Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan hokkeý boýunça ýaryş “Galkan” toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Şenbe güni Aşgabadyň Gyşky oýunlar sport toplumynyň buzly meýdançasynda ýurdumyzyň çempiony aýgytlaýjy duşuşykda “Nesil” toparyny 8:5 hasabynda utdy.
Ýaryşlarda bu toparlardan başga-da, sportuň bu görnüşiniň janköýerlerine eýýäm belli bolan “Oguzhan”, “Watançy”, “Bürgüt”, “Şir”, “Alp Arslan” we “Merdana” toparlary çykyş etdiler. Olar iki toparça bölünip, toparçada birinji we iknji orunlary alanlar ýarym final oýunlarynda medallar üçin bäsleşikleri dowam etdiler.
Ozal geçirilen ähli milli derejedäki ýaryşlarda ýurdumyzyň diňe üç topary - “Galkan”, “Şir” we “Oguzhan” medallar ugrunda esasy dalaşgärler hasap edilýärdi. Emma bu gezekki ýaryşlar “Nesil” toparyny hem öňdäkileriň hataryna goşdy, ýurdumyzyň güýçli hokkeý topary “Oguzhany” ýarym finalda 10:2 hasabynda utup, ilkinji gezek altyn medal ugrunda bäsleşmäge mümkinçilik aldy.
Aýgytlaýjy duşuşygyň öň ýanynda figuralaýyn typmak boýunça ýaşajyk türkmen türgenleriň görkezme çykyşlary boldy. Duşuşygyň ilkinji pursatlarynda “Galkan” topary hüjüme geçip başlady. Netijede, oýnuň birinji bölegi 6:1 hasabynda Türkmenistanyň çempionynyň peýdasyna tamamlandy. Bu ýagdaý “Nesiliň” tälimçileri Sylap Babaýewi we Oleg Puntýuny arakesme wagtynda oýna üýtgetmeler girizmäge mejbur etdi.
Duşuşygyň dowamy şol üýtgetmeleriň “Nesile” oňyn täsir edendigini görkezdi: ikinji 20 minutlykda hokkeýçileriň tälimçileriň görkezmelerini birkemsiz ýerine ýetirip, goragda ygtybarly oýnamak bilen birwagtda garşylyklaýyn hüjüme geçmekleri netijesinde bäsdeşleriň derwezesine 2 hokkeý topy geçirildi. Üçünji döwürde hem “Nesil” artykmaçlygyny saklady. 48-nji minutda talyplar ýene bir gezek tapawutlanyp, hasaby 6:4-e ýetirdiler.
Üstünlige ruhlanan “Nesil” topary ýene hüjüme geçmek bilen, öz derwezesini goramagy gowşatdylar. “Galkan” topary mundan peýdalanyp, bäş minudyň dowamynda iki hokkeý topuny geçirip, öz hasabyny artdyrdylar. Oýnuň galan wagtynda “Nesil” diňe bir gezek tapawutlanmagy başardy. Netijede, duşuşyk 8:5 hasabynda Baýram Allaýarowyň tälim berýän toparynyň peýdasyna tamamlandy we olar özleriniň häzirki wagtda ýurdumyzda iň güýçli topar bolup durýandyklaryny subut etdiler.
Bürünç medal ugrunda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky geçen ýylky halkara ýaryşynda finala çykan “Şir” we “Oguzhan” toparlarynyň duşuşygy hem çekeleşikli boldy. Bu oýun üç sagada golaý dowam edip, ýaryşlaryň iň uzaga çeken duşuşygy boldy.
Oýnuň iň soňky pursadyna çenli ýeňiji mälim bolmady. “Şir” topary öňde barsa-da, onuň artykmaçlygy diňe ýeke-täk hokkeý topuna deňdi. “Oguzhan” topary yzygiderli hüjüme geçip başlady. Olara oýnuň netijesini deňlemek üçin mümkinçilikler hem boldy, sebäbi üç sagada çeken oýnuň dowamynda “Şiriň” goragçylary ýadapdylar. Emma duşuşygyň tamamlanmagyna 20 sekunt galanda “Şir” topary tapawutlandy we hasap 6:4 bolup, “Şir” toparynyň oýunçylary bürünç medala mynasyp boldular.
Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp geçirilen hokkeý boýunça nobatdaky ýaryş biziň hakydamyzda nähili galarka?
Şu gezekki ýaryşlaryň barşynda hokkeýçiler jemi 200 gezek hokkeý topuny geçirdiler. Bu örän ýokary netijedir. Olaryň 13-si “Galkanyň” hüjümçisi Ahmet Gurbanowa degişlidir, ol ýaryşda iň köp hokkeý topuny geçiren oýunçy boldy.
Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti we Sportuň gyşky görnüşleri boýunça milli merkezi guramaçylar hökmünde ýörite baýraklary bellediler. Ýaryşda ýeňiji bolan toparyň oýunçusy Aman Aganyýazow iň gowy hüjümçi, “Şir” toparynyň wekili Saparmyrat Akmyradow şu ýaryşlaryň iň gowy oýunçusy, “Nesil” toparynyň hokkeýçileri Bahadur Bazarow we Bekşat Baýramow iň ygtybarly derwezeçi we goragçy diýlip yglan edildi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder