13 Şubat 2015 Cuma

Türkmenistan Malaýziýa Arasy Göni Awia Gatnawa Başlady

Türkmen awia gatnawlaryna degişli bolan hem-de dünýäde uçarlaryň döwrebap kysymlarynyň biri hasaplanýan "Boeing 777-200LR" kysymly uçar Türkmenistanyň we Malaýziýanyň paýtagtlaryny baglanyşdyran ugur boýunça ilkinji uçuşy amala aşyrdy. 

"Türkmenhowaýollary" döwlet milli gullugyna degişli nyşany bolan uçar 7 sagatlyk uçuşy amala aşyryp, Aşgabatdan Kuala-Lumpur şäheriniň howa menzilinde gondy. Bu ýerde şanly waka mynasybetli türkmen uçaryny garşylamak dabarasy guraldy. 

Dabarada bellenilişi ýaly, yzygiderli uçar gatnawlarynyň döwletara gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykmagyna gönükdirilen türkmen-malaýziýa ylalaşyklarynyň çäklerinde ýola goýuldy. Hususan-da, geçen ýylyň tomsunda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Malaýziýanyň Premýer-ministri Mohd Najib Bin Tun Abdul Razak bilen geçiren gepleşikleriniň barşynda ulag ulgamy iki dostlukly ýurduň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. 

Häzirki döwürde iki döwlet söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär, Malaýziýanyň belli "Petronas Charigali" kompaniýasynyň Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynda üstünlikli işlemegi muňa mysal bolup biler. Bilim, ökde hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk däbe öwrüldi. 

Şunuň bilen birlikde hyzmatdaşlygyň taraplara özara peýdaly netijäni berýän ugurlary az däl. Türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýa etmek, şol sanda önümçilik ulgamy, ykdysadyýetiň energetika, aragatnaşyk we kommunikasiýlar, ulag ulgamy we gaýtadan işleýän senagat ýaly ýokary tehnologiýaly pudaklara maýa goýumlaryny gönükdirmek üçin oňaýly mümkinçilikler bar. Bank ulgamyny we şäher gurluşygyny hem möhüm ähmiýetli ugurlar hökmünde görkezmek bolar. Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, azyk senagaty boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek üçin amatly mümkinçilikler bar. 

Göni howa gatnawynyň ýola goýulmagy diňe bir söwda-ykdysady we maýa goýumlary bilen bagly gatnaşyklary däl-de, medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmekde-de nobatdaky möhüm ädime öwrüldi. 

Ýeri gelende aýtsak,bilim ulgamynda we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda oňyn tejribäniň toplanandygyny bellemeli. 

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň baş şäherleriniň arasynda täze ugruň açylmagynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň we daşary döwletleriň esasy syýahatçylyk kompaniýalarynyň bu işe uly gyzyklanma bildirmegi oňyn başlangyjyň möhümdigini görkezýär. Ýurdumyz şu ugur boýunça Malaýziýanyň degişli düzümi döretmek babatda toplan tejribesine gyzyklanma bildirýär, şunda netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikler döreýär. Esasan-da malaziýaly hyzmatdaşlaryň mümkinçilikleri "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda binalary we desgalary gurmak boýunça bilelikdäki taslamalarda ulanylyp bilner. 

Ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň wekilleri täze ugur boýunça uçuşdaky ilkinji ýolagçylaryň hataryna goşudylar. Ýolagçylar Kuala-Lumpur şäherine Türkmenistanyň buýurmasy boýunça ABŞ-da gurlan we geçen ýylda ýurdumyzyň uçarlarynyň toplumyna goşulan "Boeing 777-200LR" kysymly uçar bilen geldiler. Giň fýuzelelýažly uçar 291 orunlykdyr. Ilki bada uçuş hepdede bir gezek, soňra hepdede iki gezek amala aşyrylar. Şeýle hem şu uçuşy Bangkok şäheriniň üsti bilen amala aşyrmak meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar. 

Türkmenistanyň uçarlaryň hili we amatlylygy boýunça ýokary orunlarda durýan şu kysymyny saýlap almagy "Türkmenhowaýollary" Döwlet milli gullugynyň awia ýolagçylara ýokary ülňülere laýyklykda hyzmat etmäge hem-de ähli ugurlar boýunça uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge çalyşmagyndan gelip çykýar. 

Raýat awiasiýasynyň toplumy dünýäde belli önüm öndürijileriň täze awiatehnikasynyň hasabyna üpjün edilýär. Şunda dünýäniň gyzyklanma bildirýän döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmakda türkmen awia gatnawlaryna möhüm ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Türkmenhowaýollary" Döwlet milli gullugynyň öňünde goýan ilkinji nobatdaky wezipeleriniň biri hökmünde, halkara ugurlar boýunça uçuşlaryň geografiýasynyň giňeldilmegine aýratyn üns berilýär. 

Aşgabat-Kuala-Lumpur aralygynda göni uçuşy ýola goýmak bilen, Türkmenistanyň howa uçuşlaryny amala aşyrýan gullugy Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti boýunça gatnawyny giňeltdi, ol eýýäm Bangkoga, Pekine göni uçuşlary amala aşyrýar, Urumçi şäherine yzygiderli ýagdaýda ýük daşaýar. 

Bulardan başga-da dünýäniň dürli künjeklerindäki onlarça şäherlere: Moskwa, London, Frankfurt, Birmingem, Stambul, Deli, Abu-Dabi, Dubaý, Almaty, Minsk, Sankt-Peterburg ýaly şäherlere we başga-da birgiden ugurlar boýunça yzygiderli uçuşlary amala aşyrýar. Köpugur boýunça gatnawlaryň ulgamyny döretmek dowam etdirilýär hem-de ýakyn wagtda oňa sebit derejesinde we sebitara täze ugurlar goşular. 

Aşgabat-Kuala-Lumpur aralygynda ilkinji uçuşyň amala aşyrylan gününiň ertesi, 13-nji fewralda türkmen paýtagtyndan Riga çenli ýene-de bir awia gatnaw açylar. Bu gatnawy hepdede bir gezek, şu ýylyň tomsunda bolsa hepdede iki gezek amala aşyrmak bellenildi. 

Geljekde howa arkaly bu gatnaw "Türkmenhowaaýollary" Döwlet milli gullugynyň beýleki halkara ugurlary, şol sanda Kuala-Lumpura çenli ugur bilen baglanyşdyrylar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder