Ýewropa komissiýasy 2017-nji ýylda Brýusselde ÝB-niň, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we türkiýäniň wekilleriniň gatnaşmagynda Transhazar gaz geçirijisiniň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Iş toparynyň nobatdaky maslahatyny geçirmäge taýýarlanýar. Bu barada ÝB-niň Türkmenistandaky işler boýunça wagtlaýyn ynanylan wekili Lýubomir Frebort Aşgabatdaky «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2016» atly halkara maslahatynda eden çykyşynda beýan etdi.
Ilçi 2015-nji ýylyň maýynda Ýewropa komissiýasynyň energetika boýunça wise-prezidenti Maroş Şefçowiçiň Aşgabada soňky gezek gelen saparynda Türkmenistanyň hökümeti bilen möhüm gepleşikleriň geçirilendigini, şeýle hem Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň pudak ministrleriniň gatnaşmagynda energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça jarnama gol çekilendigini ýatlatdy. Bu resminama Transhazar gaz geçirijisiniň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça ÝB-niň, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň gatnaşmagynda iş toparyny döretmekligi kesgitleýär.
«Men şol duşuşygy geçirmäge döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirýärin we Ýewropa komissiýasynyň bu babatdaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmek üçin 2017-nji ýylda Brýusselde nobatdaky duşuşygy geçirmäge taýýarlanýandygymyzy bellemek isleýärin» diýip Frebort maslahatda belledi. Şeýle hem ol: «Ýewropa Bileleşigi bu Iş toparynyň tagallalarynyň öňde goýlan maksatlara ýetjekdigine — türkmen gazyny ýewropa bazarlaryna ýetirjekdigine ynanýar» diýip belledi.
«Türkmenistan energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde eýýäm uzak wagtdan bäri Ýewropa Bileleşiginiň möhüm hyzmatdaşy bolup durýar» diýip L.Frebort nygtady. Şu nukdaýnazardan, ol «Ýewropa Bileleşigi Transhazar gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurluşygyny durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň tagallalaryna minnetdardyr» diýip belledi.
Onuň aýtmagyna görä, «ÝB-niň syýasaty Türkmenistan bilen umumy maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Bu syýasat türkmen gazynyň eksportyny we ýewropa gaz importyny diwersifikasiýalaşdyrmakda, şonuň netijesinde hem Merkezi Aziýadan, Türkmenistandan tebigy gazy ýewropa bazarlaryna, ýewropaly sarp edijileriň öýlerine we zawodlaryna gönükdirmekde jemlenýär».
Şunuň bilen baglylykda diplomat ÝB-niň Transhazar gaz geçirijisi boýunça gepleşikleri geçirmäge bolan meýillerini tassyklaýandygyny nygtady.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder