16 Şubat 2015 Pazartesi

Syýahatçylyk Diplomatiýasy

Ozal habar berlişi ýaly, geçen hepdede “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy täze howa gatnawlarynyň ikisini açdy – indi ýolagçylar Aşgabat bilen Kuala-Lumpur (Malaýziýa), Riga (Latwiýa) şäherleriniň arasynda ýola goýlan howa gatnawlarynyň hyzmatyndan peýdalanyp bilerler. Bu howa ýollary diňe bir türkmen-malaýziýa we türkmen-latyş söwda-ykdysady hem-de gumanitar gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, raýatlaryň bu dostlukly ýurtlaryň dynç alyş- şypahana merkezlerine syýahatçylyk gezelençlerini amala aşyrmaga giň mümkinçilik berer. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň milli syýahatçylyk pudagynyň sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşindäki aýratyn ornuny belläp, bu ulgamda ýurdumyzyň içerki ösüşine hemmetaraplaýyn oňyn täsir etmäge, Garazsyz, Bitarap döwletimiziň parahatçylyk, dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän ýurt hökmünde abraýyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän kuwwatly binýadyň döredilendigini aýtdy. 

Bu baradaky gürrüň “Syýahat” žurnalynyň nobatdaky sanynda ýurdumyzda 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýip yglan edilmegine bagyşlanan “Syýahatçylyk diplomatiýasy “açyk gapylar” syýasatynyň ugrudyr” atly makalada dowam etdirilýär. 

Onda Türkmenistanyň dünýä döwletleri we halklary bilen ykdysady, ylmy we medeni gatnaşyklary giňeltmek babatynda geçen ýylda syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegine gysgaça seljerme syny berilýär, bu ulgamda bolup geçen esasy wakalar beýan edilýär. Bu pudagyň işgärleriniň Germaniýa, Awstriýa, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasyna, Hytaýa, BAE, Türkiýä, Gruziýa, Belarusa we beýleki ýurtlara amala aşyran iş saparlary täze işewür gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, öňki hyzmatdaşlar bilen aragatnaşygyň görnüşlerini täzelemäge, häzirki zaman syýahatçylyk işlerini guramak boýunça tejribeleri alyşmaga ýardam berdi. 



Ýurdumyza gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň hem sany barha artýar. 2014-nji ýylda Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary tarapyndan ýüz müňe golaý jahankeşdä syýahatçylyk hyzmaty edildi. Olar Ýewropadan, Aziýadan, Amerikadan gelýän syýahatçylyk toparlary we welosipedlerde hem-de awtomobillerde gezelenç etmegi halaýan kiçiräk toparlar we ýekelikde syýahat edýän adamlardyr. 

Sport ugry Türkmenistanyň halkara syýahatçylygynyň täze görnüşine öwrülýär. Bu daga syýahat etmek, atly gezelenç etmek, indi bolsa ýahtada gezelençleriň we syýahatçylygyň beýleki köp görnüşleriniň hyzmatlarydyr. Sport janköýerleriniň ýörite toparlarynyň syýahatyny guramak ýene bir täze ugurdyr, ýurdumyzyň iri sport ýaryşlarynyň we çempionatlarynyň geçirilýän merkezine öwrülýändigini hasaba alanyňda bu syýahatçylyk ugrunyň geljegi uludyr, ýakyn ýyllarda bolsa ýurdumyzda Aziada -2017 geçiriler. 

Ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan köptaraplaýyn özgertmeler dünýä ýurtlary bilen işjeň aragatnaşyklar arkaly dowam etdirlýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurtlara amala aşyrýan saparlarynyň gerimi we dürli döwletleriň baştutanlarynyň ýurdumyza saparlary Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň köpugurlydygyny görkezýär, ýokary derejede geçirilýän gepleşikler durmuşa geçirilýän iri möçberli özgertmeleri ugur edilýändigini subut edýär. Şol gepleşikleriň gün tertibine syýahatçylygy ösdürmek meseleleri hem girizilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda häzirki zaman syýahatçylyk düzümini döretmegiň geljeginiň örän uludygyna daşary ýurt işewürleriniň ünsüni çekýär we döwlet Baştutanymzyň hut özi Türkmenistanyň ägirt uly syýahatçylyk kuwwatynyň tanyşdyryş çärelerine gatnaşýar. 

Türkmen döwleti parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelrini yglan etmek we olary durmuşa geçirmek bilen, bu ýörelgeleri syýahatçylygy ösdürmek maksatnamasynda hem ugur edinip, işewürlik bähbitleri we ruhy gymmatlyklary utgaşdyrýar, dünýä syýahatçylyk giňişligine goşulyşmak boýunça iri möçberli taslamalary durmuşa geçirýär. 

Žurnalyň şu gezekki sanynda çap edilen “Türkmenistan-Gruziýa: hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri” atly makalada hem syýahatçylyk pudagy baradaky gürrüň dowam etdirilýär. Onda geçen ýylyň 15-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Prezidenti Giorgiý Margwelaşwiliniň Aşgabatda bolan gepleşikleriniň jemlerine garalýar. 

Döwletara hyzmatdaşlygynyň beýleki esasy ugurlary bilen bir hatarda, ýokary derejede geçirilen duşuşygyň gün tertibine däp bolan medeni-gumanitar gatnaşyklaryň möhüm meseleleri hem girizildi. Syýahatçylyk pudagy ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde görkezildi, Türkmenistanda we Gruziýada bu pudagy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Saparyň barşynda gol çekilen ikitaraplaýyn beýleki resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gruziýanyň Hökümetiniň arasynda syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyk bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň täze binýadyny düzer hem-de iki halkyň taryhy we medeni mirasy bilen tanyşmak üçin täze mümkinçilikleri açar. 

Žurnalyň sahypalary boýunça okyjy Gruziýanyň we onuň paýtagtynyň ajaýyp künjeklerine – gadymy galalara, ybadathanalara, belli tebigy ýadygärliklere we şypahanalara gyzykly gaýabana gezelenji amala aşyryp biler. 

Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleri, özboluşly tebigy syýahatçylyk ugurlary, Garagumuň täsin künjekleri hem-de goraghana zolaklary, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy, ýurdumyzyň şypahanalary we sagaldyş merkezleri, halkymyzyň baý medeni mirasy, däp-dessurlary, türkmen milli tagamlary we beýlekiler gruziýaly syýahatçylaryň ünsüni özüne çeker. 

Häzirki wagtda Köýtendag we Bathyz goraghanalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň desgalarynyň sanawyny goşmaga hödürlemek boýunça degişli resminamalar taýýarlaynyldy. Žurnalyň täze sanynda dünýä ähmiýetli ýadygärlikleriň sanawyna hödürlenilýän goraghananyň ajaýyp künjekleri hakynda gürrüň berýän makala çap edilýär. “Köýtendagyň rowaýatlary we syrlary” atly makalada bu künjegiň gaýtalanmajak we örän meşhur syýahatçylyk desgalary suratlandyrylýar, olaryň taryhy bilen baglanyşykly gadymy halk hekaýatlary beýan edilýär. 

Žurnalda daşary ýurt okyjylaryny türkmen halkynyň däp-dessurlary bilen tanyşdyrmak dowam etdirilip, bu gezek nesilden-nesle geçirilip gelinýän ata-babalarymzyň ruhy wesýetnamasy bolan hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgesi barada söhbet açylýar. Häzirki wagtda türkmen halkynyň myhmansöýerlik däpleri hem-de ynsanara gatnaşyklaryň medeniýeti täze many-mazmuna eýe bolup, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynda öz beýanyny tapýar. 

Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň neşiri bolan žurnalda Türkmenistanyň döwlet, hem-de hususy syýahatçylyk kärhanalary bilen tanyşdyrýan makalalar-da çap edilýär. Olarda kärhanalaryň hödürleýän hyzmatlary we syýahatçylyk ugurlary, täze taslamalar we syýahatçylyk boýunça teklipler barada gürrüň berilýär. Žurnalyň bu gezekki sanynyň sahypalarynda “Ahalsyýahat” döwlet kärhanasynyň we “Owadan-syýahat” hususy kärhanasynyň syýahatçylyk gatnawlary barada türkmen we daşary ýurt syýahatçylary üçin gyzykly maglumatlary habar berýän makalalar çap edilýär. Bu neşiriň türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilýändigi, onuň biziň ýurdumyzyň okyjylarynyň, şeýle hem daşary ýurt okyjylarynyň arasynda hem uly gyzyklanma döretmegine ýardam edýär. 

Gyş pasly tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly hem-de peýdaly guramagyň meýilleşdirilýän döwrüdir. Tomsuna dynç alýanlaryň müňlerçesi "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda zähmet rugsadyny geçirmegi arzuw edýärler, bu ýerde ýokary amatlyklary bolan myhmanhanalaryň onlarçasy bar. Olaryň hatarynda “Ahal” sagaldyş-dyns alyş merkezini görkezmek bolar, bu myhmanhana barada ýörite makala ýerleşdirilýär. 

Syýahatçylyk pudagyny meýilleşdirmek we netijeli guramak, bu ulgamda telekeçilik başlangyçlaryny döwlet tarapyndan yzygiderli goldamak hem-de höweslendirmek iň gowy dünýä tejribesini işjeň özleşdirmek we ornaşdyrmak esasynda ýola goýulýar. “Dürli ýurtlardan gowşan habarlar” diýen umumy sözbaşy astynda syýahatçylyk pudagyndaky täzelikler we gyzykla wakalar hakynda habar berilýär. 

Däp bolşy ýaly, žurnalyň bu sany “Dünýä täsinlikleri” atly umumy sözbaşy bilen çap edilýän makala bilen tamamlanýar. Onda okyjylar Bolgariýadaky örän täsin we tebigatyň döreden özboluşly ýeke-täk gowagy bilen tanyşdyrylýar, bu gowak täsinligi bilen köpsanly jahankeşdeleri özüne çekýär. 

Žurnalda ýerleşdirilen suratlar, bezelişi çap edilen makalalaryň has-da gyzykly okalmagyna we häzirki döwrüň öňdebaryjy neşir önümi hökmünde okyjylara ýetirilmegine oňyn täsir edýär. 

Türkmenistanyň Syýahatçylk baradaky döwlet komtetiniň hünärmenleri täze syýahatçylyk ugurlaryny açmak babatynda öz daşary ýurt kärdeşleri bilen gepleşikleri geçirýärler. Aşgabat - Kuala-Lumpur aralygynda täzelikde ýola goýlan howa gatnawy hem bu ugurda täze mümkinçilikleri açýar, onuň ilkinji uçuşy 12-nji fewralda amala aşyryldy. Häzirki wagtda Malaýziýada biziň ýurdumyza syýahatçylyk tapgyrlaryny guramak baradaky mesele ara alnyp maslahatlaşylýar, Türkmenistanyň wekillekri syýahatçylyk işewürligi boýunça diňe bir Malaýziýanyň tejribesini öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem öz ýurdumyzyň myhmansöýerlik hem-de syýahatçylyk pudagynyň mümkinçilikleri bilen daşary ýurt kärdeşlerini tanyşdyrýarlar. 

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder