12 Şubat 2015 Perşembe

Nazarbaýew Dollarsyzlaşma Çagyrýar

Gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew Birleşen Ştatlaryň we Ýewropa Bileleşiginiň Orsýete garşy girizen sanksiýalaryny «wagşylyk» hökmünde häsiýetlendirdi.

Ol bu sanksiýalaryň Gazagystana hem zyýan ýetirýändigini aýdyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetinde «dollarsyzlaşmaga» çagyrdy.

Nazarbaýew bu sözleri 11-nji fewralda, hökümet mejlisinde aýtdy we Orsýetiň, şol sanda Gazagystanyň bu  ykdysady kynçylyklardan mertebe bilen çykjagyna ynam bildirdi.

Nazarbaýew Milli banka gazak ykdysadyýetini dollarsyzlaşdyrmagy tabşyrdy hem-de kompaniýalary  we raýatlary amerikan dollarlaryny gazak teňňesine çalyşmaga çagyrdy.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2730

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder