinçiliklerini kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda «LG International Corporation» we «Hyundai Engineering Corp. Ltd» kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda suwuklandyrylan gazdan ýokary aktantly ýeňil benzini öndürýän enjam, şeýle hem benzini garýan enjam bilen pes oktantly ýeňil benzini gaýtadan işleýän enjam gurulýar.
Gazy ulydan gaýtadan işlemek arkaly ýokary hilli sintetiki suwuk ýangyjy – nafty, kerosini, dizel ýangyjyny, ýeňil ýaglaryň önümçiligini, şeýle hem suwuklandyrylan tebigy gazyň taslamasyny döretmek meýilleşdirilýär. Bu önümleriň ählisi arassalygy we hili bilen tapawutlanar. Bu bolsa daşky gurşawy we ekologiýany goramaga özüniň oňaýly täsirini ýetirer.
2015-nji ýylyň aprel aýynda ýokary derejede türkmen-koreý gepleşikleriniň barşynda “Türkmengaz” Döwlet konserniniň we Koreýa Respublikasynyň LG International Corp.» we «Hyundai Engineering Co, LTD» kompaniýalar konsorsiumynyň arasynda çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi. Tebigy gazy gaýtadan işlemek arkaly sintetiki suwuk ýangyjy öndürýän zawodyň taslamasyny düzmek, enjamlary satyn almak we zawody doly gurup, ulanmaga bermek barada şertnama baglaşyldy.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder