24 Aralık 2016 Cumartesi

Türkmen Maldarlary Ot-Iým Taýýarlamak Boýunça Ýyllyk Meýilnamany Ýerine Ýetirdiler y-yerine-yetirdiler/

Oba we suw hojalygy minisrtliginiň hem-de Azyk senagaty döwlet birleşiginiň maldarçylyk hojalyklary ot-iým taýýarlamak boýunça ýyllyk meýilnamany doly möçberde ýerine ýetirdiler.
Şu ýyl 171 müň 618 tonna ot-iým taýýarlanyldy.
Şeýle hem maldarlar we çopanlar üçin göwnejaý şertleri döretmek boýunça degişli çäreler geçirildi. Mallary ot-iým bilen üpjün etmegi mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen maldarçylyk hojalyklarynyň meýdanlarynda ot-iýmlik ekinler ekildi.
2016-njy ýylyň 1-njy dekabryna çenli Türkmenistanyň ähli hojalyklaryndaky gara mallaryň baş sany 2,3 milliondan gowrak boldy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder