Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, şeýle hem birnäçe möhüm resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, ýurdumyzda maldarçylyk önümleriniň, hususan-da, deriniň we ýüňüň işlenip taýýarlanylmagyny we olaryň eksport ugry boýunça ýerlenmegini seljermek boýunça geçirilen işler hakynda habar berdi.
Deriniň, ony gaýtadan işlemek arkaly alynýan gönüň, şeýle hem ýüňüň daşarky bazarlarda ýerlenmegini düzgünleşdirmek maksady bilen, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ilatdan çig malyň şol görnüşlerini kabul etmäge hem-de satmaga ygtyýar bermek teklip edilýär. Munuň özi ýurdumyza gelip gowuşýan maliýe serişdeleriniň artmagyna, maldarçylyk pudagyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň hem-de bazarlary ýurdumyzda öndürilen maldarçylyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek üçin şertleriň döredilmegine ýardam berer.
Şeýle hem hasabat bermegiň barşynda dokma pudagynyň düzümini kämilleşdirmek boýunça teklip edilýän çäreler barada aýdyldy. Wise-premýeriň aýtmagyna görä, önümçilik kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmak, önümçiligi utgaşykly dolandyrmak, serişdeleriň tygşytlanmagyny üpjün etmek üçin Aşgabat şäherindäki Abadan nah- egirme fabrigini Aşgabat dokma toplumynyň düzümine goşmak maksada laýyk bolar. Deslapky hasaplamalara laýyklykda, bu çäre Aşgabadyň dokma toplumyny nah ýüplüginiň dürli görnüşleri bilen zerur möçberde bellenilen möhletlerde we bökdençsiz üpjün etmäge, işlenip çykarylýan ýüplügiň hiline we onuň bildirilýän talaplara laýyk gelmegine berk gözegçilik etmäge mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk, şol sanda maldarçylyk önümlerini öndürmekde we gaýtadan işlemekde telekeçileriň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň möhümdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň kärhanalarynda öndürilýän önümleriň eksportuny artdyrmak boýunça anyk çäreleri görmegiň zerurdygyny belläp, şu ugurda öňde durýan möhüm meseleleriň birnäçesine ünsi çekdi. Milli Liderimiz derileri, olary gaýtadan işlemek arkaly alynýan gönüň şeýle hem ýüňüň daşary ýurtlarda ýerlenmegini düzgünleşdirmek boýunça geçirilen işleriň netijeleri babatda kanagatlanma bildirip, kararyň taslamasyna gol çekdi hem-de wise-premýere we degişli ýolbaşçylarar bu karardaky kadalaryň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz dokma pudagyna degişli kärhanalary birleşdirmek baradaky teklip boýunça durup geçip, dokma senagatynyň kuwwatyny pugtalandyrmagyň milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäherindäki Abadan nah-egirme fabrigini Aşgabat dokma toplumynyň düzümine goşmak baradaky teklibi, umuman, oňlap, bu ädimiň, ilkinji nobatda, şu pudaga degişli kärhanalaryň maliýe-ykdysady we önümçilik görkezijilerini ýokarlandyrmaga ýardam berjekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz pudagy döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýan işleri dowam etmegiň hem-de ýurdumyzyň dokma önümleriniň dünýä bazarlarynda ýerlenýän möçberlerini artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu barada birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow 2013-2017-nji ýyllarda ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzda her ýylyň 18-nji fewralynda bellenilýän Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.
2009-njy ýylda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken degişli Permanyna laýyklykda, milli senenamamyzda tassyklanan ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň we guramalarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda sport çäreleriniň geçiriljekdigi bellenildi. Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda sergi, maslahat we baýramçylyk konserti bolar. Dabaraly çäräniň barşynda ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň tapawutlanan ýaş hünärmenlerine, ýokary okuw mekdebiniň soňky ýyllyk talyplaryna degişli diplomlar gowşurylar.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize netijeli iş üçin hemmetaraplaýyn alada edýändigi hem-de amatly şertleriň döredilýändigi üçin Türkmenistanyň diplomatik korpusynyň işgärleriniň adyndan hoşallyk sözlerini aýtdy we türkmen diplomatlarynyň öňde goýlan jogapkärli wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirlmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny ynandyrdy.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we sebit hem-de ählumumy möçberde abadançylygyň, durnukly ösüşiň maksatlaryna kybap gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan daşary syýasat ugrunyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginde diplomatik gullugyň işine möhüm ornuň degişlidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz diplomataryň üstünlikli işlemegi, bu ulgamda ýokary hünärli işgärleriň yzygiderli taýýarlanylmagy ugrunda döwletimiziň mundan beýläk-de alada etjekdigini aýdyp, Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli guraljak çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda bolşy ýaly, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy artdymak maksady bilen, ýörite çäreleriň yzygiderli görülmeginiň zerurdygy barada aýtmak bilen, özara bähbitli gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň dünýädäki abraýyny pugtalandyrmak babatda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri we türkmen jemgyýetiniň demokratiýalaşdyrylmagyny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça parlamentiň işi barada aýdyp, häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň maslahatlaryna eýerip, deputatlaryň täze kanunlaryň, şol sanda tebigatyň goralmagyna, bedenterbiýä we sporta, medeniýete we durmuş meselelerine, adam hukuklaryna we beýlekilere degişli kanunçylyk resminamalarynyň taslamalary boýunça işleýändikleri barada habar berdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň gender meselelerini çözmek, köp çagaly maşgalalara goldaw bermek boýunça üstünlikleri gazanýandygyny belläp, her ýylda Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly enelere "Ene mähri" diýen hormatly ady dakmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň abraýly halkara guramalary, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy bilen özara arkalaşykly hereket etmegini ösdürmek boýunça alyp barýan işleri, parlamentarileriň BMG-niň sebit düzümleri tarapyndan Aşgabatda geçirilýän çärelere gatnaşýandygy barada aýdyldy. Ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşy babatda geçirilýän özgertmelere degişli meseleleriň çözülmegi hem-de halk maslahatlarynyň täze agzalarynyň netijeli işlemegine ýardam berilmegi Mejlisiň deputatlarynyň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Häzirki wagtda halk maslahatlarynyň täze agzalary üçin okuw maslahatlary guralýar.
Deputatlaryň häkimlikler, ministrlikler we pudak edaralary, hukuk goraýjy, saglygy goraýyş we bilim edaralary, jemgyýetçilik guramalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen birlikde, neşe serişdeleriniň bikanyn dolanyşygyna, olaryň ulanylmagyna garşy göreşmek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça hemişelik esasda alnyp barylýan işe içgin üns berýändikleri bellenildi.
Milli Liderimiz aýdylanlary diňläp, Mejlisiň deputatlarynyň döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky ähmiýetine we ornuna ünsi çekdi hem-de parlamentarileriň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen yzygiderli aragatnaşyk saklamak, ýaş nesliň döwrebap terbiýelenilmegine üns bermek arkaly, öz saýlawçylarynyň iş-aladalary bilen içgin gyzyklanyp durmalydygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz köp çagaly enelere maşgala ojagyny we türkmen jemgyýetiniň belent ahlak ýörelegelerini aýawly saklaýan mukaddes enä –zenana uly hormat goýmagyň nyşany hasaplanýan Türkmenistanyň "Ene mähri" atly hormatly adyny dakmak boýunça guramaçylyk işlerine ünsi çekip, bu işe örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek türkmen paýtagtynyň binagärlik düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäherinde amala aşyrylýan ähli işleri berk gözegçilikde saklamagyň, möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşygynda işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegine we olary ulanmaga bermegiň möhletleriniň berjaý edilişine aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz Aşgabady okgunly ösdürmek boýunça meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegine, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleriň döredilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz döwlet dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak boýunça guramaçylykly çäreleriniň görülmeginiň ähmiýeti barada aýdyp, bu ulgama öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň hem-de dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmegiň wajypdygyny nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbaasry A.Ýazmyradow ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Häzirki döwürde ak ekinlere agrotehniki kada laýyklykda ideg işleri, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we haşal otlara garşy göreşmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, gowaçalaryň ekişine taýýarlyk görülýär. Ekiş geçiriljek ýerlerde sürüm işleri alnyp barylýar. Zerur bolan oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak işlerine giň gerim berildi.
Şeýle hem "Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň barşy, köpçülikleýin bag ekmek işlerine taýýarlyk çäreleri hakynda aýdyldy. Onuň çäklerinde Aşgabadyň töwereklerinde we welaýatlarda saýaly, miweli agaçlar, üzüm ekiler.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynda pisse agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek üçin Azyk senagaty döwlet birleşigi üçin 100 gektar ýer böleginiň çyzgysy hödürlendi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, pisse ösdürip ýetişdirmekde Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň alymlarynyň işläp taýýarlan ylmy we synag tejribeleriniň ulanylmagy meýilleşdirilýär. Bu institut köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň dürli tebigy şertlerinde pisse ösdürip ýetişdirmek babatda tejribe-barlag işleri bilen meşgullanýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilişine, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň möhüm ugry bolan ýerleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet bermegiň zerurdygyny belledi. Ýurdumyzda oba hojalyk pudagy häzirkizaman talaplaryna laýyk gelýän täze derejelere çykarylmalydyr. Milli Liderimiz ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş suw bilen üpjünçiliginiň gowulandyrylmagyny, şol sanda emeli suw howdanlarynda ýagyn möwsüminde suwlary toplamak işleriniň alnyp barylmagyny möhüm wezipe hökmünde kesgitledi. Şeýle hem wise-premýere gowaça we beýleik ekinleriň ekişine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklar berildi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary, welaýatlaryň häkimlikleri daşky gurşawy goramak, halkymyz üçin amatly şertlerii döretmek ulgamynda wajyp wezipeleriň üstünlikli çözülmegine gönükdirilen Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan bag ekmek işleriniň gerimini giňeltmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Ahal welaýatynyň gündogarynda pisse ösdürip ýetişdirmek boýunça hödürlenen taslamany, umuman oňlap, hormatly Prezidentimiz bu babatda wise-premýer degişli görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we "2030-njy ýyla çenli ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny" üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Wise-premýer "Gazygaýtadanişleýiş" müdirliginiň edara binasyny gurmak üçin potratçyny saýlamak maksady bilen halkara bäsleşiginiň jemleri hakynda hasabat berdi. Bu binany Aşgabatda gurmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglyykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli kararyň taslamasy hödürlendi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek, pudaga öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine daşary ýurt maýadarlaryny çekmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda uglewodorod serişdelerine baý ýataklary özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek üçin nebithimiýa pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, onuň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, döwrebap gazhimiýa kärhanalarynyň gurulmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz "Türkmengaz" döwlet konserniniň "Gazygaýtadanişleýiş" müdirliginiň edara binasyny gurmak hakyndaky" karara gol çekip, täze binanyň tehniki taýdan döwrebap enjamlaşdyrylyşyna hem-de binagärlik keşbine ýokary derejede üns bermegi tabşyrdy we desganyň ak mermerli paýtagtymyzyň binalar toplumy bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmelidigini aýtdy.
Şeýle hem mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz S.Guladowy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktorynyň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky Karara gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görlüşi Ýurdumyzda arheologik barlaglary geçirmek barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington adyndaky uniwersitetiniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasy hem-de 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýazgy etmegi we şöhlelendirmegi guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda ählihalk baýramçylyk gününde paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde sungat ussatlarynyň geçiriljek döwlet konsertine, ýurdumyzyň medeniýet ulgamyna degişli edaralarda, ýokary we orta okuw mekdeplerinde, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň institutlarynda, Aşgabatdaky Döwlet baýdagynyň meýdançasynda we welaýatlaryň merkezleriniň esasy meýdançalarynda guraljak aýdym-sazly çykyşlara, sergilere, maslahatlaryň we döredijilik duşuşyklarynyň, beýleki medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegine taýýarlyk görülýändigi aýdyldy.
Wise-premýer Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Jorj Waşington adyndaky uniwersitetiniň arasynda Ylalaşygyň baglaşylmagyna degişli mesele barada aýdyp, bu uniwersitetiň hünärmenleriniň Mary welaýatynyň Garagum etrabynda, Gadymy Margiananyň çäginde türkmen alymlary bilen bilelikde alnyp barylýan halkara arheologik toparynyň düzüminde gözleglere eýýam gatnaşyp gelýändigini belledi. Ylalaşyk bu işiň indiki bäş ýylda dowam etdirilmegini göz öňünde tutýar.
Wise-premýer 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny halkara derejesinde göwnejaý görkezmek üçin alnyp barylýan işler barada hasabat bermek bilen, häzirki wagtda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine daşary ýurt kompaniýalarynyň birnäçesinden bu giň gerimli sport ýaryşlarynyň milli telewideniýe we birnäçe daşary ýurt teleýaýlymlarynda göni ýaýlym arkaly görkezilmegini guramak boýunça teklipleriň berlendigini aýtdy. Şeýle hem bu kompaniýalar türkmen hünärmenlerini (operatorlary, sport habarçylaryny, teswirleýjileri we žurnalistleri) taýýarlamak, ähli sport desgalaryndaky telewizion enjamlaryň gurnalyşyna gözegçilik etmek, bilelikdäki döredijilik we tehniki hyzmatlaryny halkara telewizion bazaryna çykarmak ýaly birnäçe meseleler boýunça öz hyzmatlaryny hödürleýärler. Häzirki wagtda şu ugurda bilelikde işlemegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýetip gelýän – Garaşsyzlygymyzyň, döwletimiziň özygtyýarlylygyny, milli agzybirligi alamatlandyrýan Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň möhüm ähmiýetlidigini belläp, göz öňünde tutulan çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Gadymy Merwdäki ýadygärliklerde Halkara arheologik toparyň geljekki işiniň guralmagyna ünsi çekip, taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak, öwrenmek we gaýtadan dikeltmek bilen bagly meseleleriň ünsden düşürilmeli däldigini belledi. Hormatly Prezidentimiz türkmen arheologlarynyň we olaryň daşary ýurtly kärdeşleriniň bilelikdäki işi, açyşlaryň ylmy taýdan esaslandyrylyp, dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň tanyşdyrylmalydygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary halkara derejesinde alnyp görkezilmeginiň guralmagyna degişli mesele barada durup geçip, halkara hyzmatdaşlar saýlanyp alnanda, olaryň bu ugurdaky tejribesiniň, ygtybarlylygynyň we iş başarjaňlygynyň hökman göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz V Aziýa oýunlarynyň bu ýaryşlaryň sport dünýäsinde möhüm ähmiýetli waka hökmünde giňden we ýokary hilli beýan edilmelidigini aýdyp, eýýäm häzirki wagtda şu ugurdaky işlere hemmetaraplaýyn girişmek barada anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S. Toýlyýew Türkmenistanyň ylmy-tehniki syýasatyny amala aşyrmak, milli ylmyň ykdysadyýete goşýan goşandyny artdyrmak, ylym -bilim ulgamyna we önümçilige innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, halk hojalygynyň ileri tutulýan ugurlarynda tejribe bilen bagly ylmy barlaglaryň iş ýüzündäki netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de işe zehinli ýaşlary giňden çekmek boýunça alnyp baylýan işler barada hasabat berdi. Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna her ýylda ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy işleriň bäsleşigine degişli resminamany hödürledi, däp boýunça şol bäsleşigiň netijeleri Ylymlar gününiň öňüsyrasynda jemlenýär.
Wise-premýer "Saglyk" döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Hasabat bermegiň barşynda iýulda Aşgabatda saglygy goraýyş boýunça halkara maslahatyny geçirmek maksady bilen, iş toparynyň döredilip, onuň düzümine Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekilleriniň girizilendigi aýdyldy. Häzirki wagtda bu uly maslahatyň gün tertibi işlenip düzülýär. Şunuň bilen birlikde, "Saglyk—2015" atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär. Bäsleşik esasynda, talyplaryň gatnaşmagynda şanly sene mynasybetli ýörite nyşan taýýarlanyldy. Şu sene mynasybetli maglumatlar kitapçasy taýýarlanylýar, şeýle hem poçta belliklerini we ýadygärlik teňňelerini taýýarlamak we çykarmak boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda wise-premýer ýadygärlik teňňesiniň görnüşleri bilen tanyşdyrdy.
Milli Liderimiz ylmyň ýagdaýynyň milli at-abraýy hem-de jemgyýetiň intelektual derejesini äşgär edýän görkeziji bolup durýandygyny hem-de muny kämilleşdirmegiň ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, bilimlere esaslanýan habarly jemgyýeti kemala getirmegiň, Türkmenistanyň ylmy-tehniki taýdan halkara bileleşigine goşulyşmagynyň möhüm şertidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ylmyň esasy ugurlaryna döwletimiziň hemmetaraplaýyn kömek bermeginiň, möhüm ähmiýetli taslamalary maliýeleşdirmegiň hem-de ýurdumyzyň ylmy edaralarynyň we merkezleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň ulgamy kemala getirýän ýagdaýlardygyny belläp, ukyply ýaşlaryň arasynda has göwnejaý çäreleri görüp, täze zehinli alymlary ýüze çykarmagyň, ýaş alymlaryň hünär ussatlygyny artdyrmagyny höweslendirmegiň zerurdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz "Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakyndaky" karara gol çekip, oňa ýaş alymlar we hünärmenler, aspirantlar bilen birlikde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynyň ylmy-barlaglaryň kämilleşdirilmegine, ylmyň we bilimiň goşulyşmagyna, ýokary okuw mekdeplerinde we ylmy merkezlerinde tejribe ähmiýetli zerur barlaglaryň geçirilmegine degerli ýardam berýändigini belledi.
Milli Liderimiz "Saglyk" döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk dabaralaryny we halkara çärelerini guramak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny we önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň Owadandepe obasynda aýna we aýna önümlerini öndürýän kärhanany gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.
Täze senagat kärhanasy "Türkmenistanyň gurluşyk, energetika we senagat pudagyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasynyň" çäklerinde, şeýle hem ýurdumyzda aýna önümlerine bolan islegleri doly kanagatlandyrmak maksady bilen gurlar. Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň aýna we aýna önümlerini öndürýän kombinatyny gurmak barada geçiren halkara bäsleşiginiň netijeleri boýunça daşary ýurt kompaniýalarynyň arasyndan potratçy kesgitlenildi. Ol degişli pudagara toparynyň garamagyna şu taslama boýunça döwrüň talaplaryna laýyk gelýän has amatly teklipleri hödürledi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna geljekki täze desganyň ýerleşjek ýeriniň çyzgysyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe senagat pudagynyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine ynamly çykýandygyny belledi. Köpsanly senagat desgalarynyň yzygiderli ulanmaga berilmegi hem munuň şeýledigini tassyklaýar. Döwlet Baştutanymyz dünýäniň iň gowy tejribesini ulanmak arkaly, sebitlerde pudaklaryň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça bellenen meýilnamalaryň möhletinde durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini belläp, aýna senagatyny has-da ösdürmegiň, bu pudaga öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady.
Milli Liderimiz ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün ediljek täze aýna we aýna önümlerini öndürýän kombinatyň ýurdumyzyň möhüm senagat desgalarynyň biri boljakdygyny belläp, kärhananyň gurluşygynyň taslamasy we ekologiýa howpsuzlygynyň ähli talaplaryny nazara almak bilen, täze desganyň ýerleşjek ýerini kesgitlemek bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde içgin işlemegi wise-premýere tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we olary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer Aşgabat şäheriniň Köşi ýaşaýyş toplumynyň günbatar tarapynda 8 sany dört gatly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada habar berdi. Hasabatyň barşynda milli Liderimiziň garamagyna gurulmagy meýilleşdirilýän täze ýaşaýyş jaýlarynyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we olaryň görnüşleri görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän ýaşaýyş-durmuş maksatly binalarda ygtybarlylyk, binalaryň we desgalaryň ähmiýetli tarapy bilen bir hatarda, olaryň binagärlik keşbine hem aýratyn üns bermegini nygtady. Döwlet Baştutanymyyz Köşi ýaşaýyş toplumynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze jaýlar bilen baglanyşykly meselä ünsi çekip, olarda ýokary depginiň we häzirkizaman ýörelgeleriniň beýanyny tapmagynyň möhümdigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem 10-12-nji fewralda Aşgabat şäherindäki Sergi köşgünde Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu sergä Türkiýe Respublikasyndan 400-e golaý işewürden ybarat wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýar. Türk kompaniýalarynyň 160-a golaýy gurluşyk serişdelerini, metal önümlerini, dürli enjamlary, elektrik energetika hojalygy, dokma we azyk senagaty, söwda pudagy we sport ulgamy üçin enjamlary, öý hojalygynda ulanylýan tehnikalary we beýleki harytlary görkezer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dürli ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşýan her ýylky ykdysady sergileriň ýurdumyza içerki bazaryň mümkinçiliklerini halkara jemgyýetçiligine görkezmäge we şunuň bilen birlikde önümçiligiň we tehnologiýalaryň dürli ulgamlarynda dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen tanyşmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiz türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň baý tejribesiniň we uly kuwwatynyň bardygyny, milli ykdysadyýetleriň serişdelerini hem-de üstünliklerini nazara almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklarda täze sepgitlere ýetmäge gönükdirilendigini belledi. Däp bolan ugurlarda, şeýle hem täze ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň netijeli guraly bolan nobatdaky sergi hem özara gatnaşyklary has-da giňeltmek işinde uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň Türkmen deňiz söwda floty müdirliginiň işini döwrebaplaşdyrmak hem-de kämilleşdirmek boýunç amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginde aragatnaşygyň süýümli ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, şol sanda ýokary tizlikli Internet ulgamyny almak hakynda alnyp barylýan işler barada habar berdi. Şeýle hem wise-premýer milli emeli hemrany älem giňişligine çykarmaga görülýän taýýarlyk işleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işler şu ýyl ýerine ýetiriler hem-de emeli hemra älem giňişligine çykayrylar.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşinde ulag pudagynyň kärhanalarynyň netijeli we sazlaşykly işlemeginiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýdyp, halkara ýüklerini daşamakda we ýolagçy gatnatmakda deňiz ulaglary ulgamynyň wajyp orun eýeleýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz täze tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň, tejribe alşylmagynyň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen innowasion işläp taýýarlamalaryň alşylmagynyň, Türkmenistanyň öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen ýörite gämileri satyn almagyň hasabyna deňiz flotuny sazlaşykly ösdürmegiň möhümdigini belledi. Munuň özi ýurdumyzyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň kuwwatyny has-da artdyrar.
Milli Liderimiz häzirki döwürde Türkmenistanda aragatnaşyk ulgamynyň toplumlaýyn ösdürilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berilýändigini bellemek bilen, onuň işiniň has-da kämilleşdirilmeginiň we ýokary hil derejesine ýetilmeginiň zerurdygyny nygtady. Türkmenistanyň aragatnaşygyň milli emeli hemrasy bilen üpjü edilmegi boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn çärelere ünsi çekmek bilen, milli emeli hemranyň bolmagynyň ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamynyň we telewideniýäniň ösüşini çaltlandyrjakdygyny aýtdy. Milli Liderimiz pudaklaýyn düzümleriň tehniki taýdan döwrebap enjamlaşdyrylmagynyň aragatnaşyk pudagynyň ösüşinde ileri tutulýan wezipeleriň biridigini belläp, wise-premýere ähli häzirkizaman tehnikalarynyň netijeli ulanylmagy, olara ýokary hilli hyzmat edilmegi boýunça guramaçylykly hem-de sazlaşykly işi üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisi jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder