10 Temmuz 2015 Cuma

Sebitde Durnukly Ösüşiň Bähbidine Hyzmatdaşlyk

11-nji iýulda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn agşam resmi sapar bilen türkmen paýtagtyna gelen Hindistanyň Premýer-Ministri Narendra Modiniň duşuşygy bolar.

Saparyň maksady soňky ýyllarda ýola goýlan we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda bolsa iri halkara guramalarynyň, abraýly sebitleýin düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň geljegini we onuň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Öňde boljak türkmen-hindi gepleşikleriniň barşynda ägirt uly mümkiniçilikleri bolan we täze taryhy eýýamda köpasyrlyk dostluk we hoşiniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary esasynda ýola goýulýan döwletara hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine ýardam berjek özara peýdaly gatnaşyklaryň  ileri tutulýan ugurlary kesgitlener.

Aşgabat duşuşygynyň gün tertibine özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini yzygiderli ýokarlandyrmak maksady bilen, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlaryny artdyrmak meselesi giriziler. Şeýle hem onda birnäçe möhüm ugurlar, ilkinji nobatda bolsa energetika, dokma senagaty, ulag, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary we beýleki pudaklardaky  özara gatnaşyklary giňeltmegiň ugurlaryna garalar. Netijeli iş alyp barýan Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hindi hökümetara toparynyň alyp barýan işi gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde ýardam berer.     

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiriljek gepleşikleriň barşynda “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesini giňeltmegiň taslamalary we milli Liderimiziň başlangyjy bilen gurluşygyna badalga bermäge taýýarlanylýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly taslamalar möhüm orun eýelär. Bu iri möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi sebitiň ýurtlarynynyň ykdysady taýdan ösüşine, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbildine ýola goýuljak netijeli gepleşiklere kuwwatly itergi berer.

Bu ulgamlaýyn Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika syýasatynyň çäklerinde durmuşa geçirýän halkara ähmiýetli taslamalarynyň hataryna girýär. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň energetika syýasaty ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, türkmen energiýa göterijilerini dünýä bazarlaryna çykarmaga gönükdirilen köpugurly turba geçirijiler düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyny esasy ugur edinýär.

Mälim bolşy ýaly, uzynlygy 1700 kilometrden gowrak boljak we ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metrden gowrak bolan TOPH gaz geçirijisi Türkmenistanyň Günorta-gündogar künjeginden badalga alar. Ol ýerde ýurdumyzyň ägirt uly gaz känleri ýerleşendir. Owganystanyň we Pakistanyň çylşyrymly tebigy-howa şertlerinden geçmek bilen, ol Pakistan-Hindistan serhedindäki Fazilka ilatly ýerine barar. 

Taslamany ýakyn wagtda durmuşa geçirmäge girişmek maksady bilen, hatarynda Aziýa ösüş banky bolan taslama gatnaşyjylar Tehniki iş toparynyň we TOPH-niň Ýolbaşçy komitetiniň mejlislerini yzygiderli geçirýärler. Olaryň barşynda kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleler we guramaçylyk tapgyrlary ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle hem taslamany  ýerine ýetirmeli gaz geçirijiniň gurluşygyny, onuň dolandyryşyny, taslamanyň maliýeleşdirilişini üpjün etmeli  konsorsiumyň ýolbaşçysyny seçip almak boýunça gepleşikler geçirilýär. 

7-9-njy iýulda Bireleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Paýdarlar hakyndaky ylalaşygy ara alyp maslahatlaşmak we ylalaşmak üçin taslama gatnaşyjylaryň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Bu resminama Tranzaksion geňeşçi Aziýanyň ösüş banky tarapyndan taýýarlanyldy. Oňa garalandan we taraplaryň ähli teklipleri girizilenden soň, bu Ylalaşyk deslapdan kabul ediler.  

2012-nji ýylyň sentýabr aýynda TOPH taslamasyny tanyşdyrmak maksady bilen milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Singapur, Nýu-Ýork   we Londan şäherlerinde Günorta-Gündogar Aziýanyň, Amerikanyň we Ýewropanyň iri işewür we maliýe merkezleriniň işewürçilik-maslahatlary guraldy. Bilelikdäki işe gatnaşmak üçin ägirt uly tehniki mümkinçilikleri, gaz geçirijileriň gurluşygyna zerur bolan öňdebaryjy tehnologiýalary we bu ugurda işjeň tejribesi bolan daşary ýurt kompaniýalary uly gyzyklanma bildirdiler.

Bu taslamanyň ykdysady zerurlygy Günorta Aziýa ýurtlarynda tebigy gaza bolan ýokary isleg bar. Biziň ýurdumyzda dünýä ähmiýetli tebigy gaz gorlarynyň ägirt uly möçberleriniň bardygyny umumy ykrar edilen, şol sanda abraýly halkara bilermenleri tassyk etdi. Bu bolsa Türkmenistana özüniň tebigy gazyny ähli ugurlar boýunça uzak möhletleýin esasda ugratmaga bolan kepilligi üpjün edýär.

Bu gaz geçirijiniň gurluşygynyň ykdysady bähbitden başga-da, birnäçe durmuş we ynsanperwerlikli, şol sanda goşmaça iş orunlaryny, ulag-aragatnaşyk we durmuş düzümlerini döretmek bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine ýardam berjekdigini bellemeli. Gaz geçirijiniň tutuş sebitde syýasy we durmuş taýdan durnuklylygyň berkidilmegini şertlendirjekdigi has-da möhümdir. 

Garaşylyşy ýaly, senagat pudagyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalar bolar. Häzirki döwürde ýurtlaryň ikisi-de bu ugruň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. 

Türkmen we hindi halklaryny asyrlaryň dowamynda baglanyşdyrýan hem-de häzirki taryhy döwürde täze mazmun bilen üsti ýetirilýän medeni-gumanitar gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginde geçiriljek gepleşikleriň möhüm ähmiýeti bolar.

Dostlukly ýurduň hökümet baştutanynyň Türkmenistana gelip görmegi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän we sebitde möhüm orun eýeleýän ýurdumyza bolan ýokary gyzyklanmalary alamatlandyrýar.

Gepleşikleriň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin hyzmatdaşlygyň meselelerine aýratyn ähmiýet beriljekdigi bellärliklidir. Hususan-da, terrorçylyga garşy göreş, sebitleýin howpsuzlygy üpjün etmek, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine häzirki zamanyň wehimlerine bilelikde garşy durmak ýaly wajyp ugurlarda ýygjam döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň netijeleri boýunça deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitleri nazara almak esasynda ýola goýulýan köpugurly uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň  ösdürilmegini şertlendirýän resminamalara  gol çekmek meýilleşdirilýär.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder