Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümleriniň işleri hakynda hasabat bermek bilen milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmäge gönükdirilen esasy maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary döwletlere iberilýän möçberini artdyrmak boýunça netijeli usullary işläp taýýarlamak maksady bilen toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen bagyllykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagynda taslamalary amala aşyrmak boýunça teklipleriň birnäçesi beýan edildi.
Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň hukuk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barlan işler barada hem habar berdi. Milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, ykdysady işleri düzgünleşdirýän kanunçylyk hem-de kadalaşdyryjy namalara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda teklipleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hususy telekeçilik üçin milli ykdysadyýetimizde iş alyp barmagyň ugurlarynyň giň gerime eýe bolýandygyny nygtady. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn ykdysady özgertmeleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanmak bilen belläp, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara teklipleri düýpli seljermegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz hojalyk ulgamynyň durnukly işlemegi üçin geljekde hem anyk ädimleri ätmegiň gerekdigini aýdyp, ýurdumyzda ykdysady gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunçylygy yzygiderli seljermegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetiň ösüşiniň meýillerini we häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, degişli kadalaşdyryjy-hukuk resminamalaryny işläp taýýarlamak hakynda teklipleri öz wagtynda taýýarlamagyň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow ministrligiň alyp barýan işleri hakynda habar bermek bilen, Hazar deňzinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlaryny amala aşyrmak boýunça geçirilýän işler hasabat berdi.
Goňşy ýurtlar bilen dostlukly, deňhukukly gatnaşyklary ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Hazarýaka döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berilýär. Milli Liderimiziň 2007-nji ýylyň oktýabr aýynda Tähranda, 2010-njy ýylyň noýabr aýynda Bakuda we 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Atsrahanda geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklarda öňe süren strategiki ähmiýetli halkara başlangyçlary şu maksatlara ýetmäge gönükdirilendir.
Milli Liderimiziň öňe süren teklipleri esasynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň we Russiýanyň wekiliýetleri tarapyndan birnäçe Ylalaşyklar işlenilip taýýarlanyldy we olaryň bäştaraplaýyn esasda gol çekilmegi gazanyldy. Bu resminamalaryň arasynda 2014-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde IV Hazar sammitiniň dowamynda gol çekilen “Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini gorap saklamak we rejeli peýdalanmak hakyndaky” Ylalaşygy we “Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň netijelerini aradan aýyrmak babatda hyzmatdaşlyk hakyndaky” Ylalaşygy” görkezmek bolar. Häzirki wagtda taraplar bu ylalaşyklary tassyklamak boýunça netijeli işleri alyp barýarlar. Şunuň bilen baglylykda, bu möhüm resminamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin Hazarýaka ýurtlaryň degişli döwlet düzümleriniň gatnaşmagynda ýakyn wagtda bäştaraplaýyn duşuşygy geçirmegiň maksada laýykdygy bellenildi. Wise-premýer, şu ýylyň 4-5-nji martynda Baku şäherinde geçiriljek Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýörite iş toparynyň nobatdaky duşuşygynda türkmen tarapyndan degişli teklipleriň taýýarlanýandygyny belledi.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz IV Hazar sammitinde goňşy döwletler bilen ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak we olary ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin “Hazarýaka döwletleriniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky” Ylalaşygyň taslamasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi, şeýle hem bu Ylalaşygy iş ýüzünde amala aşyrmagyň guraly hökmünde hemişelik esasda hereket edýän Hazar Ykdysady Forumyny döretmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz tarapyndan Hazar deňzi sebitinde halkara ulag ulgamyny ösdürmek, bu sebitde ulag geçelgelerini döretmek we olaryň üsti bilen Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda gatnawlary işjeňleşdirmek üçin “Hazarýaka döwletleriniň arasynda ulag hyzmatdaşlygy hakyndaky” Ylalaşygy işläp taýýarlamak baradaky teklip beýan edildi. Şu babatda hormatly Prezidentimiz bu ugur boýunça iri halkara taslamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen Hazar sebitleýin ulag logistika merkezini döretmek baradaky pikiri öňe sürdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar deňzinde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça möhüm başlangyçlarynyň biri hem deňiz meseleleri bilen meşgullanýan hünärmenleri taýýarlamak üçin bir bitewi ulgamy döretmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň goldawy bilen Türkmenistanda her ýyl yzygiderli esasda Hazarýaka döwletleriniň halkara deňiz hukugy, ekologiýa, kartografiýa we beýleki ugurlar boýunça hünärmenleri üçin halkara okuw maslahatlary geçirilýär.
Şu ýylyň martynda “Hazar deňzi—durnukly ösüş we dolandyryş” atly okuw maslahaty üçünji gezek “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Şunuň bilen birlikde, türkmen hünärmenleriniň degişli halkara forumlaryna yzygiderli gatnaşmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Hazar deňzi bilen baglanyşykly meseleleriň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynda möhüm orun eýeleýändigini nygtady. Bu ugurda ýurdumyz hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan strategiýany durmuşa geçirip, milli bähbitleri we Hazar meselesine degişli wezipeleri çözmekde tagallalaryň birleşdirilmegini nazara almak esasynda netijeli gatnaşyklar ugrunda çykyş edýär. Türkmenistanyň iri forumlaryň işine, şol sanda Hazarýaka ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz Hazar meseleleri boýunça möhüm duşuşyklaryň, degişli düzümleriň mejlisleriniň, okuw maslahatlarynyň we beýleki çäreleriň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Hazar deňziniň meselelerinde, şol sanda netijeli uzakmöhletleýin gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde Hazarda döwletara gatnaşyklarynyň häzirki zaman hukuk esaslaryny döretmäge degişli meselelerde işjeň orny eýelemäge ygrarlydygyny tassyklady. Şu babatda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň başlangyçlaryny, şol sanda Astrahan duşuşygynda beýan edilen hem-de Hazar sebitinde netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, Hazarda hyzmatdaşlygyň dürli meselelerini kadalaşdyrmagyň deňagramly halkara-hukuk gurallaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilen başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça maksada laýyk işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, wise-premýere, daşary işler ministrine Türkmenistanyň oňyn tekliplerini, hususan-da, Hazarýaka ýurtlarynyň söwda-ykdysady we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy boýunça teklipleri ilerletmek hem-de däp bolan gatnaşyklary ösdürmäge kuwwatly itergi berjek degişli ylalaşyklary işläp taýýarlamak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, Türkmenistanyň öz tarapyndan Hazaryň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge, onuň biologiki köpdürlüligini aýawly saklamaga, gojaman Hazaryň baý serişdelerini rejeli ulanmaga, parahatçylygyň, dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň deňzi hökmünde onuň derejesini pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleri yzygiderli görjekdigini nygtady.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri hakynda habar berdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň deputatlaryň öňünde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksadynda Mejlis tarapyndan kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesini işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Şol kanunlar bolsa türkmen döwletini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalaryny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge, onuň demokratik esaslaryny pugtalandyrmaga, ileri tutulýan ugurlary ösdürmek üçin amatly hukuk şertlerini döretmäge ýardam etmelidir.
Deputatlaryň kanunçylyk resminamalary, umuman, Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasaty boýunça ýerlerde düşündiriş işlerini alyp barýandygy bellenildi. Ilatymyzy sagdyn durmuş ýörelgesine çekmäge we ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge gönükdirilen wagyz-nesihat işlerine uly üns berilýär. Halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, parlamentariler BMG-niň Türkmenistandaky sebit wekilhanalary tarapyndan geçirilýän çärelere, okuw maslahatlaryna gatnaşýarlar.
Mejlisiň ýolbaşçysy köp çagaly eneleri Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyna hödürlemek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet durmuş-ykdysady maksatnamalary we taslamalary mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, milli parlamentiň kanunçykaryjylyk işiniň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz umumy ykrar edilen hukuk resminmalarynyň üstünde işlemegiň, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen birlikde, olaryň milli kanunçykaryjylyk tejribesinde nazara alynmagynyň zerurdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz ilatyň, aýratyn hem ösüp gelýän nesliň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagyň ähmiýetini wagyz etmegiň wajypdygyny belläp, bu işi işjeňleşdirmegiň, onuň görnüşlerini we usullaryny giňeltmegiň möhümdigini nygtady.
Milli Liderimiz zähmetde we jemgyýetçilik işinde has tapawutlanan urdumyzyň zenanlaryny döwlet sylaglaryna hödürlemek baradaky meseläniň üstünde durup geçmek bilen, bu işiň örän jogapkärli çemeleşmäni talap edýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz ýerlerde deputatlaryň öz saýlawçylary bilen hemişe aragatnaşykda bolup, yzygiderli duşuşyp durmagy olaryň işiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, bu babatda işleriň döwrüň talabyna laýyk guralmalydygyny nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň, şol sanda şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly beren görkezmeleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp we ýakyn geljek üçin Aşgabady ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleri çözmekde möhüm orun eýeleýändigini belläp, paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň ýokary depginini üpjün etmek üçin möhüm çäreleriň görülmelidigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş şäheriniň durmuş-ykdysady düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtap, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy hakynda hasabat berdi. Häzirki wagtda gowaça ekişine giňden taýýarlyk görmek işleri dowam edýär, bu ekin üçin bölünip berlen ýerlerde sürüm, ýerleri tekizlemek, mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de haşal otlaryň garşysyna himiki serişdeleri ulanmak işleri geçirilýär.
Oba hojalyk ýerlerini gök-bakja ekinlerini ekmek üçin taýýarlamagyň çäklerinde 14 440 gektar meýdanda sürüm işleri geçirildi. Oba hojalyk önüm öndürijileri ýokary hilli tohum we zerur tehnika bilen üpjün etmek boýunça degişli işler dowam edýär. Pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň hünärmenleriniň gatnaşmagynda gök ekinlerden ýokary hasyl almak, bu ulgamda agrotehnikanyň öňdebaryjy usullaryny peýdalanmak babatda tejribe alyşmak boýunça okuw maslahatlary guralýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk toplumyny özgertmek boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan işleriň möhüm ugry hökmünde ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň we agrotehniki kadalaryň birkemsiz berjaý edilmegine uly üns bermegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şol özgertmeleriň maksady oba hojalyk pudagyny häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän täze sepgitlere çykarmakdan ybaratdyr. Milli Liderimiz ýurdumyzda ekerançylyk, gök önümleriň, miweleriň we bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmagy möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Munuň özi ilatyň ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmaga ýardam eder.
Ak ekine ideg etmek hem-de ýaz-meýdan işlerine, şol sanda gowaça ekişine we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek babatda hem wise-premýere anyk görkezmeler berildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň düzümleriniň gurýan bu gaz geçirijisiniň uzynlygy 773 kilometre barabardyr. Häzirki wagtda onuň 574 kilometrlik böleginde kebşirlemek işleri ýerine ýetirildi. Meýilnama boýunça gaz geçirijiden ýylda 30 milliard kub metr tebigy gazy akdyrmak göz öňünde tutulýar. Tebigy gaz “Galkynyş” gaz käninden gaz gysyjy bekediniň kömeginden peýdalanman, göni akdyrylan ýagdaýynda soňky nokat bolan “Belek” gaz gysyjy bekedine çenli 14 milliard kub metr tebigy gazy akdyryp bolar. “Şatlyk-1” gaz gysyjy bekediniň gurulmagy bilen “Belek” gaz gysyjy bekedine çenli ýylda 15 milliard kub metr gazy akdyrmak mümkinçiligi bar. Gaz geçirijini doly kuwwatynda işletmek üçin 7-8 sany gaz gysyjy beketleri tapgyrlaýyn esasda gurmak göz öňünde tutulýar. Bu gaz geçirijisiniň gurluşygyny 2015-nji ýylyň dekabrynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň iri gaz ýataklaryny birleşdirjek “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu turbageçiriji döwrebap gaz geçiriji düzümiň möhüm bölegi bolar. Türkmenistan milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň artýan zerurlyklaryny, halkara energetika bazarlarynda energiýa serişdelerine bolan islegi nazara almak bilen, bu düzümi yzygiderli döwrebaplaşdyrýar we ösdürýär.
Giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzda täze senagat kärhanalary, gaztrubinaly elektrik beketleri, durmuş maksatly desgalar yzygiderli ulanmaga berilýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Olaryň durnukly işlemegini üpjün etmek, täze ilatly ýerleri gazlaşdyrmak boýunça wezipeleri netijeli çözmek üçin tebigy gazyň goşmaça uly möçberleri zerur bolup durýar.
“Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen, Türkmenistanda bitewi gaz geçiriji ulgam dörediler. Munuň özi tebigy gazy islendik ugurda ibermäge mümkinçilik berer. Hususan-da, gürrüň, “mawy ýangyjy” uglewodorod serişdeleriniň baý gorlarynyň jemlenen ýeri bolan Mary we Lebap welaýatlaryndan okgunly ösýän Hazarýaka sebitine ibermek barada barýar.
Gaz geçirijisiniň gurluşygy onuň netijeli işlemegini üpjün etjek zerur bolan ýerasty düzümiň döredilmegini hem talap edýär, degişlilikde müňlerçe täze iş orunlary dörär. Öz nobatynda, munuň özi halkymyzyň abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyna ýardam eder. Bu bolsa türkmen döwletiniň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Ähli babatda strategiki taýdan möhüm ähmiýete eýe bolan bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine ýurdumyzyň öz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagynyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak baradaky giň möçberli meýilnamalaryny nazara almak bilen, Türkmenistanyň ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň ýolundaky möhüm ädimi hökmünde baha bermek bolar. Isleglere laýyklykda, daşary ýurtlara iberilýän ýangyjyň möçberlerini Hytaý, Eýran, Russiýa ugurlary boýunça häzir bar bolan gaz geçirijileri arkaly, şeýle hem göz öňünde tutulýan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan-Hindistan, Hazarüsti we beýleki ugurlar boýunça artdyrmak bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Türkmenistan ýangyç çig malyny dünýä bazarlaryna ibermegiň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmek baradaky başlangyçlary bilen çykyş edip, öz tarapyndan olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin anyk çäreleri görýär hem-de ygtybarly energiýa üpjünçiligi babatda bütin adamzadyň öňünde durýan wezipeleri netijeli we toplumlaýyn çemeleşmäni görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygyny bellenen möhletde we ýokary hilli tamamlamak üçin ähli zerur çäreleri görmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa şu ýylyň 5-7-nji marty aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu çäräni geçirmek üçin ýurdumyza dostlukly ýurduň medeniýet işgärlerinden we sungat ussatlaryndan ybarat wekiliýeti geler. Onuň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň folklor aýdym-saz toparynyň konserti, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi we kinofilmleriň görkezilişi bolar. EYR-nyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri türkmen we eýran sungat ussatlarynyň konserti bilen tamamlanar. Myhmanlar üçin medeni maksatnama taýýarlanyp, ol türkmen paýtagtynyň muzeýlerine we gözel ýerlerine barlyp görülmegini öz içine alýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, goňşy Eýran bilen söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmek döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň gadymdan gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýandygyny we iki ýurduň halklarynyň bähbidine gabat gelýändigini nygtap hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň netijeli türkmen-eýran gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn berkitmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirip, bu çäräni ýokary derejede guramagy we geçirmegi tabşyrdy hem-de bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlaryny has-da kämilleşdirmek, sporty we syýahatçylygy ösdürmek, degişli düzümleri toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu ulgamlarda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň ähmiýetini nygtady. Şol ulgamlaryň ösdürilmegi bolsa Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň, dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmegiň hem-de bu ugurlarda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz ylym we bilim ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmelere ünsi çekip, ýokary bilimli ýaş nesli terbiýelemäge, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga, ylmyň amaly tarapyna degişli ähli meselelere uly üns bermegiň möhümdigini nygtady. Munuň özi ýurdumyzyň okgunly ösmeginiň wajyp şertleriniň biridir.
Milli Liderimiz ilatymyzy, ilkinji nobatda, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleýin meşgullanamaga çekmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek boýunça möhüm ädimleriň ädilmeginiň wajypdygyny nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar bermek bilen, senagat pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny we önümçilik kuwwatyny has-da berkitmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler, şeýle hem birnäçe taslamalaryň amala aşyrylmagynyň barşy hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, senagat toplumyny ösdürmek, onuň pudaklaýyn düzümini pugtalandyrmak we giňeltmek boýunça ähli işleriň milli ykdysadyýetimizi dünýä derejesine çykarmak, ýurdumyzyň ägirt uly serişdeler kuwwatyny doly amala aşyrmak maksady bilen geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz içerki bazary ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmegiň, bäsdeşlige ukyply eksport ugurly senagat önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Möhüm desgalaryň gurulmaly möhletlerini we hilini berjaý etmek, iň gowy dünýä tejribesini we innowasion tehnologiýalary peýdalanmak bilen hereket edýän kärhanalaryň işiniň netijeliligini hem-de düşewüntliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur bolan ähli çäreleri görmegiň zerurdygyny aýdyp, milli Liderimiz wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik eýdän ministrliklerinde we edaralarynda alnyp barylýan işler, şeýle hem milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk senagatynda ýokary ösüş depginleriniň saklanýandygyny kanagatlanmak bilen belläp, giň gerimli gurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmagyň artýan depginlerini geljekde hem saklamagyň möhümdigini nygtady. Şol maksatnamanyň çäklerinde tutuş ýurdumyzda senagat we ýaşaýyş-durmuş maksatly köpsanly desgalar gurulýar. Şunda döwlet Baştutanymyz gurulýan ähli desgalaryň birkemsiz hilini üpjün etmek we olary ulanmaga bermegiň möhletlerini berjaý etmek ýaly meseleleri berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini aýtdy.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, döwletimiz gurluşyk kärhanalaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak üçin ýöriteleşdirilen tehnikalaryň ähli görnüşlerini peýdalanmak bilen ägirt uly goldaw we üns berýär. Hormatly Prezidentimiz döwrebap ýol-ulag düzüminiň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýandygyny belläp, bu pudaklaryň işini has kämilleşdirmegiň hem-de olarda öňdebaryjy tehnologiýalary we täze enjamlary giňden ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurlumyzyň ähli künjeklerinde hem-de paýtagtymyzda gurulýan ýollaryň we köprüleriň ýokary hilini üpjün etmegiň, olary gowy ýagdaýda saklamagyň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän pudaklarynda walnyp barylýan işler, Aşgabat şäherinde bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisini, hem-de türkmen-awstriýa işewürler maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi. Şol duşuşyklara Awstriýanyň wekiliýetiniň agzalary gatnaşar, onuň düzüminde döwlet edaralaryna we kompaniýalaryň 30-dan gowragyna wekilçilik edýän, söwda, gurluşyk, syýahatçylyk, saglygy goraýyş, energetika, dokma senagaty, innowasion tehnologiýalar we beýleki pudaklarda işleýän hünärmenleriň we işewürleriň 60-a golaýy bolar.
Türkmen-awstriýa bilelikdäki toparynyň 7-nji mejlisiniň barşynda ikitaraplaýyn özara bähbitli söwda-ykdysady, maliýe-tehniki hyzmatdaşlygy giňeltmek, ylym, bilim, syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Türkmenistanyň we Awstriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine türkmen-awstriýa işewürler maslahatynyň barşynda jikme-jik garalar. Awstriýa wekiliýetiniň ýurdumyza saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşyklary we Mary şäherinde ýerleşýän kärhanalaryň birnäçesine baryp görmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň, şol sanda Awstriýa Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmegiň türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň bu dostlukly ýurt bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy uzakmöhletleýin esasda giňeltmegi maksat edinýändigini aýdyp, öňde boljak işewürler maslahatlarynyň ähmiýetini nygtady. Olar däbe öwrülen, şeýle hem täze ugurlarda türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygyna täze itergi berer. Milli Liderimiz wise-premýere duşuşyklaryň degişli guramaçylyk derejesinde geçirilmegini tüpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ministrliklerinde we edaralarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuny gurmagyň barşy hem-de Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmen deňiz söwda floty müdirliginde durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi. “Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuny we Türkmen deňiz flotuny ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli baş meýilnamasyna” laýyklykda, täze halkara portuň umumy tutýan meýdany 138,5 gektara barabar bolup, onuň bir bölegi taslama boýunça deňziň içinde ýerleşer.
Slaýdlary görkezmek arkaly, ýerine ýetirilen işleriň möçberi, şol sanda dykyzlanýan topragy gysga möhletde taslama dykyzlygyna ýetirmäge mümkinçilik berýän döwrebap tehnogiýalary gurnamak boýunça amala aşyrylan işler barada aýdyldy. Taslama laýyklykda, täze halkara portuň gämi duralgalarynyň ýerleşjek ýerini çuňlaşdyrmak boýunça uly möçberli işleri geçirmek, hususan-da, umumy möçberi 7,5 million kub metr bolan topragy çykarmak wezipesi durýar.
Hasabat berlişi ýaly, geçirilen barlaglaryň netijeleri deňiz giňişliginiň ekologiýa taýdan arassalygyny we çykarylýan topragyň daşky gurşaw üçin howpsuzlygyny tassyklady. Şol ýerde port desgalarynyň toplumy ýerleşer. Şunuň bilen baglylykda, şol toprakdan emeli adany gurmak göz öňünde tutulýar, ol portdan 4 kilometr uzakda ýerleşip, müňlerçe guşlaryň gyşlajak ýerine öwrüler. Şol maksatlarda portuň gurluşygyndan çykaryljak topragy emeli ada daşamak üçin uzynlygy 5310 metr bolan turba geçirijisini gurnamak işleri uzynlygy 3800 metre barabar bolan bent gurnamak işleri güýçli depginde alnyp barylýar.
Wise-premýer maýa goýum taslamasyny amala aşyrmagyň esasy tapgyrlary hakynda-da habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanda kemala getirilýän häzirki zaman ulag-aragatnaşyk düzüminiň möhüm düzüm bölegi hökmünde Halkara portunyň ähmiýetini nygtady. Ol ýurduň mundan beýläk-de ösüşini üpjün etmäge, onuň durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösdürilmegine hem-de halkara logistika ulgamyna goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Halkara deňiz portuny ösdürmegiň geljegini nazara almagyň möhümdigine ünsi çekip, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ulag toplumynyň desgalary gurlanda portuň terminallarynyň çägini göz öňünde tutmak gerek. Bu ugurda täze ylmy işleri, tehnikalary ulanyp, işleri möhletinde ýerine ýetirilmegi üpjün edilmelidir.
Türkmenbaşy şäherinde täze halkara deňiz portunyň gurulmagy milli ykdysadyýetimizi hem-de tutuş sebiti ösdürmäge kuwwatly itergi berer. Ol diňe yklymda däl, esýem, dünýäniň halkara ulag geçelgesiniň iri üstaşyr merkezine öwrüler. Döwlet Baştutanymyz ulag toplumynyň esasy we kömekçi desgalaryny, şol sanda energetika, inženerçilik-tehniki düzümini gurmaga jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Olar ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelmelidir.
Hormatly Prezidentimiz deňizde ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak, deňiz portlaryny işletmek, ýurdumyzyň baş deňiz derwezesiniň ähli desgalarynyň gurluşygyna döwlet tehniki gözegçiligini amala aşyrmak babatda iň gowy dünýä tejribesini öwrenmegiň gerekdigini aýdyp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Şunda milli Liderimiz türkmen topragynyň gözel künjeginde ýerleşen "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň möhümdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, gurluşyk işleriniň barşynda deňiz gurşawynyň ekologiýa ýagdaýyny berk gözegçilikde saklamagy degişli ýolbaşçylardan talap etdi. Milli Liderimiz bu ýerde jana şypaly howany döretmek, guşlaryň we balyklaryň sanyny köpeltmek, howanyň arassalygyna yzygiderli gözegçilik etmek, deňziň we daşky gurşawyň arassalygyny saklamak, durmuşa geçirilmegi bellenilen senagat taslamalarynyň ekologiýa taýdan seljermesini geçirmek üçin degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady.
Daşky gurşawy goramak, eziz Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny aýawly saklamak we artdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Onuň esasynda ykdysady, durmuş ulgamlarynda we ekologiýa babatda wezipeleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşme goýuldy. Bu bolsa ähli babatda adamlaryň abadan durmuşynyň aýrylmaz şerti bolup durýar.
Milli Liderimiz Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň maddy--enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak meselesine ünsi çekip, döwletimiziň geljekde hem nebit önümlerini, gury ýükleri daşaýan tankerleri, ýolagçy gatnadýan paromlary, balyk tutýan gämileri satyn aljakdygyny aýtdy. Döwrebap gämileriň hasabyna deňiz flotunyň kemala gelmegi Türkmenistanyň deňiz söwda ýollaryny giňeltmäge we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisi jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder