7 Şubat 2015 Cumartesi

Oba Hojalyk Tehnikalary Boýunça Maslahat Geçirildi.

Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýewropada öndürilýän oba hojalyk tehnikalaryny peýdalanýan hünärmenleriň hünärlerini ýokarlandyrmak boýunça maslahat geçirildi. Şeýle hem nemes mugallymlary Ahal, Balkan, Mary we Lebap welaýatlarynyň oba hojalyk önümlerini öndürijileri üçin agronomiýa boýunça göçme okuw tapgyrlaryny geçirdiler. 

Maslahata oba hojalyk ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary, hususy oba hojalyk önümlerini öndürijiler, Türkmenistanda ýewropa önümlerine hyzmat edýän “Erdem” hyzmat ediş gullugynyň paýtagtdaky we sebitlerdäki işgärleri gatnaşdylar. Okuw sapaklary Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlygy boýunça (GIZ) jemgyýetiniň “Merkezi Aziýada oba hojalyk ulgamyny we hyzmat ediş gurluşyny döretmek” maksatnamasynyň çäklerinde Germaniýaly hünärmenler tarapyndan geçirildi. 

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylara işleýiş usuly,ýewropa tehnikalaryny – türkmen topragynda giňden ulanylýan häzirki zaman pürküjileri, takyk ekişiň seýalkalary ulanmagyň usullaryny we mümkinçiliklerini jikme-jik öwrenmäge mümkinçilik berildi. Hususan-da, ekinleri netijeli goramak üçin pürküji gurluşlaryň aýratyn şaýlarynyň, düzüm bölekleriniň orny, pürküjileriň görnüşleri we olary ulanmagyň usullary, takyk ekişiň tehnologiýalarynyň we tehnikalarynyň artykmaçlyklary we beýlekiler barada gürrüň edildi. 

Maslahatlara gatnaşyjylar asma enjamlaryny has netijeli ulanmagyň mümkinçilikleri bilen «Maschio Gaspardo» italýan tehnikasynyň birnäçesiniň nusgalarynyň mysalynda özleşdirdiler. Okuwyň dowamynda interaktiw shemalar, maketler, tematiki diwarlyklar, gollanmalar hem-de «Claas» nemes kompaniýasynyň TOHU çäklerinde ýerleşýän okuw merkeziniň okuw otaglarynyň we ussahanalarynyň üpjün edilen kompýuter enjamlary ulanyldy. 

TOHU binýadynda 2012-nji ýylda açylyp, ulanylmaga berileli bäri ýöriteleşdirilen okuw merkezi Ýewropadan gelen mugallymlaryň we tejribeli, ýaňy işe başlan türkmen oba hojalyk işgärleriniň yzygiderli duşuşýan ýerine öwrüldi. Praktiki sapaklar, hususan-da, ýokary okuw mekdebiniň talyplary üçin TOHU Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän okuw-önümçilik hojalygynda geçirilýär. 

Ýurduň sebitlerinde bolup geçen okuw sapaklarynda daşary ýurtly myhmanlar oba hojalyk işgärleri bilen bu ýeriniň howa-toprak şertlerine meňzeş bolan Germaniýanyň gündogarynda bugdaýyň ösdürip ýetişdirilişi bilen tejribelerini paýlaşdylar. Ekmek üçin tohumyň sagdyn, ýokary hasylly görnüşini dogry saýlap almak, tohum ekmegiň kadasy we gürlügi, bugdaýy hapa-haşal otlardan we kesellerden netijeli goramak üçin döküniň hasaply ulanylşy maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Mälim bolşy ýaly,ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda «Claas» (Germaniýa), «Maschio Gaspardo» (Italiýa), «Lemken» (Germaniýa) ýaly iri kompaniýalarynyň öndürýän tehnikalary işjeň ulanylýar. Bu kompaniýalarynyň tehnikalarynyň dogry ulanylmagy topragyň hasyllylygyna we ekinlerden bol hasyl almaga, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga özüniň oňaýly täsirini ýetirýär, tehnikalaryň we enjamlaryň uzak wagtlap ulanylmagyny üpjün edýär.






Hiç yorum yok:

Yorum Gönder