1 Temmuz 2015 Çarşamba

Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Emomali Rahmon,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Täjigistanda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagyny Siziň adyňyz bilen baglanyşdyrýarlar. Şol gatnaşyklar bolsa özara ynanyşmak häsiýetine eýedir. Özara bähbitli täjik- türkmen hyzmatdaşlygynyň anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagy bilelikdäki  tagallalar bilen öňde goýlan maksatlara ýetmäge mümkinçilik berer.

Diňe bir Täjigistanyň  we Türkmenistanyň däl, eýsem, tutuş  sebitiň jana-jan bähbitlerini şöhlelendirýän bu tagallalaryň garaşylýan netijäni berjekdigine ynanýaryn. 

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, şu nurana günde Siziň maşgalaňyza abadançylyk hem-de dostlukly Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň bähbidine öňe sürýän başlangyçlaryňyzda üstünlik arzuw etmäge rugsat ediň. 


*** 

Serž Sargsýan,
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk we döwlet işiňizde üstünlikler arzuw edýärin. 

Siziň durmuşa geçirýän syýasatyňyz netijesinede häzirki wagtda Türkmenistan okgunly ösýän, özüniň daşary syýasat ugruny hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda guraýan döwlet bolup durýar. 

Siziň döwlet işindäki baý tejribäňiziň, şahsy tagallalaryňyzyň we maksada okgunlylygyňyz mundan beýläk-de ermenni -- türkmen  döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilmegine, özara bähbitli söwda – ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem-de biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam etjekdigine ynanýaryn. 

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk we Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan ägirt uly işleriňizde üstünlikler arzuw edýärin. 

*** 

Borut Pahor,
Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident, 

Doglan günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy hem-de bagt, berk jan saglyk we Siziň jogapkärli wezipäňizde mundan beýläk-de üstünlikler gazanmagyňyz baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. 

Şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, Siziň bilen geçirilen ikitaraplaýyn  duşuşyklaryň netijelerine hem-de biziň ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetine kanagatlanma bildirmäge  rugsat ediň. Özara ynanyşmagyň we hormat goýmagyň esasynda üstünlikli hyzmatdaşlyk ýoly bilen ynamly öňe gitjekdigimize ynanýaryn. 

Hormatly jenap Prezident, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. 

*** 

Borut Pahor,
Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident, 

Doglan günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy hem-de bagt, berk jan saglyk we Siziň jogapkärli wezipäňizde mundan beýläk-de üstünlikler gazanmagyňyz baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. 

Şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, Siziň bilen geçirilen ikitaraplaýyn  duşuşyklaryň netijelerine hem-de biziň ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetine kanagatlanma bildirmäge  rugsat ediň. Özara ynanyşmagyň we hormat goýmagyň esasynda üstünlikli hyzmatdaşlyk ýoly bilen ynamly öňe gitjekdigimize ynanýaryn. 

Hormatly jenap Prezident, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.  
***
Mohammed VI,
Marokkonyň Patyşasy:

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy hem-de berk jan saglyk we bagt baradaky arzuwlarymy iberýändigime şatdyryn.

Musulman ymmatynyň belleýän bu mukaddes aýy belent ruhyýetiň nyşany, rehimdarlyga we sabyrlylyga, dine uýmaklyga we ynsanperwerlige çagyrýan hoşniýetli dinimiziň many-mazmunynyň beýany bolup durýar. halklaryň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde hemmelere üstünlikleri, agzybirligi, howpsuzlygy we durnuklylygy rowaç eýlemegini, ekstremizmiň we gapma-garşylyklaryň islendik ýüze çykmalarynyň döremezligini Beýik Alladan dileýärin.

Size bu mukaddes aýy ýene uzak ýyllaryň dowamynda garşylamagy, türkmen halkyna bolsa Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda geljekde hem täze üstünliklere we ösüşlere guwanmagy arzuw edýärin.

***

Mahmud Abbas,
Palestina Döwletiniň Prezidenti:

 Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Palestina Döwletiniň hem-de halkynyň adyndan we öz adymdan Siziň Alyhezretiňize, Türkmenistanyň doganlyk halkyna mukaddes Oraza aýy mynasybetli mähirli gutlaglary we iň gowy arzuwlary şatlyk bilen beýan edýärin.

Beýik Biribardan Size berk jan saglyk, bagt, türkmen halkyna parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk, ähli musulman ymmatyna bolsa abadançylyk, bolçulyk we asudalyk dileýärin.

Pursatdan peýdalanyp, biziň halklarymyň we ýurtlarymyzyň arasynda emele gelen dostlukly we birek-birege hormat goýmak gatnaşyklaryny berkitmäge çalyşýandygymyzy bellemek isleýärin. 

Siziň Alyhezretiňiz, tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we Size bolan çuňňur hormatym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň. 
***
Si Szinpin, 
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy:

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Soňky ýyllarda hytaý-türkmen gatnaşyklary ösüşiň ýokary depginine eýe bolup, iki ýurduň arasynda ähli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk we syýasy özara ynanyşmak çuňlaşýar.

Hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns bermek bilen, iki ýurduň we halklaryň bähbidine hyzmatdaşlygyň täze derejesini gazanmak üçin Siz  bilen bilelikde ähli tagallalary etmäge taýýardygymy beýan edýärin. 

Hytaý halkynyň ikinji jahan urşunda gazanan ýeňşiniň 70 ýyllygy mynasybetli Pekinde geçiriljek dabaraly çärelerde Siz bilen duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. 

Size berk jan saglyk we abadançylyk arzuw edýärin. 

*** 
Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýan, 
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti: 

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa 

Birleşen Arap Emirlikleriniň halkynyň we hökümetiniň adyndan, şeýle hem öz adymdan Siziň Alyhezretiňiziň doglan güni mynasybetli iň gowy arzuwlary hem-de mähirli  gutlaglary ýollamagy özüm üçin uly hormat saýýaryn. 

Siziň Alyhezretiňize bagt, doganlyk türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýärin. 

*** 

Aleksandr Lukaşenko, 
Belarus Respublikasynyň Prezidenti: 

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa 

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! 

Doglan günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň. 

Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösdürmäge, onuň halkara abraýyny berkitmäge gönükdirilen tagallalaryňyz Size uly abraý we hormat getirdi. 

Size belarus-türkmen hyzmatdaşlygyny giňeltmäge şahsy goşandyňyz üçin hoşallyk bildirýärin. Biziň  yzygiderli geçirýän mazmunly gepleşiklerimiz onuň strategiki häsiýetini tassyklaýar. 

Siziň işjeň goldaw bermegiňiz bilen,  ýurtlarymyzyň milli ykdysadyýetlerini pugtalandyrmakda tagallalarymyzy netijeli birleşdirip biljekdigimize ynanýaryn. 

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk we ähli oý-pikirleriňizi amala aşyrmakda täze üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw edýärin. 

*** 

Ilham Aliýew, 
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti: 

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa 

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! 

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň. 

Bu şanly günde Size berk jan saglyk, bagt, dostlukly türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işleriňizde täze üstünlikler arzuw edýärin. 

*** 
Nursultan Nazarbaýew, 
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti: 

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa 

Siziň Alyhezretiňiz! 

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň.

Siziň Türkmenistanyň ösmegine goşandyňyz we alyp barýan işleriňiz, şeýle hem yhlasyňyz ýokary hormata mynasypdyr. 

Gazagystanda doganlyk Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Iki döwletiň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklaryň giňelmegi  muňa  aýdyň şaýatlyk edýär. 

Şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, işiňizde egsilmez gujur-gaýrat hem-de üstünlikler, doganlyk Türkmenistanyň halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.   

*** 
Islam Karimow, 
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti: 

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa 

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! 

Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň. 

Türkmenistanyň garaşsyzlygy berkitmek we durnukly ösüşi üpjün etmek işinde soňky ýyllarda gazanan uly üstünlikleri, durmuş-ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy ulgamlarda geçirilýän  giň gerimli özgertmeler,  ýurduň halkara abraýynyň artmagy Siziň ýolbaşçylygyňyzda türkmen halkynyň bähbidine amala aşyrylýan öňdengörüjilikli we oýlanyşykly syýasatyň netijesidir.  

Siziň Özbegistana boljak saparyňyzyň barşynda Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň doganlyk halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygyň şu günki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşyp, birek-birege hormat goýmak, köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegiň ýoluny kesgitläp biljekdigimize ynanýaryn. 

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işiňizde täze üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.  


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder