28 Şubat 2015 Cumartesi

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 Ýyllygynyň Hormatyna

Ženewa şäherindäki (Şweýsariýa Konfederasiýasy) Millietler Köşgüniň Türkmen zalynda şu ýyl bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli duşuşyk geçirildi. 

Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň şanyna Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan guralan duşuşyga Şweýsariýada işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de abraýly halkara guramalarynyň wekilleri çagyryldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna bagyşlanyp geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Onuň ýörelgeleri halkara syýasatynyň we ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz şertine öwrülip, netijeli döwletara gatnaşyklary üçin esas bolup hyzmat edýär. 

1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Garaşsyz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ilkinji Bitarap döwlet hökmünde resmi taýdan ykrar edilmegi mynasybetli täze dünýä taryhynyň we halkara diplomatiýasynyň şanly senesine öwrüldi. 

Täsin halkara hukuk derejesi diňe giň gerimli döwlet özgertmeler maksatnamalaryny we durmuş-ykdysady özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek üçin däl-de, eýsem, sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmak, gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlar we abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyklary giňeltmek üçin binýat bolup hyzmat edýär. 

Türkmenistan saýlap alan ugruna eýermek bilen, geçen ýyllaryň içinde häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge işjeň gatnaşyp, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň esaslaryny berkitmäge ýardam edýär. Biziň ýurdumyzyň Bitaraplygynyň diňe sebitde parahatçylygy we ynanyşmagy saklamak üçin däl-de, eýsem, syýasy-diplomatik usullary ulanmak arkaly dünýäde ýüze çykýan ähli meseleleri çözmek üçin hem täsirli gural hökmünde ykrar edilmegi tötänden däldir. 

Duşuşyga gatnaşyjylar şu ýylyň dekabrynda ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde belleniljek şanly senä gabatlanan çäreleriň meýilnamasy bilen hem tanyşdyryldy.

3-4-nji Martda Türkiýe Boljak Resmi Sapar Hakynda

R.Meredow 3-4-nji martda Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, nobatdaky ýokary derejedäki türkmen-türk gepleşikleri netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilendir. Onuň esasynda türkmen hem-de türk halklarynyň mizemes dostluk we doganlyk gatnaşyklary, medeni hem-de ruhy däpleriniň umumylygy durýar. Gepleşikleriň jemleri boýunça döwletara hyzmatdaşlygynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny has-da berkitjek ikitarpalaýyn resminamlara gol çekmek göz öňünde tutulýar. 

Söwda-ykdysady ulgamda türkmen-türk gatnaşyklary çalt depginler bilen ösýär. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň artmagy munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen birlikde, gumanitar-medeni, şol sanda bilim ugry boýunça döwletara gatnaşyklaryna hem netijeli häsiýet mahsusdyr. 

Saparyň maksatnamasynda milli Liderimiziň Stambula baryp görmegi göz öňünde tutulýar. Şol ýerde Türkmenistanyň Halkara maýa goýum maslahaty geçiriler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň netijeli daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek arkaly, dünýäniň ähli ýurtlary bilen gatnaşyklaryny parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guraýar we geljekde hem şol ugra eýerjekdigini aýtdy. 

Abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösýän döwletara türkmen-türk gatnaşyklaryna ýokary baha bermek bilen, milli Liderimiz soňky ýyllarda däbe öwrülen şol hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady ulgamda, şeýle hem medeni-gumanitar ulgamlarda täze kuwwatly itergä eýe bolandygyny belledi. 


Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi. 

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer maliýe-ykdysady ulgamynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak hakyndaky Buýrugyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň Döwlet býujetinde hem-de hojalyk hasaplaşygyndaky guramalaryň we hususy kärhanalaryň şu ýyl üçin maliýe meýilnamalarynda maliýe serişdeleriniň belli bir möçberleri göz öňünde tutuldy. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, müňýyllyklaryň dowamynda eziz Watanymyza söýginiň, maşgala ojagyna wepalylygyň iň gowy nusgalaryny özünde jemleýän türkmen zenanlarynyň sarpasynyň we mertebesiniň hemişe belentde tutulandygyny belledi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň zenanlarymyz özleriniň maksada okgunlylygy we zähmetsöýerligi bilen Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleriniň artmagyna saldamly goşant goşýarlar. Olaryň tutanýerliligi we giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek işine döredijilikli çemeleşmegi çuňňur hormat-sarpa mynasypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady hem-de Halkara zenanlar güni mynasybetli dynç alyş gününi beýleki güne geçirmek hakyndaky Permana gol çekdi. Şeýle hem milli Liderimiz ajaýyp bahar baýramynyň hormatyna ýurdumyzyň zenanlaryna pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak hakyndaky Buýruga gol çekip, wise-premýere we degişli ýolbaşçylara olaryň öz wagtynda gowşurylmagyny hem-de baýramçylyk çäreleriniň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde we dabaralara beslenip geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. 

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol DIM-niň alyp barýan işleri, şeýle hem 3-4-nji martda Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi. 

Bellenilişi ýaly, nobatdaky ýokary derejedäki türkmen-türk gepleşikleri netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilendir. Onuň esasynda türkmen hem-de türk halklarynyň mizemes dostluk we doganlyk gatnaşyklary, medeni hem-de ruhy däpleriniň umumylygy durýar. Gepleşikleriň jemleri boýunça döwletara hyzmatdaşlygynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny has-da berkitjek ikitarpalaýyn resminamlara gol çekmek göz öňünde tutulýar. 

Söwda-ykdysady ulgamda türkmen-türk gatnaşyklary çalt depginler bilen ösýär. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň artmagy munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen birlikde, gumanitar-medeni, şol sanda bilim ugry boýunça döwletara gatnaşyklaryna hem netijeli häsiýet mahsusdyr. 

Saparyň maksatnamasynda milli Liderimiziň Stambula baryp görmegi göz öňünde tutulýar. Şol ýerde Türkmenistanyň Halkara maýa goýum maslahaty geçiriler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň netijeli daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek arkaly, dünýäniň ähli ýurtlary bilen gatnaşyklaryny parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guraýar we geljekde hem şol ugra eýerjekdigini aýtdy. 

Abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösýän döwletara türkmen-türk gatnaşyklaryna ýokary baha bermek bilen, milli Liderimiz soňky ýyllarda däbe öwrülen şol hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady ulgamda, şeýle hem medeni-gumanitar ulgamlarda täze kuwwatly itergä eýe bolandygyny belledi. 

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ýurdumyzda iri düzüm taslamalaryny we giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga gatnaşýan belli türk kompaniýalarynyň türkmen bazarynda alyp barýan işlerini netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly hökmünde getirdi. Bilelikdäki hökümetara toparynyň we Türkmen-türk işewürler geňeşiniň netijeli işleri hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekde uly orun eýeleýär. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Türkiýe Respublikasyna boljak resmi saparyna taýýarlyk görmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şol sapar döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda nobatdaky möhüm sahypa bolup, özara bähbitlere, umumy abadançylygyň maksatlaryna gabat gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge gönükdirilendir. 

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň nobatdaky maslahatyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Onuň gün tertibinde birnäçe täze kanun taslamalaryna garalar. Olaryň hatarynda “Söwda-senagat edarasy hakynda”, “Ekstremizme garşy hereket etmek hakynda”, “Ýygnaklary, ýygnanyşyklary, ýörişleri we beýleki köpçülikleýin çäreleri guramak we geçirmek hakynda”, “Demir ýol ulagy hakynda”, “Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary bar. Şeýle hem milli ykdysadyýetiň ösdürilmegine kuwwatly itergi bermäge, hukuk tertibini pugtalandyrmaga, daşky gurşawyň goralyşyny hukuk taýdan düzgünleşdirmäge, daşary syýasat babatda kanunçylygy kämilleşdirmäge ýardam etmäge gönükdirilen birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda kanun taslamalaryna garamak göz öňünde tutulýar. 

Şeýle hem obalary özgertmek boýunça rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamany durmuşa geçirmek, parlamentara gatnaşyklaryny hem-de abraýly halkara guramalar bilen özara gatnaşyklary ösdürmek babatda Türkmenistanyň Mejlisiniň işi barada habar berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, jemgyýetçilik-syýasy durmuşy demokratiýalaşdyrmak ýoly boýunça ýurdumyzy mundan beýläk-de öňe ilerletmäge, düýpli durmuş-ykdysady özgertmeleri has-da ösdürmäge, kanunçykaryjylyk işinde oňyn halkara tejribesini peýdalanmaga gönükdirilen wezipeleri çözmekde Mejlisiň maksadalaýyk we yzygiderli işiniň zerurdygyny nygtady. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Aşgabat şäheriniň etraplarynda iş Meýilnamalarynda göz öňünde tutulan täze desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gurluşyk işleriniň barşyna berk gözegçiligi amala aşyrmagy hem-de işleriň ýokary hilli ýerine ýetilmegini üpjün etmek maksady bilen, ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda täze suw howdanynyň gurluşygynyň barşy hakynda hasabat berdi. Ol “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda gurulýar. 

Gurluşygynda döwrebap tehnologiýalar we serişdeler ulanylýan täze desga göwrümi 500 müň kub metr bolan, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek üçin niýetlenen suw howdanyny öz içine alýar. Gidrotehniki toplumyň düzümine sil suwlaryny toplamak we olary netijeli ulanmak maksady bilen, göwrümi 5,2 million kub metr bolan emeli suw howdany girýär. 

Häzir bu ýerde ýagyş suwuny ýygnamak işleri dowam edýär, häzire çenli 1 million 200 müň kub metrden gowrak suw ýygnaldy. Gozgançaý derýasyndan suw akabalarynyň we suw göteriji bekediniň gurluşygy dowam edýär. Umuman, bu desganyň işe girizilmegi daýhan birleşiklerini agyz suwy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. Oba hojalyk ýerleriniň 1,5 müň gektary suw bilen üpjün ediler. 

Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde “Oba hojalyk ekinleri üçin himiki serişdeleri, bugdaý we şaly kombaýnlary hem-de sürüm traktorlary üçin ätiýaçlyk şaýlary, tigirleri, çalgy ýaglaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak hakynda” kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek, sürümli ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, täze ýerleri ekin dolanyşygyna girizmek ýaly meseleleri çözmäge ylmy taýdan çemeleşmegiň möhümdigine aýratyn üns berdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere oba hojalyk meýdanlarynyň suw bilen üpjün edilmegini, şol sanda suw hojalygynda täze tehnologiaýlary giňden ornaşdyrmagyň hem-de suw howdanlarynda suw toplamagyň üpjün edilmegini has-da gowulandyrmak bilen bagly birnäçe tabşyryklary berdi. 

Türkmen halky suwy gadym döwürlerden bäri ýaşaýşyň, abadançylygyň we bolçulygyň çeşmesi hasaplap, onuň her bir damjasyny altyn dänesine deňeýär. Bu paýhasly halk däpleri innowasion tehnologiýalary we ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny ugur edinýän Türkmenistanda suwy aýawly peýdalanmak meselelerini çözmekde öz beýanyny tapdy. 

Hormatly Prezidentimiz “Oba hojalyk ekinleri üçin himiki serişdeleri, bugdaý we şaly kombaýnlary hem-de sürüm traktorlary üçin ätiýaçlyk şaýlary, tigirleri, çalgy ýaglaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak hakynda” karara gol çekip, resminamany ýerine ýetirmek bilen bagly birnäçe görkezmeleri berdi. 

Şeýle hem wise-premýere ýakyn wagtda geçirilmeli ýazky meýdan işlerine, şol sanda gowaça we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek bilen bagly anyk tabşyryklar berildi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýeitirilişi, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmak we durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Häzirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda kuwwatlylygy ýylda 3 million tonna nebiti ilkinji gezek gaýtadan işleýän desganyň we ýylda 21 müň tonna polipropilen plýonkasyny öndürmäge niýetlenen zawodyň gurluşygy alnyp barylýar. Mundan başga-da, ýokary oktanly awtomobil benzinini öndürmek üçin niýetlenen desgalar toplumy bina edilýär. Onuň düzümine kuwwatlylygy ýylda 250 müň tonna suwuklandyrylan gazdan awtoulag benzini üçin ýokary oktan goşundysyny alýan, 230 müň tonna pes oktanly A-80 benzinini ýokary oktan goşundysyna öwürýän we 2,3 million tonna bolan benzinleri garýan desgalar girýär. 

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyndaky kuwwatlylygy çig mal boýunça ýylda 450 müň tonna göni işlenen benzinden bolan A-95 benzinini öndürýän desganyň durky täzelenýär. 

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 300 müň tonna ýol bitumyny we 50 müň tonna gurluşyk bitumyny öndürýän desganyň taslamasyny düzmek we gurluşyk işlerini alyp barmak göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda bäsleşigiň netijeleri jemlenip, bellenen tertipde degişli guramalarda ylalaşmak işleri alnyp barylýar. Şeýlelikde, häzir hereket edýän kuwwatlyklary hasaba alsaň, toplumyň zawodlarynda ýol bitumynyň öndürilişi 600 müň tonna, gurluşyk bitumynyň öndürilişi bolsa 56 müň tonna ýetiriler. 

Umuman, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gaýtadan işlenýän nebitiň möçberi ýylda jemi 10,5 million tonna ýetiriler. Bu ýerde çig maly gaýtadan işlemegiň çuňluk görkezijisi 95 göterim, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda bolsa 97 göterim ýokarlanar. Ýurdumyz boýunça ýylda jemi 1 million 632 müň tonna kükürtden arassalanan benzin we 3 million775 müň tonna gidro usulda arassalanan dizel ýangyjy öndüriler. Olar Ýewro-5 halkara ölçegleriniň talaplaryna laýyk geler. 

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda sintetiki tehniki ýaglaryň täze görnüşlerini, şol sanda API (ABŞ) ölçeglerine laýyk gelýän ýaglary öndürmek göz öňünde tutulýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň wezipelerine ünsi çekdi. Şol wezipeleriň üstünlikli çözülmegi bolsa ýurdumyzy toplumlaýyn senagatlaşdyrmaga, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga we degişlilikde, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder. 

Döwlet Baştutanymyz täze ýataklary çalt özleşdirmegiň hasabyna ýangyç serişdeleriniň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, nebitgaz çykarýan senagatyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak, türkmen energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek bilen birlikde, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, täze nebit we gazhimiýa önümçiliklerini gurmak wezipeleriniň durýandygyny belledi. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynda ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleriniň rejeli ulanylmagyny üpjün etmäge, daşky gurşawy goramak ulgamynda wezipeleri çözmäge ýardam etjek innowasion tehnologiýalaryň giňden ulanylmagynyň möhümdigini nygtady. 

Milli Liderimiz wise-premýere Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze desgalaryň öz wagtynda gurlup ulanmaga berilmegi we ýakyn geljekde nebiti gaýtadan işleýän senagatda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan düzümleýin taslamalary ilerletmek boýunça işleriň depgininiň güýçlendirilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan täze web-saýtyň taýýalanandygy hakynda hasabat berdi. 

Täze internet serişdesi dünýä jemgyýetçiligini Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýöredýän, sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy, dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny saklamaga, şeýle hem türkmen Bitaraplygynyň toýuna gabatlanan dabaralary we çäreleri giňden beýan etmäge gönükdirilen oňyn, ynsanperwer syýasaty bilen tanyşdyrmak maksadynda döredildi. 

Wise-premýer öz hasabatyny wideo we surat maglumatlary bilen utgaşdyryp, üç dilde türkmen, iňlis we rus dillerinde internet giňişligine çykarmaga taýýarlanan täze saýtyň düzümi, mazmuny hakynda habar berdi. 

Täze saýt giň gerimli baýramçylyk çäreleriniň, şol sanda Bitaraplygyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahatynyň habarlar arkaly beýan edilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir. Internet-serişde öz okyjylaryna ýurdumyz, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçygynda Türkmenistanda geçirilýän giň gerimli özgertmeler, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça Türkmen döwletiniň daşary syýasy ugruna laýyklykda alnyp barylýan işler hakynda makalalalary we beýleki maglumatlary hödürleýär. Bu internet-serişde dünýä tejribesinde özüni gowy tarapdan görkezen tiz we howpsuz ýerine ýetirilen ilkinji türkmen saýty bolup durýar. Web-saýt üçin ýörite wirtual serwer hödürlendi, şeýle hem sahypalaryň çalt çykarylmagyna mümkinçilik berýän serwer işe girizildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we täze habarlar saýtyny Internet ulgamynda ýerleşdirmek hakynda teklibi makullap, onuň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetiniň uludygyny belledi. Milletler Bileleşigi tarapyndan 20 ýyl mundan öň Türkmenistana berlen hemişelik Bitaraplyk derejesi türkmen halkyna gadymdan mahsus bolan parahatçylyk söýüjiligi we özboluşlylygy şöhlelendirmek bilen çäklenmän, eýsem, üçünji müňýyllygyň maksatlaryny gazanmaga--ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge, halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge ýardam edýär. Tutuş dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldamak Bitarap Türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. 

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan web-saýtyň işini hem-de şanly senä bagyşlanyp geçiriljek halkara we beýleki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. 

Wise-premýer Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň ýanwar aýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, 2015-nji ýylyň 1-30-njy apreli aralygynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş we jemgyýetçilik-medeni çärelerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada-da hasabat berdi. 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna apreldäki biraýlygyň çäreleriniň işlenip düzülen meýilnamasy hödürlendi. Ony “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygy hem-de 2015-nji ýylyň Türkmenistanda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreler bilen utgaşyklykda geçirmek meýilleşdirilýär. 

Bir aýyň dowamynda ähli şäherlerde we obalarda, etraplarda, welaýat merkezlerinde hem-de Aşgabat şäherinde ýaşlaryň, talyplaryň we mekdep okuwçylarynyň, zähmet toparlarynyň arasynda dürli sport ýaryşlary, sagdyn durmuş ýörelgeleri hem-de beýlekiler boýunça maslahatlar we wagyz çäreleri guralar. Umuman, ýaryşlaryň 55-sini geçirmek, köpçülikleýin sport-medeni çäreleriniň irileriniň 15-sini geçirmek göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda paýtagtymyzyň hem-de welaýat merkezleriniň şaýollarynda uzak aralyga ylgaw ýaryşy, “Aziada-2017 we Türkmenistanyň ösüşiň hem-de parahatçylygyň bähbidine sportda tutýan orny” atly halkara maslahaty, Saglyk ýoluna çykmak, Olimpiýa şäherjiginiň welosiped ýodasynda welosiped ýörüşi, Aşgabat-Derweze-Aşgabat ugry boýunça awtoýörüş we köpsanly beýlekiler bar. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş we jemgyýeçilik-medeni çäreleriniň geçirilmeginiň uly ähmiýetini belledi hem-de bu çäreleriň maksadynyň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň ornaşdyrylmagynda, bedenterbiýäni hem-de sporty wagyz etmekde we ösdürmekde, saglygy goraýyş we sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda hem-de Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş we jemgyýetçilik-medeni çäreleri geçirmek boýunça başlangyçlary dowam etmekde jemlenýändigini nygtady. 

Bu çärelere raýatlarymyzyň köpçülikleýin gatnaşmagyny üpjün etmegiň wajypdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz wise-premýere göz öňünde tutulan ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde hem-de ählumumy ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilmegi boýunça anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow soňra milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynda işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň berjaý edilişi baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, wise-premýer balyk hojalygyny ösdürmäge gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi. 

Hasabatda bellenilişi ýaly, Döwlet balyk hojalygy komiteti tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan emeli suw howdanlaryny netijeli peýdalanmak, olarda ösdürip ýetişdirilýän balyklaryň sanyny köpeltmek babatda işler alnyp barylýar. 2015-nji ýylda “Ahalbalyk” döwlet kärhanasyna degişli 1100 gektar meýdandaky suw howdanlarynda 840 tonna balyk ösdürip ýetişdirmek göz öňünde tutulýar. 

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň suw howdanlarynyň ählisini balyk bilen doly üpjün etmek üçin şu ýylyň ýaz möwsüminde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň balyk hojalygynyň binýadynda zagara, uçar, tüňňimaňlaý ýaly ýaş balyklaryň 2 million 440 müňüsi ösdürilip ýetişdirildi. Şolardan şu günler Ahal welaýatynyň suw howdanlaryna 1,5 million balygy, welaýatlaryň köllerine 400 müň, Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň Hanhowuz suw howdanyna 540 müň sany balyk goýbermek boýunça işler dowam edýär. 

Şeýle hem ýurdumyzyň içerki suw howdanlaryny balyk ätiýaçlygynyň üstüni doldurmak maksady bilen, Halaç etrabynyň “Garamätnyýaz” suw howdanynda doly abatlaýyş işleri geçirildi. Häzir bu ýerde eýýäm 500 müň sany ýaş balyklar ösdürilip ýetişdirildi. 

Mundan başga-da, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin şu ýyl Ahal welaýatyndaky howdan hojalyklarynda umumy meýdany 450 gektar bolan emeli suw howdanlarynda arassalaýyş-abatlaýyş işlerini geçirmek meýilleşdirilýär. “Ahalbalyk” döwlet kärhanasynyň balyk ösdürip ýetişdirýän hojalyklarynyň ählisi azot we fosfor mineral dökünleriniň zerur bolan möçberi bilen öz wagtynda üpjün edilýär, ýetişdirilýän balyklar ýokumly iýmler bilen iýmitlendirilýär. 

Şeýle hem hasabatda Döwlet balyk hojalygy komitetiniň ygtyýaryna gelip gowşan balyk tutujy täze gämileriň ulanmaga girizilmegi bilen, 2015-nji ýylyň iki aýynyň netijeleri boýunça balygyň tutulyşynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 16,6 göterim artandygy bellenildi. Ilaty dürli balyk önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, Ak bugdaý etrabyndaky balyk ösdürilip ýetişdirýän we gaýtadan işleýän iri önümçilik toplumynda balyk önümleriniň täze görnüşlerini çykarmak boýunça işler ýola goýuldy, 2015-nji ýylyň başyndan bäri iki aýyň netijeleri boýunça olaryň önümçiligi geçen ýylky bilen deňeşdirilende görnetin artdy. 

Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesiniň töwereginde daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna bekre balyklaryny emeli usulda köpeldýän we balyk önümlerini öndürýän önümçilik toplumyny gurmaga Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy tarapyndan bäsleşik yglan edildi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň balyk hojalygyny depginli ösdürmegiň, tutulýan balyklaryň emeli köpeldilişini hem-de olary tutmagyň möçberlerini artdyrmagyň, balyk önümlerini ýokary hilli gaýtadan işlemegiň hem-de bu önümleriň giň görnüşini öndürmegiň wajypdygyny nygtady. Pudagyň hojalyk edaralaryny hil taýdan täzelemek we enjamlaşdyrmak boýunça uly işler şol maksatlara gönükdirilendir, innowasion tehnologiýalar esasynda igşleýän täze senagat kärhanalary döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz konserwirlenen balyk önümleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek meselesine ünsi çekip, bu önümleriň gaplaryny taýýarlamakda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini, ösen tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak barada degişli tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyz ilaty balyk önümleri bilen durnukly üpjün etmek babatda pudagyň öňünde durýan wezipeleriň üstünde durup geçip, anyk netijeleri gazanmak üçin bellenen hemme çäreleriň durmuşa geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

Mundan başga-da, milli Liderimiz çagalaryň iýmitine ýokumly balyk önümleriniň goşulmagyny üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmek barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe degişli tabşyryk berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow Aşgabat şäherinde 14-nji martda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň birinji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Mejlisiň barşynda ýangyç-energetika toplumynda, saglygy goraýyşda, oba hojalygynda, senagatda, ylym-bilim we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek meselelerine garamak göz öňünde tutulýar. 

Wise-premýer şeýle hem Jemagat hojalygy institutynyň binalar toplumynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça yglan edilen halkara bäsleşiginiň netijeleri barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi tarapyndan degişli guramaçylyk işleri geçirilip, täze dörediljek institutda bäş fakultetde jemi 12 hünär boýunça talyplaryň okadylmagy meýilleşdirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Orta Aziýa sebitiniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň Türkmenistanyň durmuşa geçirýän, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, giň sebit we halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň mejlisiniň ähmiýetini belläp, bu möhüm çärä taýýarlyk görmek babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyz Jemagat hojalygy institutynyň binalaryny gurmak barada aýdyp, zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak meselesine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň binalar we desgalar toplumyny gurmak hakyndaky” Karara gol çekip, bilim ulgamyndaky özgertmeleri mundan beýläk-de giňden ýaýbaňlandyrmagyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiz ýurdumyzyň energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini gowulandyrmak, ilatly ýerleri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek, energetika desgalaryny düýpli abatlamak we durkuny täzelemek işinde ýokary önümçilik netijelerini gazanmak maksady bilen, dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden döwrebap enjamlary yzygiderli satyn almagyň zerurdygyny belledi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler barada hasabat bermek bilen, 23-25-nji fewralda Aşgatda geçirilen bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 7-nji mejlisiniň we türkmen-awstriýa işewürler maslahatynyň, şeýle hem 26-njy fewralda geçirilen türkmen-eýran işewürler maslahatynyň jemleri hakynda habar berdi. 

Mundan başga-da, wise-premýer döwlet Baştutanymyza 4-5-nji martda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Türkmenistanyň Halkara maýa goýum maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi we bu maslahatyň iş meýilnamasyny milli Liderimiziň garamagyna hödürledi. Onuň işine dünýäniň 40-dan gowrak döwletinden kompaniýalaryň hem-de dürli halkara guramalarynyň we banklarynyň wekilleriniň köp sanlysy gatnaşar. Türkiýä saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary ikitaraplaýyn işewürler duşuşyklarynyň hem birnäçesini geçirerler. 

Hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn işewür maslahatlarynyň geçirilmegine we söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparlary ýaly bilelikdäki düzümleriň işine uly ähmiýetiň berilýändigi barada aýdyp, bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi hem-de Awstriýanyň we Eýranyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklarda gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda gazanylan üstünlikleri, onuň maýa goýum kuwwatyny giňden görkezmäge, ýurdumyzda öndürilýän önümleri dünýä bazarlaryna çykarmaga mümkinçilik berýän tanyşdyryş işiniň ähmiýetine ünsi jemledi. Milli Liderimiz halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny giňeltmäge, önümçilik we söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge, netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilen Halkara maýa goýum maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda özara gatnaşyklaryň täze görnüşlerini gözläp tapmaga, haryt dolanyşygynyň möçberini has-da artdyrmaga, Türkmenistanyň dürli ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygyny giňeltmäge möhüm ornuň degişlidigini aýdyp, şunda dünýä möçberindäki ykdysady meýilleri we dünýä bazarynyň islegini öwrenmegiň möhümdigini belledi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirjek ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Şunuň bilen baglylykda, ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem habar berildi. Onuň düzümine Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentligi bilen birlikde “Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hem-de “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy girer. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we emeli hemramyzyň bolmagynyň artykmaçlyklary barada aýdyp, munuň ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, täze ykdysady ulgamlarda intellektual kuwwatyň artdyrylmagyna, ylym bilen baglanyşykly taslamalaryň amala aşyrylmagyna we şunuň netijesinde innowasion ugurly ykdysadyýeti döretmäge ýardam etjekdigini belledi. Milli emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagy halk hojalygynyň telekommunikasion isleglerini üpjün etmäge we bu ulgamdaky düzümi kämilleşdirmäge mümkinçilik berer. 

Hormatly Prezidentimiz aýdylanlary jemläp, döredilýän ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň “Türkmenhemrasy” diýlip atlandyrylsa, maksada laýyk boljakdygyny aýtdy we wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berip, ähli taslamalar amala aşyrylanda öňdebaryjy inženerçilik-tehniki pikirden we innowasion tehnologiýalardan, öňde goýlan wezipeleri çözmäge oýlanyşykly we toplumlaýyn çemeleşmelerden ugur almagyň wajypdygyny nygtady. 

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, Watanymyzyň we türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.

Türkmenistan Suratlar http://www.turkmenhabargullugy.com/

Türkmenistan Suratlar http://www.turkmenhabargullugy.com/








http://www.turkmenhabargullugy.com/






Hünärmenlerimiz






Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýä Resmi İş Saparynda Bolar

Türkmenistanyň Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident R. T. Erdoganyň çakylygyna laýyklykda mart aýynyň 3-4-i aralygynda Türkiýede saparda bolar.
Myhman lider Berdimuhamedow resmi saparynyň çäginde özara we toparara gepleşiklerden soň Prezident R. T. Erdogan bilen Stambulda geçiriljek Türkmenistanyň Halkara maýa goýum maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşar.
Prezidentiň metbugat gullugynyň tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda "Saparyň çäginde geçiriljek gepleşikler dost we doganlyk iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna mümkinçilik döreder. Ady agzalýan saparyň özboluşly we ýokary derejeli gatnaşyk edilýän ýurt Türkmenistan bilen köp taraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň güýçlendirilmegine goşant goşmagyna garaşylýar" diýildi.

IX.TÜRKMENİSTAN ULUSLARARASI YATIRIM FORUMU

IX. TÜRKMENİSTAN ULUSLARARASI YATIRIM   FORUMU
4-5 Mart 2015
Çırağan Palace Kempinski, İstanbul

4 Mart 2015, Çarşamba

08:30 – 09:30
Kayıt ve Çay Kahve İkramı
09:30-  09:45
Firma Standlarının Ziyaret Edilmesi
09:45 – 12:30
Türkmenistan Uluslararası Yatırım Forumunun Açılış Oturumu

DEİK / Türkiye - Türkmenistan İş Konseyi Başkanı Sn. Sefa Gömdeniz'in Hoşgeldiniz Mesajı
Ömer Cihad Vardan, DEİK Başkanı
Dr. Ahmed Mohamed Ali, İslam Kalkınma Bankası Başkanı
Nihat Zeybekci, T.C. Ekonomi Bakanı
Gurbanguli Berdimuhamedov, Türkmenistan Cumhurbaşkanı
Recep Tayyip Erdoğan, Türkiye Cumhurbaşkanı
12:30-14:00
Öğle Yemeği
Panel 1: Türkmenistan'da Yatırım Ortamı, Yatırımcılara Sağlanan Destekler ve Fırsatlar
Moderatör: Nigel Peters, British Expertise
14:15-16:00
Türkmen Şirket ve Kurumlarının Temsilcileri
Nurettin Canikli, T. C. Gümrük ve Ticaret Bakanı
Mithat Yenigün, Türkiye Müteahhitler Birliği Başkanı
Dr. Serdar Çam, Türk İşbirliği ve Koordinasyon Ajansı Başkanı
Hayrettin Kaplan, Eximbank Genel Müdürü
Ahmet Çalık, Çalık Holding Yönetim Kurulu Başkanı
Türkmenistan'da Yatırımcı Olarak Faaliyet Gösteren Türk ve Uluslararası Firmaların Üst Düzey Temsilcileri
15:45-16:15
Çay-Kahve İkramı
Panel 2: Türkmenistan'da Yatırım İmkanları ve Altyapı Yatırımlarının Geliştirilmesi, Telekomünikasyon, İnşaat, Ulaştırma, Bilgi Teknolojileri, Sağlık ve Tarım Alanındaki Son Gelişmelerin Değerlendirilmesi
Moderatör: Türkmenistan Sanayi ve Ticaret Odası Başkanı Dövran Orazmuradov                             
16:15-18:00
Lütfi Elvan, T. C. Ulaştırma, Denizcilik ve Haberleşme Bakanı
Kudbettin Arzu, T. C. Gıda, Tarım ve Hayvancılık Bakan Yardımcısı
Mükremin Çepni, TEDAŞ Yönetim Kurulu Başkanı
Mehmet Halis Bilden, TİGEM Yönetim Kurulu Başkanı
Prof. Dr. Yücel Altunbaşak, TÜBİTAK Başkanı
Başaran Ulusoy, TÜRSAB Başkanı
Çetin Nuhoğlu, UND Başkanı
Türkmen Şirket ve Kurumlarının Temsilcileri
20:00-22:00
Türkmenistan Uluslararası Yatırım Forumu Gala Yemeği

5 Mart 2015, Perşembe 

08:00-09:00
Kayıt ve Çay Kahve İkramı
Panel 3: Türkmenistan'ın Petrol, Gaz ve Kimya Sanayisinde Yatırım Olanakları
Moderatör: Süreyya Yücel Özden, Enerji İş Konseyi Başkanı
09:00-10:45
Türkmen Şirket ve Kurumlarının Temsilcileri
Prof. Dr. Veysel Eroğlu, T. C. Orman ve Su İşleri Bakanı
Taner Yıldız, T.C. Enerji ve Tabii Kaynaklar Bakanı
Mehmet Konuk, Botaş Yönetim Kurulu Başkanı (V)
Besim Şişman, TPAO Genel Müdürü (V)
Mustafa Yılmaz, EPDK Başkanı
Türkmenistan'da Enerji ve Kimya Sektöründe Faaliyet Gösteren Türk ve Uluslararası Firmaların Üst Düzey Temsilcileri

11:00-11:15
Çay-Kahve Arası
Panel 4: Türkmenistan'da Yabancı Yatırımcıların İş Yapma Tecrübeleri
Moderatör: Sefa Gömdeniz, Türkiye-Türkmenistan İş Konseyi Başkanı Sn. Sefa Gömdeniz
11:15-13:00
Hulusi Şentürk, TSE Başkanı
Türkmenistan'da Çeşitli Sektörlerde Faaliyet Gösteren Türk ve Uluslararası Firmaların Üst Düzey Temsilcileri

13:00-13:10
Türkmenistan Uluslararası Yatırım Forumunun Kapanışı
13:10-14:30
Öğle Yemeği
14:30-17:30
İkili İş Görüşmeleri

 Toplantıda Türkçe-Rusça-Türkmence-İngilizce eşzamanlı tercüme yapılacaktır. 
 İkili görüşmelerde Türkçe-Rusça-Türkmence-İngilizce ardıl çeviri hizmeti verilecektir. 

26 Şubat 2015 Perşembe

Türkmenstanyň Mejlisiniň Deputatlarynyň Dykgatyna

Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahaty 2015-nji ýylyň 28-nji fewralynda sagat 9.00-da Türkmenistanyň Mejlisiniň jaýynda geçirilýär. 

Deputatlary bellige almak 2015-nji ýylyň 28-nji fewralynda sagat 8.00-da başlanýar.



Badhyz we Köýtendag Döwlet Goraghanalarynyň Çäkleri Giňeldildi

Badhyz we Köýtendag döwlet goraghanalarynda gorag bufer zolaklary we biziň ýurdumyzda ilkinji sapar – Badhyzda ekologiki koridorlar dörediler. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň dekabr aýynyň 25-ine Badhyz we Köýtendag döwlet goraghanalarynyň meýdanyny giňeltmek meseleleri hakynda gol çeken Kararyna laýyklykda degişli işler geçirilýär. Resminama bilen bu goraghanalaryň çäkleriniň täze serhetleri tassyklandy we häzirki wagtda bu ugurda işler alnyp barylýar. 

Bu çözgüt şeýle halkara ähmiýetli çäkleriň derejesi, şeýle hem Halkara miras sanawyna hem-de Bütindünýä biosfera goraghanalarynyň toruna goşulan ýa-da görkezilen derejesi göz öňünde tutýan “Aýratyn goralýan tebigy çäkler hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda geçirildi. 

Bufer ýa-da gorag zolaklarynyň bolmagy bu goraghanalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras sanawyna goşmak boýunça geçirilmeli işler talap edýär. Ýagny, halkara talaplaryna jogap berýän tebigaty goramagyň dürli kadaly ekologiki bütewi çäkler döredilýär. Şeýle hem ýakynda ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky jogapkär kätibine berilen bütindünýä miras sanawyna goşmak üçin resminamalar taýýarlandy. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň goldaw bermeginde ýurtda tebigy häsiýetli ilkinji iki atlary – Badhyz we Köýtendag döwlet goraghanalary boýunça işlere başlandy. Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky sekretariaty we Beýik Britaniýanyň Guşlary goramak boýunça jemgyýeti bilen bilelikde özara düşünişmek hakynaky memorandumyň çäklerinde degişli teklipler taýýarlandy. 

Badhyzda ekologiki “koridorlar” biodürliligi saklamak üçin ekologiýa torunyň beýleki elementleri bilen tebigaty goraýyş çäkleriniň giňişliginiň bütewiligini saklamak üçin döredildi. Meselem, tebigy şertler arkaly haýwanlary göçürmek we ösümlikleri ýaýratmak. Badhyz goraghanasynda ekologiki “koridorlar” böleginde ýerlerde ýabany haýwanlaryň wagtlaýyn ýaşaýan ýerleriniň, göçýän döwürlerinde, uçup geçýän we geçýän ýerlerleriniň, ýabany ösýän floranyň ösýän ýerleriniň bütewiligini üpjün edýän ýerleri peýdalanmakda sazlaşdyryjy düzgün goýulýar. Ekologiki “koridoro”- gorag zolak çäkler derejesiniň berilmegi wagtlaýyn häsiýete eýedir we degişli ýer uçastoklaryny we suw desgalaryny olaryň eýelerinden we peýdalanýanlaryň ellerinden almak düşünjäni aradan aýyrýandygyny belläp geçmelidiris. Meselem, Çemenabadyň we Gyzyljaryň arasyndaky, şeýle hem onuň ýakynyndaky Badhyz goroghanasynyň öňündäki ekologiki “koridor” gyzyl kitaba girizilen gulanlaryň Çemenabat çäkli goraghanasyndaky diňe Guşgy derýasyna güzere gelýän möwsüminde goragly bolar. Şeýle koridorlaryň döredilmegi goraghananyň seýrek duş gelýän haýwanlarynyň köpelmegine özüniň oňaýly täsirini ýetirer, sebitiň ekologiki bütewiligini üpjün eder. 

ÝUNESKO-nyň sanawyna goşulan Badhyz goraghanasy 1941-nji ýylda seýrek duş gelýän toýnakly haýwanlary – gulanlary, dag goýunlaryny, jerenleri, şeýle hem iri pisseçilik tokaýyny goramak maksady bilen döredildi. Ol ýurduň günortasynda – Tejen we Murgap derýalarynyň arasynda ýerleşýär hem-de Badhyz belentligini we orta dag gerişlerini öz içine alýar. Goraghananyň gündogar böleginde öňden guran wulkanyň köp sanly kraterleri bolan ajaýyp Ýeroýlanduz çöketligi ýerleşýär. Gadymy Pulhatyn köprüsi we Gyzyljaryň hanasynda ýerleşýän gadymy adamlaryň köp gatly ýaşaýyş jaýy bolan emeli gowagy taryhy ähmiýete eýedir. 

Çäkler ajaýyp tebigy toplumlaryň, tebigy landşaftlaryň, şeýle hem endemiki, seýrek duş gelýän we ýitip barýan ösümlikleriň hem-de haýwanlaryň köp sanlysynyň sazlaşygy bilen häsiýetlendirilýär. Goraghanada gyzyl kitaba girizilen süýrenjiler, ýyrtyjy guşlar we toýnaklylar goralýar. Bu ýerde ösümleriň seýrek duş gelýän we endemiki görnüşleri bolan owgan injiri, Wasilçenko astragaly, badhyz we Leman çigildem gülleri gabat gelýär. 

Köýtendag goraghanasy – heniz ÝUNESKO-nyň Sanawyna goşulmaly dalaşgärleriň biridir. Ol 1986-njy ýylda döredilip, Köýtendag we Gowurdak daglarynyň gerişler toplumyny, derýa jülgeleriniň ýanaşyk böleklerini öz içine alýar. Bu ýerde endemiki ösümlikleriň görnüşleriniň hem-de seýrek duş gelýän haýwanlaryň 20-den gowrak görnüşi ýaşaýar. Şeýle hem bu ýerde – botaniki, zoologiki, geologiki, gidrogeologiki, paleontologiki tebigy ýadygärlikleriň köp sanlysy ýerleşýär. 

Ajaýyp Garlyk çäkli goraghana toplumy özüniň jemi uzynlygy, mineral dürli-dürliligi we geologiki prosesleriň gadymylygy bilen Ýewraziýda deňi-taýy ýokdur. Gowurdak-Köýtendag daglarynda bir gowak ulgamynda birleşen karst gowaklarynyň 300-si töweregi bar. Olaryň has täsinleri Garlygyň Gapgotan, Haşymoýuk, Aralyk, Geofiziki gowaklarydyr. Hojapil çäkli goraghananyň Köýtendagyň ýapgydynda mundan 150 million ýyl öň bu ýerde ýaşan ösümlik we ýyrtyjy dinozawrlaryň daşa dönüp giden yzlary bar. 

Türkmenistan Hazar deňziniň tebigaty goraýyş işiniň meselelerinde hem halkara ekologiki jemgyýetçiligi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.1971-nji ýylda, soňra 2008-nji ýylda gaýtadan Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň Türkmenbaşynyň we Demirgazyk Çelekeniň aýlaglarynyň çäkleri, esasan hem, suwda ýüzýän guşlaryň ýaşaýan ýeri hökmünde Ramsar Konwensiýasynyň suw-batgalyk ýerleri baradaky sanawyna girizildi. 1976-njy ýylda Hazar tebigy döwlet goraghanasy tebigaty goramak babatda alyp barýan işi üçin Tebigaty goramagyň halkara geňeşiniň ýörite diplomy bilen sylaglandy. 2008-nji ýylda Ramsar Konwensiýasyna goşulmak bilen, Türkmenistan Hazar tebigy döwlet goraghanasynyň halkara, ilkinji nobatda ornitologiki hökmünde derejesini ýene-de bir gezek tassyklady. 

Türkmenistanyň döwlet goraghanalarynyň dokuzsynyň biri bolan Repetek biosfera goraghanasy BUNESKO-nyň Bütindünýä biosfera goraghanalarynyň sanawyna girizildi. Ol 1927-nji ýylda döredilip, Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň çäklerinde ýerleşýär. 1979-njy ýylda çölüň ekoulgamyny goramakda we toplumlaýyn öwrenmekde gazanan netijeler üçin ÝUNESKO-nyň “Adam we biosfera” programmasynyň Halkara utgaşdyryjy geňeşiniň karary bilen biosfera derejesine eýe boldy. 


Ýunesko-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy boýunça Konwensiýasy ähli adamzat üçin gymmatly bolan desgalary ýüze çykarmak we goramak üçin işlenilip taýýarlanyldy. Şular ýaly desgalary geljekki nesiller üçin saklanyp galmagy hem döwletiň özi üçin, hem halkara jemgyýetçiligi üçin möhüm wezipe we jogapkärçilik bolup durýar. Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak hakyndaky Konwensiýa 1994-nji ýylda goşulyşdy, konwensiýanyň esasy bolsa – Bütindünýä miras sanawydyr. “Gadymy Merw” Döwlet taryhy we medeni seýilgähi 1999-njy ýylda, “Köneürgenç” taryhy we medeni ýadygärligi 2005-nji ýylda, “Nusaý” arheologiki, taryhy-medeni ýadygärligi 2007-nji ýylda medeni we taryhy nukdaýnazaryndan Türkmenistanyň iň täsin we baý desgalarynyň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň bu sanawyna girizildi.