20 Temmuz 2015 Pazartesi

Täjigistanly Mekdep Okuwçylary Awazada Dynç Aldylar

Däp bolup gelşi ýaly, “Daýanç” çagalar sagaldyş merkezi her tomusda Täjigistandan gelen çagalar toparyny kabul edýär. Şu ýyl Hazaryň kenarynda türkmen tarapynyň çagyrmagynda ýedi- on dört ýaş aralygyndaky täjigistanly çagalaryň on üçüsi dynç aldy. Olar bu ýerde on günüň dowamynda dynç alyp, türkmen çagalary bilen bilelikde sport, medeni we beýleki gyzykly çärelere gatnaşdylar. Olar üçin olaryň bu ýerde geçiren günler ýatdan çykmajak waka öwrüldi. 

Myhmanlar topary woleýbol, futbol, basketbol boýunça geçirilen ýaryşlara uly höwes bilen gatnaşdylar, Balkan welaýatynyň çagalar toparlarynyň döredijiligi bilen tanyş boldular. Deňizde suwa düşmek, ýyly çäge, kenar oýunlary we “Çarlak” ýahtynda gezelenç etmek olarda uly şatlyk döretdi. 

“Älemgoşar” attraksion seýilgähi biziň myhmanlarymyzda has uly täsir galdyrdy. Bu ýerde täjigistanly mekdep okuwçylaryny meşhur türkmen ertekisiniň gahrymany Ýartygulak we onuň dostlary garşy aldylar. Myhmanlar “Amerikan depejiklerinde” we “Awtodrom” boýunça hezil edip aýlandylar. “Uçýan piljagazlar”, “Wihr”, “Däli taksi”, “Garakçylaryň gämisi”, “Uçýan tarelkalar” attraksionlary olarda uly şatlyk duýgusyny döretdi. 

Biziň myhmanlarymyz şäheriň “Deňiz merjeni” dynç alyş seýilgähinde Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleri bolan Soltan Sanjaryň kümmetiniň, Gutluk Timuryň minarasynyň, Daýahatyn kerwensaraýynyň hem-de Dinozawrlaryň aýak yzlary galan ýapgydynyň kiçeldilen nusgalaryna uly gyzyklanma bilen seretdiler. 

- Hemme zat – deňiz, gün, dürli güýmenjeler örän täsin diýip biziň ýurdumyzyň myhmany Aýna Jumaýewa gürrüň berýär. 

- Men deňizde bolmagy hemişe arzuw edipdim diýip, Aýgül Annaýewa jorasynyň gürrüňine goşulyşýar. – Meniň arzuwymyň hasyl bolmagyna kömek berenleriň ählisine sag bolsunymy aýdýaryn. 

Çuňňur hoşallyk sözlerini diňe bir çagalar aýtman, eýsem olaryň ýanlary bilen gelen mugallym we lukman hem aýdýar. Biz bolsa öz tarapymyzdan täjik dostlarymyz üçin Türkmenistanyň çagalar arzuwynyň amala aşýan ýurdy bolup galýandygy üçin şatdyrys. 

Myhmanlaryň “Awaza” Milli syýahatçylyk solagynda bolandyklary barada ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder