22 Aralık 2016 Perşembe

Türkmen Welosipedçileri Esasy Ýaryşlara Taýýarlanýar

Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň ýapyk welosiped meýdançasynda welosiped ýaryşlary boýunça geçirilen saýlama bäsleşiklerde milli ýygyndynyň deslapky düzümi kesgitlenildi. Ýygyndy topar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň medallary ugrunda bäsleşer.
Ýaryşa Ahal, Lebap, Mary, Daşoguz welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan ussat welosipedçiler gatnaşdylar. Türgenler trek ýaryşlarynyň dört görnüşinde—200 metr aralyga ýaryşmak, sprint, dört kilometr aralykda yzarlamak arkaly ýaryşmak hem-de çykmak ugrunda ýaryşmak görnüşlerinde iň gowulary kesgitlediler.
200 metr aralyga ýaryşmakda maryly sport ussady Akmyrat Hojagulyýew has çalasyn bolup, bu aralygy 12,41 sekuntda geçmegi başardy. İkinji we üçünji orunlary Welosiped sporty boýunça milli tehniki merkeziň wekilleri-aşgabatlylar Röwşen Amangeldiýew (12,62 sek.) we Şatlyk Geldiýew (12,66 sek.) eýelediler.
A.Hojagulyýew ýene-de bir üstünligi yzarlamak arkaly ýaryşda gazandy: maryly türgen dört kilometr aralygy 5 minut 11,04 sekuntda geçmegi başardy. Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Iner Jumaýew ondan 4 sekuntdan gowrak yza galdy. Ýeňijileriň üçlügini Ş.Geldiýew 5 minut 18, 08 sekunt wagt görkeziji bilen jemledi.
Spinter ýaryşlarynda I.Jumaýewe pellehanada A.Hojagulyýewden öňe geçmek başartdy. Şunda ýeňijini kesgitlemek üçin bäsdeşlere wagty hasaba almazdan üç aýlaw geçmek mümkinçiligi berilýär. Üçünji we dördünji orunlary aşgabatlylar Hangeldi Kyýasow we Röwşen Amangeldiýew paýlaşdylar.
Welosiped sportunyň iň gyzykly görnüşinde–wagtyndan öň çykmak ugrunda bäsleşikde ähli türgenler bir wagtda badalga çykýarlar. Her üçünji aýlaw aralyk pellehanasy bolup, onda iň soňky türgen bäsleşigi jemleýär. Şeýtmek bilen olar iki türgen galýança ýaryşýarlar hem-de ýeňijini kesgitleýärler. Şunda iň gowy tizligi Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Yhlas Öwezmyradow görkezdi. Ikinji orny R.Amangeldiýew eýeledi, bürünç medala bolsa A.Hojagulyýew mynasyp boldy.
Şeýle hem ýetginjekleriň arasynda ýaryşlar geçirildi. Geljekki ussatlar üç kilometr aralykda yzarlamak arkaly ýaryşda güýçlüleri kesgitlediler. Şunda Arazmuhammet Nurmedow (Daşoguz welaýaty) ýeňiş gazanyp, bu aralygy 3 minut 55,17 sekuntda geçmegi başardy. Welosiped sporty boýunça milli tehniki merkeziň wekili Döwlet Baýramow ondan 1 sekunda barabar wagt yza galdy. Üçünji bolup pellehana Ýokary sport ussatlygy mekdebinden Saýlaw Gylyjow (3 min. 57,0 sek.) geldi.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň erkekler ýygyndy topary Russiýadan Albert Kolybiniň ýolbaşçylygynda köpugurly “Aşgabat” sport toplumynda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçýär. Dünýäniň sport giňişliginde tanalýan halypa eýýam birnäçe aý bäri türgenlerimizi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlaýar.
Daşary ýurtly tälimçiniň pikirine görä, türkmen türgenleri ussatlygyny ep-esli artdyrdylar. Tehniki we taktiki görkezijiler ýokarlandy, tizlik görkezijileri hem gowulandy. Iň esasysy bolsa geljegi uly ýaş türgenleriň köp bolmagydyr, olara uly sport geljegi garaşýar.
İndi milli ýygyndy toparymyz Aziýanyň welosiped sporty boýunça ýaryşlarynyň ikisine-trek we şosse maksatnamalary boýunça ýaryşlara taýýarlyk görýär. İlkinji ýaryşlar geljek ýylyň 6-10-njy fewralynda Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde, ikinjisi bolsa 24-nji fewral–3-nji mart aralygynda Bahreýnde geçiriler. Şol ýaryşlaryň netijeleri boýunça Aziada-2017-ä gatnaşmak üçin Türkmenistanyň toparynyň gutarnykly düzümi kesgitlener.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder