“Watan” kinokonsert merkezinde paýtagtymyzyň häkimliginiň we şäheriň medeniýet müdirliginiň bilelikde gurnamagynda bitaraplyk we parahatçylyk ýyly mynasybetli konsert geçirildi. Bu ýerde belli ýerine ýetirijileriň Ş.Allaberdiýewiň, Ş.Durdyýewiň, D.Bäşimowyň, P. Hamydowyň, G. Annamyradowanyň ýerine ýetiren aýdymlarynda paýtagtymyz we eziz Watanymyz wasp edildi.
“Aşgabat” tans toparynyň ýerine ýetiren “Gyz ýüregi” tans kompozisiýasy tomaşaçylaryň ýadynda galan çykyşlaryň biri boldy.
Şunuň ýaly konsertler halk folkloryndan gaýdýan milli ýerine ýetirijilik sungaty şöhlelendirmek maksady bilen geçirilýär.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder