Badhyz we Köýtendag döwlet goraghanalarynda gorag bufer zolaklary we biziň ýurdumyzda ilkinji sapar – Badhyzda ekologiki koridorlar dörediler. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň dekabr aýynyň 25-ine Badhyz we Köýtendag döwlet goraghanalarynyň meýdanyny giňeltmek meseleleri hakynda gol çeken Kararyna laýyklykda degişli işler geçirilýär. Resminama bilen bu goraghanalaryň çäkleriniň täze serhetleri tassyklandy we häzirki wagtda bu ugurda işler alnyp barylýar.
Bu çözgüt şeýle halkara ähmiýetli çäkleriň derejesi, şeýle hem Halkara miras sanawyna hem-de Bütindünýä biosfera goraghanalarynyň toruna goşulan ýa-da görkezilen derejesi göz öňünde tutýan “Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda geçirildi.
Bufer ýa-da gorag zolaklarynyň bolmagy bu goraghanalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras sanawyna goşmak boýunça geçirilmeli işler talap edýär. Ýagny, halkara talaplaryna jogap berýän tebigaty goramagyň dürli kadaly ekologiki bütewi çäkler döredilýär. Şeýle hem ýakynda ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky jogapkär kätibine berilen bütindünýä miras sanawyna goşmak üçin resminamalar taýýarlandy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň goldaw bermeginde ýurtda tebigy häsiýetli ilkinji iki atlary – Badhyz we Köýtendag döwlet goraghanalary boýunça işlere başlandy. Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky sekretariaty we Beýik Britaniýanyň Guşlary goramak boýunça jemgyýeti bilen bilelikde özara düşünişmek hakynaky memorandumyň çäklerinde degişli teklipler taýýarlandy.
Badhyzda ekologiki “koridorlar” biodürliligi saklamak üçin ekologiýa torunyň beýleki elementleri bilen tebigaty goraýyş çäkleriniň giňişliginiň bütewiligini saklamak üçin döredildi. Meselem, tebigy şertler arkaly haýwanlary göçürmek we ösümlikleri ýaýratmak. Badhyz goraghanasynda ekologiki “koridorlar” böleginde ýerlerde ýabany haýwanlaryň wagtlaýyn ýaşaýan ýerleriniň, göçýän döwürlerinde, uçup geçýän we geçýän ýerlerleriniň, ýabany ösýän floranyň ösýän ýerleriniň bütewiligini üpjün edýän ýerleri peýdalanmakda sazlaşdyryjy düzgün goýulýar. Ekologiki “koridoro”- gorag zolak çäkler derejesiniň berilmegi wagtlaýyn häsiýete eýedir we degişli ýer uçastoklaryny we suw desgalaryny olaryň eýelerinden we peýdalanýanlaryň ellerinden almak düşünjäni aradan aýyrýandygyny belläp geçmelidiris. Meselem, Çemenabadyň we Gyzyljaryň arasyndaky, şeýle hem onuň ýakynyndaky Badhyz goroghanasynyň öňündäki ekologiki “koridor” gyzyl kitaba girizilen gulanlaryň Çemenabat çäkli goraghanasyndaky diňe Guşgy derýasyna güzere gelýän möwsüminde goragly bolar. Şeýle koridorlaryň döredilmegi goraghananyň seýrek duş gelýän haýwanlarynyň köpelmegine özüniň oňaýly täsirini ýetirer, sebitiň ekologiki bütewiligini üpjün eder.
ÝUNESKO-nyň sanawyna goşulan Badhyz goraghanasy 1941-nji ýylda seýrek duş gelýän toýnakly haýwanlary – gulanlary, dag goýunlaryny, jerenleri, şeýle hem iri pisseçilik tokaýyny goramak maksady bilen döredildi. Ol ýurduň günortasynda – Tejen we Murgap derýalarynyň arasynda ýerleşýär hem-de Badhyz belentligini we orta dag gerişlerini öz içine alýar. Goraghananyň gündogar böleginde öňden guran wulkanyň köp sanly kraterleri bolan ajaýyp Ýeroýlanduz çöketligi ýerleşýär. Gadymy Pulhatyn köprüsi we Gyzyljaryň hanasynda ýerleşýän gadymy adamlaryň köp gatly ýaşaýyş jaýy bolan emeli gowagy taryhy ähmiýete eýedir.
Çäkler ajaýyp tebigy toplumlaryň, tebigy landşaftlaryň, şeýle hem endemiki, seýrek duş gelýän we ýitip barýan ösümlikleriň hem-de haýwanlaryň köp sanlysynyň sazlaşygy bilen häsiýetlendirilýär. Goraghanada gyzyl kitaba girizilen süýrenjiler, ýyrtyjy guşlar we toýnaklylar goralýar. Bu ýerde ösümleriň seýrek duş gelýän we endemiki görnüşleri bolan owgan injiri, Wasilçenko astragaly, badhyz we Leman çigildem gülleri gabat gelýär.
Köýtendag goraghanasy – heniz ÝUNESKO-nyň Sanawyna goşulmaly dalaşgärleriň biridir. Ol 1986-njy ýylda döredilip, Köýtendag we Gowurdak daglarynyň gerişler toplumyny, derýa jülgeleriniň ýanaşyk böleklerini öz içine alýar. Bu ýerde endemiki ösümlikleriň görnüşleriniň hem-de seýrek duş gelýän haýwanlaryň 20-den gowrak görnüşi ýaşaýar. Şeýle hem bu ýerde – botaniki, zoologiki, geologiki, gidrogeologiki, paleontologiki tebigy ýadygärlikleriň köp sanlysy ýerleşýär.
Ajaýyp Garlyk çäkli goraghana toplumy özüniň jemi uzynlygy, mineral dürli-dürliligi we geologiki prosesleriň gadymylygy bilen Ýewraziýda deňi-taýy ýokdur. Gowurdak-Köýtendag daglarynda bir gowak ulgamynda birleşen karst gowaklarynyň 300-si töweregi bar. Olaryň has täsinleri Garlygyň Gapgotan, Haşymoýuk, Aralyk, Geofiziki gowaklarydyr. Hojapil çäkli goraghananyň Köýtendagyň ýapgydynda mundan 150 million ýyl öň bu ýerde ýaşan ösümlik we ýyrtyjy dinozawrlaryň daşa dönüp giden yzlary bar.
Türkmenistan Hazar deňziniň tebigaty goraýyş işiniň meselelerinde hem halkara ekologiki jemgyýetçiligi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.1971-nji ýylda, soňra 2008-nji ýylda gaýtadan Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň Türkmenbaşynyň we Demirgazyk Çelekeniň aýlaglarynyň çäkleri, esasan hem, suwda ýüzýän guşlaryň ýaşaýan ýeri hökmünde Ramsar Konwensiýasynyň suw-batgalyk ýerleri baradaky sanawyna girizildi. 1976-njy ýylda Hazar tebigy döwlet goraghanasy tebigaty goramak babatda alyp barýan işi üçin Tebigaty goramagyň halkara geňeşiniň ýörite diplomy bilen sylaglandy. 2008-nji ýylda Ramsar Konwensiýasyna goşulmak bilen, Türkmenistan Hazar tebigy döwlet goraghanasynyň halkara, ilkinji nobatda ornitologiki hökmünde derejesini ýene-de bir gezek tassyklady.
Türkmenistanyň döwlet goraghanalarynyň dokuzsynyň biri bolan Repetek biosfera goraghanasy BUNESKO-nyň Bütindünýä biosfera goraghanalarynyň sanawyna girizildi. Ol 1927-nji ýylda döredilip, Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň çäklerinde ýerleşýär. 1979-njy ýylda çölüň ekoulgamyny goramakda we toplumlaýyn öwrenmekde gazanan netijeler üçin ÝUNESKO-nyň “Adam we biosfera” programmasynyň Halkara utgaşdyryjy geňeşiniň karary bilen biosfera derejesine eýe boldy.
Ýunesko-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy boýunça Konwensiýasy ähli adamzat üçin gymmatly bolan desgalary ýüze çykarmak we goramak üçin işlenilip taýýarlanyldy. Şular ýaly desgalary geljekki nesiller üçin saklanyp galmagy hem döwletiň özi üçin, hem halkara jemgyýetçiligi üçin möhüm wezipe we jogapkärçilik bolup durýar. Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak hakyndaky Konwensiýa 1994-nji ýylda goşulyşdy, konwensiýanyň esasy bolsa – Bütindünýä miras sanawydyr. “Gadymy Merw” Döwlet taryhy we medeni seýilgähi 1999-njy ýylda, “Köneürgenç” taryhy we medeni ýadygärligi 2005-nji ýylda, “Nusaý” arheologiki, taryhy-medeni ýadygärligi 2007-nji ýylda medeni we taryhy nukdaýnazaryndan Türkmenistanyň iň täsin we baý desgalarynyň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň bu sanawyna girizildi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder