Mälim bolşy ýaly, 12-nji fewralda Türkmenistan Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur bilen göni howa gatnaşygyny ýola goýdy. Täze ugur boýunça uçuşy amala aşyran uçaryň ilkinji ýolagçylarynyň hatarynda ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň wekilleriniň bardygy bellärliklidir. Çünki hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan iri möçberli taslamany nazara almak bilen, ýurdumyz degişli düzümi döretmekde dünýäniň, şol sanda Malaýziýanyň tejribesine uly gyzyklanma bildirýär.
Ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň topary iş saparynyň barşynda Malaýziýanyň syýahatçylyk boýunça işewürçilik merkezinde ikitaraplaýyn duşuşygy geçirdi. Onda Malaýziýanyň we Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu duşuşyk biziň ýurtlarymyzyň syýahatçylyk ulgamynda gyzyklanma bildirýän gatnaşyklarynyň başlangyjyny emele getirdi.
Çärä Malaýziýanyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, syýahatçylyk operatorlary we syýahatçylyk agentlikleri assosiasiýasy ýaly birnäçe iri ugurdaş düzümleriň we kompaniýalaryň ýolbaşçylary, wekilleri hem-de ýurdumyzyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň hem-de onuň welaýatlardaky bölümleriniň, hususy kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar.
Duşuşykda esasan syýahatçylyk boýunça ählumumy ýagdaýlary hem-de Türkmenistanda we Malaýziýada işlenip taýýarlanylan milli taslamalary, orta möhletleýin we uzak möhletleýin maksatnamalary göz öňünde tutmak akraly, bu ulgamy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Malaýziýaly hünärmenler 2015-nji ýylyň Malaýziýada Festiwallaryň ýyly hökmünde bellenilýändigine ünsi çekdi, şonuň çäklerinde uly halkara baýramçylyklarynyň onlarçasynyň--döredijilik, folklor, sport, tagamlar, güller we beýlekiler boýunça çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, sebitleýin ýolagçy awia gatnawlarynyň täze ugrunyň açylmagynyň möhüm ähmiýetlidigi bellenildi. Munuň özi Malaýziýa has köp myhmanlaryň gelmegini guramak üçin üstaşyr-ulag şertleriniň düýpgöter gowulandyrylmagyna mümkinçilik berer.
Dünýäniň ýurtlaryna howa gatnawlarynyň çägini giňeltmek Türkmenistanyň ulag toplumynyň strategiki ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewraziýa yklymynda ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň goşulyşmagynda ulag ulgamyna möhüm ähmiýet berýär. Munuň özi türkmen uçaryny garşylamak dabarasynda-da aýratyn bellenildi. Şonda çärä gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň ulag boýunça öňe sürýän başlangyçlaryny amala aşyrmagyň, transmilli ulag geçelgeleri döretmek we ulanmaga bermek boýunça ýurdumyz tarapyndan alnyp barylýan giň gerimli işleriň barşy bilen tanyşdyryldy.
Bu gün şol mesele täze ýolagçy gatnawy bilen tanyşdyrylyş dabarasynda ýene-de orta atyldy. Şol gatnawyň ýola goýulmagy hemmeleri ulag ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm görnüşlerini äşgär etmäge ruhlandyrdy, munuň özi şol ulgamdaky ýagdaý we düşewüntlilik, syýahatçylyk pudagy bilen baglanyşdyrylýar.
Şunlukda, Aşgabat-Kuala-Lumpur aralygyndaky ilkinji uçuşyň ulag we syýahatçylyk, şeýle hem ykdysadyýetiň başga-da birgiden ugurlary boýnça işjeň we ysnyşykly gatnaşyklaryň ösdürilmegine badalga berendigi, taraplaryň şol ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine uly ähmiýet berýändigi bellenildi. Şu maksat bilen, Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagy we awiasiýa boýunça hünärmenleri Malaýziýanyň turoperatorlarynyň we syýahatçylyk agentlikleriniň assosiasiýasy tarapyndan her ýylda geçirilýän halkara sergisine gatnaşmaga çagyryldy. Şol sergi mart aýynda guralar.
2015-nji ýylda Malaýziýada geçirilýän festiwallar baradaky wideoýazgylar hem-de bu ýurduň gözel künjeklerine bagyşlanan multimediýa materiallary görkezildi.
Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň hem-de onuň welaýatlardaky bölümleriniň wekilleriniň çykyşlary ýurdumyz bilen tanyşdyrylyşa bagyşlandy. Şonda täsirli wideofilm görkezildi. Onuň ýygnananlarda ýakymly täsir galdyrandygyna göz ýetirmek kyn düşmedi. Bu film arkaly, türkmen topragynyň özboluşly tebigy gözelligi we bejeriji çeşmeleriň haýran galdyrýan täsirleri we geçen asyrlardan miras galan ajaýyp binalar, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynda wasp edilen haýran galdyrýan ahalteke atlary we nepis halylar görkezildi. Ýurdumyzyň dürdänesi diýlip hasaplanýan ak mermerli Aşgabadyň häzirki görnüşleri hem ýakymly täsir döretdi, türkmen döwletiniň baştutany paýtagtymyzyň ösüşine içgin üns berýär.
Ýola goýlan gepleşigiň çäklerini mundan beýläk-de giňeltmek üçin Malaýziýanyň syýahatçylyk boýunça hünärmenleri şu ugra bagyşlanyp Türkmenistanda geçirilýän uly çärelere, şol sanda sentýabr aýynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän “Syýahatçylyk we gezelençler” atly halkara sergisine we maslahata gatnaşmaga çagyryldy. 2015-nji ýylyň Bitaraplygyň we parahatçylygyň ýyly diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde, şu tomusda Maryda “Syýahatçylyk—parahatçylygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň ilçisi” atly halkara maslahat geçiriler.
"Awaza" milli syýahatçylyk zolagy hyzmatdaşlyk etmek üçin örän oňaýly ýerdir. Türkmenistan şunda Malaýziaýnyň tejribesi babatda gyzyklanma bildirýär, çünki bu ýurda her ýylda 25 milliona golaý syýahatçy gelýär. Bu ýurt aýratyn-da düzümlere degişli taslamalara maýa goýumlaryny gönükdirmek we deňiz şypahanalaryň binýadynda işewürligi netijeli guramak, şu ugra degişli hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak boýunça baý tejribe toplady.
Şunda ýurtlara gelýän syýahatçylaryň artdyrylmagynyň usullary barada gürrüň edildi. Degişli maksatrnamalardan başga-da. festiwallaryň guralmagyna goldaw bermek we uly sport ýaryşlaryny guramak maýadarlary we syýahatçylary çekmegiň has-da netijeli usullarynyň biri hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda 2017-nji ýyldaky Aziýada taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işlere we käbir ugurlara garaldy.
Malaýziýanyň syýahatçlyyk ulgamy billen has içgin tanyşmak üçin türkmen wekiliýetine niýetlenip, dürli çäreler guraldy. Şunda diňe bir gepleşikleri we geňeşmeleri geçirmek bilen çäklenmän, gözel künjeklere gezelenç etmekden, ýol görkezijiniň işinden, myhmanhanalardaky serwisden başlap, milli aşhananyň aýratynlyklaryna çenli, syýahatçylara hyzmat edilişiniň toplumyny içgin öwrenmäge oňaýly mümkinçilik döredildi.
Kuala-Lumpuryň ajaýyp syýahatçylyk merkezleri bolan Yslam medeniýetiniň muzeýi, Garaşsyzlyk meýdançasy, Arhitektura galareýasy ýaly, syýahatçylaryň has köp gelim-gidimli ýerleri bilen tanyşlygyň barşynda daş-töwerekde taryha we ruhy mirasa degişli meňzeş ýagdaýlaryň az däldigine göz ýetirmek kyn düşmedi. Biziň ýurtlarymyzyň öz paýtagtlarynda şäher gurluşygynyň ösdürilmegi boýunça meýilnamalary batyrgaýlygy we giň gerimliligi bilen ähli myhmanlary haýran galdyrýar.
Malaýziýanyň syýahatçylyk pudagynyň wekili Dato Azizan Noordiniň Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren interwýusynda belleýşi ýaly, biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň medeniýetinde we häsiýetlerinde däp-dessurlara hormat goýmak we sabyr-takatlylyk, göwnüaçyklyk we myhmansöýerlik ýaly umumy alamatlar bolup, ýurda täze sepgitlere ýetirmäge hem-de dünýäniň bu ýurda täzeçe garamagyna ýardam berýän pudak hökmünde syýahatçylygyň ösdürilmegine degişli wezipeler umumydyr.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder