2 Şubat 2015 Pazartesi

Orsýetiň Daşary İşler Ministri Aşgabada Barýar.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 3-nji fewralda iş sapary bilen Türkmenistana barar. Bu saparyň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen 2014-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Astrahanda gelnen ylalaşyklaryň ugrunda amala aşyrylýandygy Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň resmi beýannamasynda aýdylýar.

Maglumata görä, Aşgabatda Lawrow Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aktual meseleleri, şol sanda olaryň gumanitar tarapy boýunça gepleşik geçirer, halkara durmuşynyň esasy temalaryny, hususan-da ýurtlaryň BMG we GDA guramasynyň çägindäki hyzmatdaşlygy maslahat eder. Owganystandaky ýagdaý bilen baglylykda Merkezi Aziýanyň ýagdaýyny, şeýle-de Ýakyn Gündogary maslahat eder.

“Orsýet Türkmenistan bilen daşary syýasat, ykdysadyýet we gumanitar taýdan köp ugurlardan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär”, diýip Orsýetiň resmi maglumatynda aýdylýar.   

Türkmenistanyň we Orsýetiň prezidentleriniň geçen ýylda Astrahanda geçiren gepleşiklerinde G.Berdimuhamedow iki ýurduň söwda-ykdysady ugurdan hyzmatdaşlygynyň gowy barýandygyny belläpdi.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2705

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder