19 Temmuz 2015 Pazar

Saglyk-2015 Halkara Sergisi Açyldy

Paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde "Saglyk" döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygyna hem-de ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanan "Saglyk-2015" halkara sergisiniň açylyş dabarasy boldy.

Bu iri pudaklaýyn sergini Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýurdumyzyň Söwda- senagat edarasy bilen bilelikde gurady. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň hökümet agzalary, Mejlisiniň ýolbaşçysy, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, birnäçe ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň  wekilleri, saglygy goraýyş ulgamynyň  köpsanly işgärleri gatnaşdylar.Ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar, joşgunly tanslar halkara sergisiniň açylyş dabarasynyň özboluşly badalgasyna öwürldi.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Saglyk-2015" halkara sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiz ýöriteleşdirilen serginiň  lukmançylyga öňdebaryjy usullary, täzeçil taslamalary girizmekde, pudagy mundan beýläk-de ösdürmekde, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde aýratyn ähmiýetiniň bardygyny belledi. 

Milletimiziň beden we ruhy taýdan sagdynlygy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe  türkmen döwletiniň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Saglygy goraýyş ulgamyny we şypahana-bejeriş düzümini yzygiderli kämilleşdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar.

Türkmenistanyň  saglygy goraýyş we lukmançylyk ylmynda ýeten derejesini, bar bolan mümkinçiliklerini,  bu ugurda öňde durýan wezipeleri  durmuşa geçirmegiň geljekki ugurlaryny, şeýle hem  daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bu ulgamda gatnaşyk etmäge bolan gyzyklanmalarny äşgär eden "Saglyk-2015" halkara sergisiniň bölümleri ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny özgertmegiň ýolunda gazanan üstünliklerini aýdyň beýan edýär. 

Bu halkara sergisi lukmançylyk ylmynyň gazananlaryny we saglygy goraýyş ulgamyna häzirkizaman usullarynyň ornaşdyrylyşyny äşgär edýän abraýly forum hökmünde ykrar edildi. Şu ýylky sergä dünýäniň 41 ýurdundan lukmançylyk ulgamynyň dürli ugurlaryna degişli wekiller gatnaşýar. Onda ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, iri ylmy-kliniki we bilim merkezleriniň, şypahanalarynyň bölümleri bilen bir hatarda derman serişdelerini, lukmançylyk enjamlaryny,  saglygy goraýyş ulgamynda dürli hyzmatlary ýerine ýetirýän düzümleriň, sarp ediş serişdelerini öndürýän kompaniýalaryň 251-siniň bölümleri ýerleşdirildi. Aýratyn-da bu sergide Ýewropa ýurtlarynyň 137 kompaniýasy önümlerini görkezýär.  Olaryň 25-si şu sergä ilkinji gezek gatnaşýar.

 Sergide Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň, Hindistanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň we ABŞ-nyň lukmançylyk pudagynyň  kompaniýalary önümlerini görkezýärler.  Munuň özi daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurdumyz bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga bolan gyzyklanmalaryny, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri çözmek ugrunda hyzmatdaşlyga bolan isleglerini tassyklaýar. 

Bu ýerde gurnalan ýöriteleşdirilen bölümler pudagyň täzeçil usullary, öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşmaga, täze teklipleri öňe sürmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli sergide ýurdumyzda birnäçe ýokanç keselleriň öňüniň alnandygyna güwä geçýän halkara güwänamalary goýlupdyr. Onuň bölümlerinde milli Liderimiziň türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümliklerine bagyşlanan ylmy işleri öz ornuny tapypdyr. Lukmançylyk we ykdysady ylymlaryň doktory, professor, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi,  lukmançylyk ulgamynda birnäçe düýpli ylmy işleriň awtory, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pederlerimiziň paýhasyny, tejribesini we dünýä saglygy goraýyş ulgamynyň häzirkizaman meýillerini özünde jemleýän lukmançylygyň milli ösüş ýoluny döretdi. 

Sergi zalynyň merkezinde oturdylan monitorda ýurdumyzda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda milletimiziň saglygyny berkitmek, halkymyzy sagdyn durmuş ýörelgelerine, köpçülikleýin bedenterbiýe we sporta çekmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işler barada gürrüň berýän film görkezildi. Şeýle hem bu ýerde Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň, Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň, 2017-- Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň bölümleri ýerleşdirilipdir. Sergä gatnaşyjylar halkara sport giňişliginde ýurdumyzyň abraýynyň has-da belende göterilmeginde, Türkmenistanda bedenterbiýe-sagaldyş we olimpiýa hereketiniň wagyz edilmeginde, ýaş nesilleriň sagdyn  durmuş ýörelgelerine işjeň çekilmeginde möhüm ähmiýeti bolan bu giň möçberli sport çäreleri mynasybetli  işlenip taýýarlanylan dürli nyşanlaryň, alawlaryň we beýlekileriň nusgalary görkezilýär. 

Şeýle hem serginiň çäklerinde enjamlaşdyrylyşy boýunça ykjam hassahanalar atlandyrylýan döwrebap "Tiz kömek"  awtoulaglary görkezilýär.

Sergi gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşlarynyň bolmagy bellärliklidir. Olaryň hatarynda döwrebap lukmançylyk enjamlaryny we tehnologiýalaryny getirýän Germaniýanyň "Hospitalýa international", "Sirona" kompaniýalary, döwrebap stomatologiýa enjamlaryny görkezýän "Bionoriсa", "Simens" kompaniýasynyň şahamçasy, "Berlin-hemi AG" (Germaniýa) we "KRKA" (Sloweniýa) wekilhanasy, dermanlyk serişdelerini öndürýän "Baýer healthсare", "World Mediсine Limited" (Beýik Britaniýa), rus-german  "STADA", "Bormaster LTD" (Pakistan), "Unipharm. Irс" (ABŞ), "Interlab" (Russiýa), "Ajanta Pharma" (Hindistan), Fransiýanyň "Sanofi" we "Laboratore innoteс international", "Pentaх", "Takeda", "Astellas" we "Toshiba mediсal Systems" (Ýaponiýa) kompaniýalary, Rumyniýanyň "Rompharma", Awstriýanyň "Askin and Сo", Polşanyň  "Polpharma", Latwiýanyň "Olain Farm" kompaniýalary, lukmançylyk serişdelerini öndürýän Borisow zawody we "Tathimfarmpeparaty" (Russiýa) we beýlekiler bar.

Fransiýanyň "Laboratoriýes Anios", Germaniýanyň "Fresenius kabi", Amerikanyň "Abblt nutrition" ýaly kompaniýalary sergide önümlerini ilkinji gezek görkezýär.  Amerikanyň kompaniýasy şu ýylyň fewral aýyndan bäri türkmen bazarynda çaga iýmiti önümlerini  hödürleýär. Şeýle hem türkmen bazarynda Gazagystanyň "Santo" kompaniýasy we Belarusuň "Neswižiski zawod medisinskih preparatow" paýdarlar jemgyýeti önümlerini görkezýärler.

Şeýle hem kosmetiki serişdeleriniň ägiirt  uly görnüşlerini hödürleýän "Israel сosmetiс Tm" kompaniýasy sergä ilkinji gezek gatnaşýar. Onuň hünärmenleri bu ýerde kosmetiki serişdeleri ulanmak boýunça okuw sagatlaryny guraýar. Türkiýäniň toplumlaýyn anyklaýyş we bejeriş geçirmek boýunça ýöriteleşdirilen  "Mert mediсfl projekt" we "Fatih" uniwersitetiniň ýanyndaky klinika öz hyzmatlaryny hödürleýär. "Täze" kompaniýalar we ylmy-barlag merkezleriniň wekilleri üçin sergi öz mümkinçiliklerini görkezmek, geljegi uly türkmen bazaryna ornaşmak üçin amatly ýagdaýdyr.

Sergä gelýänler bu gözden geçirilişe gatnaşýanlaryň iň täze lukmançylyk enjamlaryny öndürmekde we ibermekde, lukmançylyk desgalaryny gurmakda eýe bolan mümkinçilikleri bilen tanyşýarlar. Sergide derman önümleriniň dürli görnüşleri, iň täze lukmançylyk-anyklaýyş, barlaghana we bejeriş enjamlary, ýörite  tehnikalar we mebeller, dürli gurallar, hyzmatlaryň görnüşleri, lukmançylygyň köp ugurlarynda peýdalanylýan innowasiýa işläp taýýarlamalary, tebigy kosmetika serişdeleri we beýlekiler giňden görkezilýär. 

Lukmançylygyň dürli ugurlarynda ornaşdyrylýan täzeçil ylmy işläp taýýarlamalar, ýokary kompýuter tehnologiýalary görkezilýän bölümler hünärmenleriň aýratyn üns bermegine eýe boldy.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş senagatynyň gazananlaryna bagyşlanyp  sergi köşgünde ýaýbaňlandyrylan  sergide hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri, beýleki ylmy hem-de usulyýet edebiýaty, ylmy-barlag institutlarynyň we klinikalaryň alymlarynyň işläp taýýarlamalary giňden görkezilýär. Sergä ýurdumyzyň döwlet edaralary we ylym-bilim merkezleri, hususy kompaniýalar gatnaşýar. 

"Ýewropa hili" abraýly baýragyna mynasyp bolan we Bütindünýä lukmançylyk bilim federasiýasy tarapyndan "Awissenna direktoraty" bütindünýä maglumatlar gaznasyna girizilen Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň sergi bölüminde ýurdumyzyň iri lukmançylyk ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan bilim we ylym-barlag işleri hakynda gürrüň berilýär. Türkmenistanyň Milli gyzylýarymaý jemgyýetiniň diwarlygynda bu guramanyň işiniň esasy ugurlary, BMG-niň Ilat gaznasynyň we beýlekileriň diwarlyklarynda türkmen kärdeşleri bilen bilelikdäki işler beýan edilýär. 

 "Saglyk-2015" sergisi ýurdumyzyň lukmançylygynyň okgunly ösüşini hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň ýeten derejesini şöhlelendirip, önümleri ýerlemek, işewürligi ösdürmek, bazary öwrenmek,  ýurdumyzyň dürli künjeklerinden we daşary ýurtlardan gelen hünärmenler bilen duşuşyklary geçirmek üçin amatly meýdançadyr. Şonuň üçin hem bu sergide Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kompaniýalaryň köpüsiniň bu çärä gatnaşmagy 
kanunalaýykdyr. Olaryň hatarynda "Ýowşan", "Çebşek", "Dertdeş", "Yşgyn", "Dag oty", "Dermanhyzmat", "ÝEM" hususy kärhanalary, "Saglyk" hojalyk jemgyýeti we beýlekiler bar. Olar saglygy goraýyş ulgamynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak bilen, türkmen bazaryna dünýä belli derman kompaniýalarynyň önümlerini 
hem-de lukmançylyk enjamlaryny  getirýärler, maslahat beriş-anyklaýyş hyzmatlaryny edýärler, maslahat beriş-anyklaýyş hyzmatlaryny edýärler, lumançylyk enjamlaryna hyzmaty amala aşyrýarlar.

Aýry-aýry diwarlyklar Aşgabadyň iri ylmy-kliniki merkezleriniň, şäheriň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň paýtagtymyzyň we welaýatlaryň saglygy goraýyş müdirlikleriniň işleri, türkmen lukman alymlarynyň ylmy işläp taýýarlamalary, şeýle hem täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde geçirilýän barlaglar hakynda gürrüň berýär. Ýurdumyzyň derman senagatynyň gazananlary hem sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär.

Sergä gelýänler we  bu çärä daşary ýurtly gatnaşyjylar Türkmenistanyň işjeň ösdürilýän sagaldyş-şypahana ulgamynyň mümkinçilikleri bilen içgin gyzyklandylar. "Baýramaly", "Berzeňňi", "Arçman", "Ýyly suw", "Farap", "Mollagara", "Daşoguz" şypahanalary öz mümkinçiliklerini hödürleýär, olar häzirki zaman anyklaýyş we bejeriş enjamlary bilen üpjün edilendir, dünýäniň belli öndürijileriniň enjamalrynyň esasynda ýerli çeşmeleri peýdalanmak bilen sagaldyş hyzmatlarynyň giň toplumy hödürlenilýär. Dürli tebigy aýratynlyklar, mineral suwly çeşmeler türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleri –bularyň ählisi şypahana-dynç alyş ulagmyny, ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmek üçin täsin mümkinçiliklerdir. Okgunly ösýän deňiz şypahanasy bolan "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy hyzmatdaşlara çäklendirilmedik mümkinçilikleri hödürleýär – bu taslama Türkmenistany ösdürmegiň strategiki meýilnamalary bilen göniden-göni baglanyşykly bolup, giň halkara hyzmatdaşlygy üçin hil taýdan täze mümkinçilikleri açýar.

Şypahanalaryň sergi bölümleri bir topluma birleşdirilipdir, bu bolsa olaryň mümkinçilikleri hem-de hyzmatlary bilen tanyşmak isleýänler üçin amatlydyr. 

Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen bu düýpli ylmy eserleriň ýedinji jildi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy ýylda döreden we dünýäniň dürli dillerine terjime edilen ylmy işiniň dowamydyr. "Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri" atly kitaplaryň döredilmeginiň diňe bir ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynyň ösdürilmeginde däl, eýsem dünýä fitoterapiýasynyň kämilleşdirilmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemeli.  Çünki Türkmenistanyň ösümlik dünýäsine bagyşlanan bu düýpli ylmy iş hakykatdan-da dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanylýan serişdelere bagyşlanan gymmatly gollanmadyr. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde we lukmançylyk ugurly ýörite okuw mekdeplerinde okaýan talyplar we hünärmenler tarapyndan uly isleg bildirilmegi bu neşiriň gymmatynyň bardygynyň has-da ýokarlanmagny şertlendirýär. 

Mälim bolşy ýaly, "Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri" atly  düýpli ylmy işlere daşary ýurty hünärmenleri hem uly gyzyklanma bildirýärler. Çünki bu kitabyň sahypalarynda ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümlikleriň, şol sanda peýdaly otlaryň bejerijilik ukyby, olary ylmy we halk lukmançylygynda ulanmagyň mümkinçilikleri barada gymmatly maglumatlar berilýär. Bu neşiriň dürli dillere terjime edilmegi onuň dünýä ýüzünde ägirt uly ähmiýete eýediginiň we barha meşhurlyk gazanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Dermanlyk ösümlikleriň we halk lukmançylygynyň düýpli işi bolan bu kitap millionlarça okyjylar üçin ajaýyp sowgada öwrüldi. Neşiriň umumyadamzat gymmatlygyna, şol sanda  bu kitap lukmançlyyk ulgamyna ägirt uly goşant goşan tütkmen halkynyň köp asyrlyk tejribesmitne we dessurlaryna aralaşmaga oňaýly mümkinçilik döredýär. 

Täze neşiriň girişinde onuň awtory Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu kitabyň ata-babalarymyzyň baý mirasyny,  meşhur alymlaryň giden toparynyň we gadymy tebipleriň halk tejribesi bilen işlerini, biziň halkymyzyň ene topragyň ähli köp görnüşliligini aýratyn duýmak ukybyny  we ussatlygyny öwrenmegi dowam edýänligini belleýär.   "Beýik şahsyýetleriň ömrüni, olaryň hünär döredijiligini, ylmy mirasyny öwrenmek biziň nesillerimiziň mukaddes borjudyr. Biziň milli lukmançylyk mirasymyz müdimidir, ol asyrlar boýy ýaşap, biziň şu günki günümize şuglasyny gaýgyrman saçýar" diýip,  milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. 

Dermanlyk ösümlikleriň elipbiý tertibindäki häsiýetnamasy ýedinji jildiň    esayny düzýär. Onda 107 görnüşli dermanlyk ösümlikler hakynda doly maglumat berilýär. Olaryň her görnüşi bitewi ulgam arkaly häsiýetlendirilýär.  Ösümlikleriň daşky görnüşi, biologik aýratynlyklary, ýaýran ýerleri, tebigy gorlary, düzümindäki dermanlyk serişdeler, himiki düzümi derman taýýarlamagyň we ulanmagyň usullary barada gürrüň berilýär. Şeýle hem awtor dermanlyk serişdeleri ýygnamagyň möwsümleri, ony saklamagyň usullary we kadalary, ekologiýa ähmiýeti barada habar berýär.

Dermanlyk ösümliklerini beýan etmek ýörite suratlar arkaly amala aşyrylýar. Oňa ösümlikleriň farmakoterapiýa aýratynlyklaryny görkezijilerini we rus-latyn-türkmen sözlügini özünde jemleýän gollanma berkidilendir. Haýsy ugur boýunça giňişleýin maglumat almak isleýän adam bu ýerden görkezijileri tapyp biler. Hormatly Prezidentimiziň düýpli ylmy işiniň ýedinji jildi ozalkylary ýaly, aýry-aýrylykda,türkmen, iňlis we rus dillerinde köpçülikleýin nusgada çap edildi.

Ylmy işiň tanyşdyryş dabarasyna gatnayşyjlar "Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri" atly kitabyň täze jildiniň  ähmiýetini we ägirt uly tejribe gymmatlygyny bellediler. Täze neşiriň düýpli öwrenilmeginiň we giňden wagyz edilmeginiň zerurdygyny bellemek bilen, lukmançylyk toparlarynyň wekilleri sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine gönükdirilen bu kitabyň giň okyjylar köpçüligi üçin örän ähmiýetli boljakdygyny nygtadylar.

Bu neşir ozalky çap edilen kitaplar bilen birlikde derman senagaty ylmynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, tebigy serişdelerden ýokary netijeli dermanlaryň döredilmegine kuwwatly itergi berer. Dabara gatnaşyjylary  köp asyrlyk milli däpleriň we lukmançylyk ulgamyndaky häzirki zaman ýörelgeleriniň utgaşyklygy aýdyň duýulýandygyny bellediler.

Çykyş edenler türkmen halkynyň abadançylygyny we sagdynlygyny baş maksat edinýän milli Liderimiziň ylmy we döwlet we ylmy işleriniň  buýsanç duýgusyny döredýändigini belläp, täze neşiriň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri we olaryň hünär baýramçylygy mynasybetli gymmatly sowgat bolandygyny aýtdylar.

Dabaraly çäräniň ahyrynda oňa gatnayşyjlar saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi ugrunda  yzygiderli alada edýän we saglygy goraýyş ulgamynyň işini hemmetaraplaýyn goldaýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Sergi 21-nji iýula çenli dowam eder.



Hiç yorum yok:

Yorum Gönder