Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi, olar Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostluk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassykladylar. Bellenilişi ýaly, Russiýa Federasiýasynda ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şol hyzmatdaşlygyň esasyny bolsa dürli ulgamlarda üstünlikli gatnaşyklaryň köp ýyllyk tejribesi düzýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Milli Liderimiz, öz nobatynda, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine hem-de Hökümetiniň Başlygyna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ýyl-ýyldan täze many-mazmuna eýe bolýan türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen belledi.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada özara gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň, şol sanda Türkmenistanyň we Russiýanyň Baştutanlarynyň geçen ýylyň sentýabrynda Astrahanda, IV Hazar sammitiniň çäklerinde bolan duşuşygy mahalynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, birek-birege hormat goýmak we uzakmöhletleýin esasda guralýan hem-de strategiki häsiýete eýe bolan netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi. Nygtalyşy ýaly, döwletara, hökümetara hem-de beýleki derejelerde, şol sanda daşary işler ministrlikleriniň ugry boýunça geçirilýän yzygiderli duşuşyklar we gepleşikler bu kuwwatdan netijeli peýdalanmaga ýardam edýär. Şol gepleşikler bolsa häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de geljek üçin meýilnamalary nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň zerur bolan usullaryny işläp taýýarlamak üçin mümkinçilikleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiz we myhman türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak babatynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň okgunly ösýändigini nygtadylar. Mälim bolşy ýaly, Russiýa ýurdumyzyň iri daşary söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Russiýa Federasiýasynyň işewür toparlary amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýärler. Türkmenistanda Russiýanyň meşhur kompaniýalary netijeli işleýärler, olar bilen bilelikde dürli ulgamlarda möhüm taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirildi we hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň we hyzmatdaşlygyň meselelerine oňaýly çemeleşmeleri kemala getirmegiň täsirli guraly hökmünde Hökümetara türkmen-russiýa toparyna möhüm orun berilýär.
Şeýle hem Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň – Tatarystan Respublikasynyň, Swerdlowsk we Astrahan oblastlarynyň, Sankt-Peterburg şäheriniň, Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň arasyndaky yzygiderli ösýän hyzmatdaşlygyň üstünlikli döwletara gatnaşyklarynyň aýdyň mysaly bolup durýandygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri türkmen–russiýa gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolan medeni-gumanitar ulgamda hyzmatdaşlyk meselesi barada durup geçip, bilim we ylym ulgamynda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny nygtadylar. Häzirki wagtda Aşgabatda hereket edýän A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebi bu gatnaşyklaryň aýdyň nyşanlarynyň biridir. Şunda milli Liderimiz we myhman medeniýet we sungat ugry boýunça özara bähbitli gatnaşyklary dowam etmegiň möhümdigini bellediler.
Söhbetdeşligiň çäklerinde, Türkmenistanyň Baştutany we Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygyny baýram etmek meselesi barada durup geçip, geljekki nesilleriň parahat we bagtyýar ýaşaýşy üçin faşizme garşy bilelikde söweşen doganlyk halklaryň edermenligini alamatlandyrýan bu şanly senäniň möhümdigini nygtadylar.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we myhman, ilkinji nobatda, sebit we ählumumy möçberde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge degişli halkara syýasatynyň wajyp meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, BMG-niň, GDA-nyň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde däp bolan hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ygrarlydygy tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow hoşlaşanlarynda, türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň köpden bäri dowam edip gelýän dostluga daýanyp, mundan beýläk hem işjeň ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.
* * *
Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň ýolbaşçylygyndaky Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň gün tertibine döwletara türkmen-russiýa gatnaşyklaryny ösdürmegiň, onuň esasy ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň geljeginiň möhüm meseleleri girizildi.
Sebit we halkara meseleleriniň möhüm ugurlary hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem taraplaryň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky yzygiderli geçirilýän we netijeli häsiýete eýe bolan geňeşmeleri dowam etmäge çalyşýandygy beýan edildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2015-nji ýyl üçin hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekildi.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2709
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder