Türkmenbaşy şäherinde 160 orunlyk çagalar bagynyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Şagadam daglarynyň eteginiň ajaýyp künjeginde gurulýan bu mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasy Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buýurmasy boýunça “Balkannebitgazgurluşyk” edarasynyň 3-nji gurluşyk-gurnama müdirligi tarapyndan gurulýar.
Tabşyrylmagynyň öň ýüzünde duran bu desgada gurluşyk-gurnama işleriniň 90 göterimi ýerine ýetirildi. Çagalar bagynyň esasy binasynyň daşary we içeri bezeg işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar. Gurluşygyň aýry-aýry böleklerinde ýurduň telekeçileriniň ýöriteleşdirilen kömekçi potratçy kärhanalary hereket edýär. Meselem, çagalar bagynyň töwereginiň gök zolagyny bezemek bilen Ahalyň “AkdepeSenagat” hususy kärhanasy meşgullanýar, gapylary we plastiki penjireleri oturtmak bilen bolsa Marynyň “Söýli” hususy kärhanasy meşgullanýar. Binanyň diwarlarynyň daş ýüzüni örtmek, binanyň sokolyny, öň ýüzüni, düşegini granit bilen örtmek işleri bilen türkmen hususy gurluşyk firmalarynyň hünärmenleri meşgullanýarlar. Kiçi we orta telekeçiler bu günki gün döwletiň yzygiderli berýän ýeňillikleri netijesinde zerur bolan maddy-tehniki binýada we degişli hünärli işgärlere eýedirler.
Bu täze mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasynda olaryň sazlaşykly ösmekleri üçin ähli şertler dörediler. Oňaýly ýatakhanalardan başga hem, naharhana we gyşky oýun meýdançalar göz öňünde tutulandyr. Binanyň içinde çagalaryň döredijiligi üçin dürli görnüşli otaglar we zallar enjamlaşdyrylar, okuw sapaklaryny we bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek üçin otaglar bolar. Çagalar bagynyň howlusynda çagalar üçin tomusky telärler, ylgaw ýodajyklary, ýol hereketiniň düzgünlerini öwrenmek üçin meýdançalar, çägeli aýmança, dagjagazlar, hiňňillikler we beýleki çagalar attraksionlary gurular.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder