Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel we Fransiýanyň Prezidenti Fransua Olland Kiewde Ukrainanyň Prezidenti Petro Poroşenko bilen duşuşdy.
Liderler Ukraina krizisiniň parahatçylykly ýagdaýda çözülmegi meselesini ara alyp maslahatlaşdy.
“Merkel we Oland bilen geçiren gepleşiginiň ýurduň gündogarynda ot açyşlygyň bes edilmegi meselesinde umyt berendigini” aýdan Poroşenko Minisk şertnamasynda ýer alan taraplaryň jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmelidigini nygtady.
Ukrainadaky daşary ýurtly esgerleriň çekilmegini we zamun alynanlaryň boşadylmagyny islän Poroşenko, basyp alyşlyk astyndaky ýerlerde Ukrainanyň kanunlaryna laýyklykda ýerli saýlawlaryň geçirilmelidigini belledi.
Merkel bilen Olland Ukrainadan soň şu gün Moskwada Prezident Putin bilen duşuşar.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder