9 Temmuz 2015 Perşembe

Okuw Esbaplaryny Türkmenistanyň Gümrük Serhedinden Geçirmegiň Tertibi

Okuw esbaplaryny Türkmenistanyň
gümrük serhedinden geçirmegiň 
Tertibi
1. Şu Tertip, Türkmenistanyň Gümrük kodeksine, «Önümleriň we hyzmatlaryň sertifikasiýasy hakynda», «Bilim hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryna, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy hakyndaky Düzgünnama laýyklykda taýýarlanyldy we okuw esbaplaryny (depderler, umumy depderler, okuwçy gündelikleri, surat we çyzuw depderleri (albomlar), portfeller we ş.m.) Türkmenistana getirmegi düzgünleşdirýär.
2. Okuw esbaplarynyň bezeginde ýaşlaryň ruhy we ahlak terbiýesine ýaramaz täsir edýän, milli däp-dessurlarymyza ters gelýän ýazgylary, şekilleri (suratlary) bolan okuw esbaplaryny Türkmenistanyň çägine goýbermek gadagan edilýär.
3. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýa-da onuň ýerlerdäki bilim edaralary (Türkmenistanyň Milli Bilim instituty, degişli welaýat we etrap bilim dolandyryş edaralary) tarapyndan okuw esbaplaryna bildirilýän talaplar boýunça berilýän rugsat haty esasynda «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugy Türkmenistana getirilýän okuw esbaplaryna bellenen tertipde laýyklyk sertifikatyny resmileşdirýär (bezeginde ýazgy, şekil (surat) bolman, diňe atlandyrylyşy beýan edilen okuw esbaplaryny raýatlaryň şahsy hajatlarynda ulanmagy üçin el goşlarda we halkara poçta ýollamalary arkaly getirýän halatlary muňa girmeýär). Bezeginde atlandyrylyşyndan başga ýazgy, şekil (surat) bolan okuw esbaplary raýatlar tarapyndan şahsy hajatlarynda ulanmagy üçin el goşlarda we halkara poçta ýollamalarynda getirilen halaty olar gümrük barlagyndan geçirilip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ýa-da onuň ýerlerdäki bölümlerinde barlanmagy üçin şu Tertibiň goşundysyna laýyklykda iki nusgada düzülýän delilnama esasynda gümrük edarasynda wagtlaýyn saklamaga alynýar we degişli rugsat haty berilýänçä, ýöne üç aýdan artyk bolmadyk möhlete gümrük edarasynda tölegsiz saklanýar. Şu möhletiň tamamlanmagy bilen, wagtlaýyn saklamaga alnan okuw esbaplary tabşyrmak, kabul etmek hakynda düzülýän delilnama esasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligine ýa-da onuň ýerlerdäki bilim edaralaryna tabşyrylýar.
4. Türkmenistana getirilýän okuw esbaplary «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň laýyklyk sertifikatynyň we gümrük maksatlary üçin zerur bolan resminamalaryň berilmegi bilen gümrük taýdan resmileşdirmäge kabul edilýär.
5. Ýaşlaryň ruhy we ahlak terbiýesine ýaramaz täsir edýän, milli däp-dessurlarymyza ters gelýän ýazgylar, şekiller (suratlar) bolup ýa-da hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryň, standartlaryň talaplaryna laýyk gelmän, gümrük taýdan resmileşdirmäge kabul edilmedik okuw esbaplaryny ýük alyjy, ýük daşaýjy ýa-da olaryň ygtyýarly eden wekili Türkmenistanyň çäginden çykarýar ýa-da döwletiň eýeçiligine öwürmek ýa-da ýok etmek barada gümrük edaralaryna ýüzlenýär. Gümrük edaralary şeýle harytlaryň gaýtadan işlenilmeginiň mümkinçiligini nazarda tutup, olary degişli döwlet edaralaryna bermek hakynda teklipleri bellenen tertipde ylalaşýar. Degişli döwlet edarasy harytlary gaýtadan işläp ulanmakdan ýüz dönderen halatynda şolar ýaly harytlar ýok edilmäge degişlidir. Ýok edilmäge degişli ýa-da ýok etmek barada gümrük edaralaryna ýüz tutulanda, şu Tertibiň maksatlary üçin harytlar, erkin nusgada düzülýän delilnama esasynda zir-zibilleri gaýtadan işleýän ýa-da kabul edýän döwlet edarasyna tabşyrylmagy bilen, ýok edilen hasap edilýär. Ýok edilenden soň, haryt gümrük gözegçiliginden aýrylmaga degişlidir.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder