19 Temmuz 2015 Pazar

Oraza Baýramy

Gadymy türkmen topragynda, tutuş musulman dünýäsinde bolşy ýaly, 30 günläp dowam eden mukaddes Oraza aýynyň tamamlanandygyny alamatlandyrýan röwşen Oraza baýramy bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Oraza baýramy mynasybetli ähli türkmenistanlylary gutlap, belent ruhy gymmatlyklaryň –ynsanperwerligiň we sahawatlylygyň, hoşniýetliligiň hem-de ahlak tämizliginiň dabaralanmasy bolan ählihalk baýramynyň türkmen halkynyň durmuşyndaky ägirt uly ornuny belledi we Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna Beýik Biribaryň mukaddes Oraza aýynda amala aşyran sogap işleriniň, Watanymyzyň abraýynyň bütin dünýäde artmagy, ýurdumyzyň we halkymyzyň abadançylygy baradaky doga-dilegleriniň kabul bolmagyny arzuw etdi.

Ir säher bilen ýurdumyzyň ähli metjitlerinde baýram namazy okaldy, Beýik Taňra parahatçylykly durmuş we sogap işleri amala aşyrmaga mümkinçilik üçin hoşallyk sözleri beýan edildi. Agzybir türkmen halky bu gün öz halkynyň, Watanymyzyň bagtyýar durmuşynyň hem-de gülläp ösmeginiň, onuň parahatçylyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmeginiň, döredijiligiň we ösüşiň bähbidine durmuşa geçirilýän iri möçberli özgertmeleriň başyny başlaýjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň abadançylygy we gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan ýadawsyz zähmeti üçin aýratyn hoşallyk sözleri aýdyldy. Ýurdumyzyň ilaty milli Liderimiziň daşynda pugta jebisleşip, tutanýerli zähmet çekjekdiklerine hem-de ösüp gelýän ýaş nesli ata-babalarymyzyň gadymy däp-dessurlary ruhunda terbiýeläp ýetişdirmek üçin güýjüni we tejribesini aýamajakdyklaryna ynandyrdylar.

Biziň ýurdumyzda mukaddes Oraza baýramy türkmenleriň ata-babalarynyň gadymy däpleri boýunça röwşen duýgular, asylly isleg-arzuwlar bilen uly agzybir maşgala hökmünde bellenilýär. Oraza baýramy biziň durmuşyň ähli oňatlyklaryna bolan ynamymyzy pugtalandyrýar, saýlap alan ýolumyzda ýokary sepgitlere ýetmek üçin güýjümizi artdyrýar. Asylly däbe görä, bu gün baýram namazyndan soň öz ýakynlarymyzyň, dostlarymyzyň we goňşularymyzyň öýlerine baryp, olara parahatçylyk we abadançylyk arzuw edip, “Namaz orazalar kabul bolsun!”, “Orazalar kabul bolsun!” we “Oraza baýramyňyz gutly bolsun!” diýip ýüzlenýäris. 

Hakykatdan hem şatlygy we rehimdarlygy alamatlandyrýan Oraza baýramyny biz bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen mukaddes Gadyr gijesiniň öň ýanynda tussaglykdan boşadylan raýatlarymyzyň 1061 –si öz maşgalalarynyň arasynda garşylaýarlar, olar päk zähmeti bilen öz günälerini ýuwup, durmuşyny oňatlyga özgertmäge mümkiniçilik aldylar. Bu rehimdarlyk çäresi milli Liderimiziň türkmen halkynyň köpasyrlyk ruhy ýörelgelerine, şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Döwlet adam üçindir!” atly şygary öz işiniň baş maksady edip goýan hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň her bir raýaty hakyndaky yzygiderli aladasynyň beýany boldy.

Oraza baýramy mynasybetli Aşgabatda, ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda baýramçylyk çäreleri geçirildi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder