15 Şubat 2015 Pazar

Hazarda Emeli Ada Gurlar.

Türkmenistan, Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň gurluşygynyň çäginde, Hazar deňziniň içinde emeli ada gurmagy nazarda tutýar. Bu barada ýurduň Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde habar berildi.

Resmi maglumata görä, Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuny we Türkmen deňiz flotuny ösdürmegiň  2020-nji ýyla çenli işlenip düzülen baş planyna laýyklykda, täze halkara portuň umumy tutýan meýdany 138,5 gektara barabar bolup, onuň bir bölegi, proekt boýunça, deňziň içinde ýerleşer we onda port desgalarynyň toplumy ýerleşer.

"Taslama dykyzlygy"

Türkmen telewideniýesi wise-premýer S.Satlykowyň hasabatynda  adaty ýagdaýda on ýylda dykyzlanýan topragy iki-üç aýyň içinde «taslama dykyzlygyna» getirmäge mümkinçilik berýän döwrebap tehnologiýalary gurnamak boýunça amala aşyrylan işler barada hem aýdylandygyny habar berýär.

Proekte laýyklykda, täze halkara portuň gämi duralgalarynyň ýerleşjek ýerlerini çuňlaşdyrma işleriniň umumy möçberiniň 7,5 million kub metre deň boljagy aýdylýar.

Mejlisde geçirilen barlaglaryň deňiz giňişliginiň ekologiýa taýdan arassalygyny we gazylyp alynýan topragyň daşky gurşaw üçin howpsuzlygyny hem tassyklandygy aýdylýar. Şol gazylyp alnan toprak esasynda guruljak emeli ada portdan dört km uzaklykda ýerleşer.

Aýdylmagyna görä, portuň gurluşygyndan çykaryljak topragy emeli ada daşamak üçin uzynlygy 5310 metr bolan turba geçirijisini gurnamak işleri, uzynlygy 3800 metre barabar bolan bent gurnamak işleri güýçli depginde alnyp barylýar.

Türkmen telewideniýesi S.Satlykowyň bu ugurdaky maýa goýum taslamasyny amala aşyrmagyň esasy tapgyrlary hakynda hem habar berendigini aýdýar.

Çykdajy, girdeji we ekologiýa aladalary

Emma habarda täze portuň gurluşygyna harçlanjak umumy döwlet serişdesiniň möçberi, ol gurluşykda işlejek türkmenistanly işçileriň sany we ýerli ilatyň täze gurluşykdan görjek anyk peýdasy, şeýle-de harçlanan maýanyň näçe ýylda we nähili ýagdaýda özüni ödejegi barada anyk sanlar aýdylmaýar.  

Türkmenistanyň prezidenti 2015-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda geçiren hökümet maslahatynda täze gurulmaly binalaryň we desgalaryň sanawyna hökman gaýtadan seredilmelidigini aýdypdy.

Prezident Berdimuhamedow täze port baradaky hasabaty diňläp, Türkmenbaşy şäherinde täze halkara portunyň gurulmagy «milli ykdysadyýetimizi we tutuş sebiti ösdürmäge kuwwatly itergi berer» diýipdir. Şeýle-de prezident degişli ýolbaşçylaryň ünsüni deňiz gurşawynyň ekologiýa ýagdaýyny berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyna çekipdir.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2735

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder