Marynyň ýüňi gaýtadan işleýän kärhanasynyň ýylda ýuwulan ýüňüň 4000 tonnasyny öndürmäge niýetlenen täze önümçilik bölümi taslama kuwwatlylygyna çykýar.
Bu önümçilik “Türkmenhaly” Döwlet birleşiginiň şertnamasy boýunça “Gün” hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylar topary tarapyndan ýerine ýetirildi. Täze bölüm – özüniň içerki we daşarky senagat taýdan gurluşy, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen, içerki we daşarky inženerçilik kommunikasiýalary, daş-töwereginiň abadanlaşdyrylmagy bilen giden bir zawod ýalydyr.
Bu ýerde eýýäm ýuwulan ýüňüň dört ýüz tonnadan gowragy öndürildi. Şeýlelik bilen, bu täze kärhana bir gije-gündiziň dowamynda ortaça ýuwulan ýüňüň sekiz tonnasyny bermek bilen, önümiň depgini taslama tabşyrygyny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Bölümiň önümçilik meýdanynyň bütin dowamyna, bu bolsa 120 metrdir, ýüňi tapgyrlaýyn gaýtadan işleýän akym liniýalarynyň iksi ýerleşýär. Taýýar ýuwulan ýüň her biri 200 kilogram bolan daňyda ýerine ýetirilýär.
Täze gaýtadan işleýän kuwwatlyklar daşky gurşawy goramagyň häzirki zaman talaplaryny göz öňünde tutmak bilen taslanyldy hem-de guruldy. Ýüňi ýokary netijeli gaýtadan işlemek hem gönüden-göni ýüňi ýuwmak üçin, hem bu gymmat bahaly çig maly zyýansyzlandyrmak üçin dürli reagentleri ulanmak we häzirki zaman enjamlaryny peýdalanmak arkaly alnyp barylýar. Elbetde bu işleriň ählisi suwy köp mukdarda talap edýär. Bu möçberdäki suw Murgap derýasynyň golaýynda gurulan kuwwatlylygy 3 müň kubmetr bolan suw arassalaýjy desga arkaly üpjün edilýär.
Täze önümçilikde bölümiň işgärleri üçin sagdyn howpsuz şertleri üpjün etmäge uly üns berildi. Hususan-da, oýun we sport meýdançaly gök seýilgäh dynç alyş zolagy bu bölüme örän ýakyn ýerleşýär.
Mary welaýatynyň çäklerinde täze häzirki zaman ýokary tehnologiýaly önümçiligiň döredilmegi iki sebäp bilen şertlendirilýär. Olaryň ilkinjisi – umuman Türkmenistanda, aýratyn-da, Murgap sebtinde, ýokary ösen maldarçylyk pudagynyň bolmagydyr. Bu ýerde, eýeçiligiň ähli görnüşindäki maldarçylyk hojalyklarynda dowarlaryň bäş milliondan gowragy bardyr. Şunlukda onuň bäşden bir bölegi ýurduň günorta etraby bolan Serhetabat etrabyna, maldarçylyk hojalyklaryna degişlidir. Olar ýüňi senagat taýdan gaýtadan işlemäge esasy üpjün edijiler bolup durýarlar. Bu ýerli maldarlaryň däbe öwrülen ussatlygy, şeýle hem Parapamiz dag etekleriniň landşaft häsiýetleri bilen düşündirilýär.
Ikinji ýagdaý bolsa öňki könäniň ýerine halkyň milli buýsanjy bolan we giňden ýaýran halyçylyk senedinde giňden ulanylýan täze häzirki zaman ýokary tehnologiýaly ýüňi ýuwýan önümçilik bolup durýar . Türkmenistanda haly dokamaklyk – bu iri pudak bolup, onuň önümleri hem içerki bazarlarda, hem daşary bazarlarda uly islegden peýdalanýar.
Täze önümçilik ýurtda hereket edýän çeper halyçylyk kärhanalarynyň, täze haly fabrikleriniň we önümçilik bölümleriniň, şeýle hem “Türkmenhaly” Döwlet birleşiginiň Mary boýag-haly kärhanasy we Mary ýüňi ilkinji gaýtadan işleýän kärhanasy ýaly baýry kärhanalarynyň düzüm bölegine öwrüldi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder