Türkmen paýtagtynyň şu günki güni halkymyzyň beýik Arkadagy—milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän mähriban Watanymyzyň keşbini düýpli özgerden beýik işlere bagyşlanan baýramçylyk dabaralaryna beslendi.
Medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda şu gün Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde dabaraly çäre geçirildi.
Duşuşyga gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, halkyň zähmet we döredijilik işleri bilen gurşalyp alnan beýik Watanymyzyň her bir güni Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistany gülläp ösüşiň täze belentliklerine çykaran ösüşlere beslenen düýpli özgertmeleriň başyny başlaýjysy we ruhlandyryjysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeçillik strategiýasynyň üstünlikli we öňdengörüjiliklidigini bütin dünýä görkezýär. Ähmiýetli binagärlik açylyşlary, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde medeniýet, durmuş, senagat ähmiýetli köpsanly desgalaryň yzygiderli ulanmaga tabşyrylmagy muňa şaýatlyk edýär.
Duşuşyk meşhur artistleriň we ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň baýramçylyk konserti bilen tamamlandy. Oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň abadançylygy baradaky yzygiderli aladasy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür hem-de berkarar Watanymyzyň bähbidine alyp barýan uly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.
Agşamara dabaralar ak mermerli paýtagtymyzyň owadan künjekleriniň birinde, Aşgabat şäheriniň merkezinde dowam etdi. Bitaraplyk we Atamyrat Nyýazow şaýollarynyň kesişýän töwereklerinde “Arkadag” diýen medeni we dynç alyş täze seýilgäh peýda boldy.
Aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň müňlerçesi toplumyň açylyş dabarasy mynasybetli uly baýramçylyga gatnaşdylar. Bu seýilgäh açyk asmanyň astynda medeni çäreleri geçirmek we dynç almak üçin ähli ýokary talaplara laýyk gelýän häzirki zaman şäher binagärlik-seýilgäh toplumynyň özboluşly ajaýyp görnüşi bolup durýar.
Aşgabat şäheriniň giň jemgyýetçiliginiň köpsanly arzuw-islegleri boýunça seýilgähiň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatyna “Arkadag” diýlip atlandyrylmagy özboluşly mana eýedir.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň başyny başlan paýtagtymyzy ösdürmegiň uly möçberli şähergurluşyk maksatnamasy hil taýdan täze, türkmenistanlylaryň durmuşynyň ýokary ölçeglerini üpjün etmäge, döredijilikli zähmeti we dynç almagy üçin hemme şertleri döretmäge gönükdirilendir.
Ol ýaşaýyş we bagy-bossançylyk toplumlaryny, medeni, sport merkezlerini we işewürlik durmuşyny sazlaşykly utgaşdyrýan oýlanyşykly özboluşly pikirler bilen şäheriň täsin binagärlik keşbini döretmäge mümkinçilik berdi. Paýtagtymyzyň iň owadan we döwrebap Atamyrat Nyýazow adyndaky şaýoly hem şol özgertmeleriň mysalydyr. Durky düýpli täzelenenden soň, tanalmaz derejede özgeren şaýoluň ugrunda ak mermerli binalaryň—edaralaryň, töweregi abadanlaşdyrylan belent gatly ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasy guruldy.
Durmuş-medeni ähmiýetli täze desga 7 gektar meýdanda ýerleşip, belent binalaryň—ajaýyp “Oguzkent” myhmanhanasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň dolandyryş binalary bilen binagärlik toplumyny özboluşly jemleýär.
Seýilgähiň ajaýyp taslamasy Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça “Aşgabatabatlaýyşgurluşyk” önümçilik birleşiginiň “Ussat” golçur kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Iň döwrebap inžener-binagärlik çözgütlerine we innowasion tehnologiýalaryna laýyklykda gurlan seýilgäh bagy-bossanlyga bürelen uly çäklerde ýerleşen desgalaryň toplumyndan ybaratdyr. Täsir galdyrýan görnüşler dessine merkezi girelgäniň giň basgançaklarynyň aňyrsynda açylýar. Ol ýerde Oguzhanyň sekiz burçly ýyldyzy görnüşinde suw çüwdürimleri deň ikä bölünip, olaryň arasynda sekiz metrlik sagatly diň oturdylypdyr.
Uly dabaraly çäreleri geçirmek üçin giň meýdançany belent arka gurluşy bezeýär. Olarda äpet monitorlar oturdylypdyr. Bu ýerde hemme zat seýilgähe gelýänleriň dynç almagy üçin gurnalypdyr—bezeg yşyklandyryjylar we amatly oturgyçlar goýlupdyr. Seýil edilýän ýodalar hersi 50 orunlyk bolan kafeleriň ikisine tarap alyp barýar. Şol ýerde göwün islegiňe görä, süýji-köke önümlerini we şireli suwlary, ýakymly ysly kofeden peýdalanyp bolýar.
Elbetde, taslamany düzüjiler çagalara aýratyn üns beripdirler. Körpeleriň saglygy üçin howpsuzlyk maksady bilen, ýörite tehnologik örtükler düşelen çagalaryň oýun meýdançalarynyň ikisi dürli belentlikler we hiňňillikler, ýeňil bedenterbiýe maşklary üçin enjamlar bilen enjamlaşdyrylypdyr. Bu ýerde şeýle hem maşgala bolup dynç almak üçin nepis telärler gurlupdyr.
Hemme ýerde gül toplumlary hem-de bezeg we ýerli baglaryň ýaş nahallary ekilipdir. Olar ýakyn geljekde bu ýerde ösüp ýetişip bagy-bossanlyk döreder.
Adamlar hakda, şol sanda ýaş nesiller hakynda alada, dynç almaga amatly ýagdaýy we oňaýly şertleri döretmek ýurdumyzda durmuşa geçirilýän şähergurluşyk syýasatynyň wajyp ugurlary bolup durýar. Täze “Arkadag” seýilgähi bu maksatlara doly derejede gabat gelýär.
Şu gün bu ýere, seýilgähiň baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançasyna Türkmenistanyň Hökümetiniň we Mejlisiniň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, şäher häkimliginiň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar ýygnandylar.
Baýramçylygyň özi paýtagtymyzyň şaýoly boýunça köpçülikleýin ýörişden başlandy. Oňa hormatly ýaşulular, medeniýet we sungat işgärleri, şäheriň köpsanly ýaşaýjylary, ýaş türkmenistanlylar gatnaşdylar.
Paýtagtymyzyň döredijilik we çagalar toparlary myhmanlary aýdym-saz çykyşlary bilen garşylaýarlar. Soňra dabaraly sazyň we bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmagy bilen toý bagy kesilýär we “Arkadag” seýilgähi açylýar. Şol pursatda dürli reňkli howa şarlary asmana uçurylýar.
Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, Aşgabat şäheri dünýäniň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Ol halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetli merkezi, sebit we dünýä derejesindäki syýasy-ykdysady, medeni we ylmy merkez hökmünde dünýä üçin açykdyr.
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek, aşgabatlylaryň we ähli türkmen halkynyň abadan durmuşy hakynda edýän hemmetaraplaýyn aladasy üçin çuňňur hoşallyk sözleri beýan edildi.
Soňra meýdançada ýaýbaňlanan uly konsert şu günki dabaranyň baýramçylyk pursadyna öwrüldi. Ýurdumyzyň sungat ussatlary, zehinli artistler, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne bagyşlanan edebi-sazly çykyşy görkezdiler. Ýaş artistleriň ýerine ýetirmeginde paýtagtymyz Aşgabat we gahryman Arkadag baradaky joşgunly aýdymlar ýaňlandy.
Şu gün baýramçylyk dabaralary ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hem geçirildi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder