20 Aralık 2016 Salı

TOPH Owganystana Energiýa Ýetmezçiligini Aradan Aýyrmaga Ýardam Eder we Senagatymyzy Dikelder

Pakistan häzirki günde taryhynda iň ýiti energiýa ýetmezçiligini başdan geçirýär. Türkmen gazyny ýurdumyza getirjek Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi bu meseläni çözmäge ýardam eder, diýip pakistanly syýasatşynas, Eurasia Media Network-yň baş redaktory Malik Aýýub Sumbal hasaplaýar, diýip Trend azerbaýjan agentligi habar berýär.
«Pakistan energiýa ýetmezçiliginiň iň aýylganç görnüşine gabat geldi we soňky birnäçe ýylyň içinde barha artýan energiýa ýetmezçiligi zerarly ýurduň köp sanly senagat kärhanalary ýapyldy» diýip Sumbal aýtdy.
Ol gaz ýetmezçiligi zerarly Pakistanda dokma senagatynyň aglaba kärhanalarynyň ýapylandygyny nygtady. Sebäbi gazsyz dokma önümçiligini ýola goýmak mümkin däl. Netijede bolsa dokma senagatynda zähmet çekýän ýarym milliondan gowrak adam işsiz galdy diýip nygtady.
«Şonuň üçin hem TOPH ýaly taslamalar durmuşa geçirilse, bu elbetde, senagatymyzdaky ýagdaýy üýtgeder we bu ulgam gaýtadan dikelip başlanar» diýip Sumbal aýtdy.
Bilermeniň bellemegine görä, Pakistana gaz ibermek ulgamy häzirki günde diwersifikasiýalaşdyrylmadyk. Bu ýerde diňe ýerli gaz üpjünçilik çeşmeleri we Katardan suwuklandyrylan nebit gazyny almak boýunça şertnama bar. onuň hem düşewüntliligi şübhe astynda. «Şeýlelikde Pakistan häzirki wagtda taryhynda iň ýiti energiýa ýetmezçilik döwrüni başdan geçirýär» diýip bilermen aýtdy.
Sumbalyň nygtamagyna görä, gaza bolan isleg Pakistanda barha ýokarlanar, emma hökümet şol islegleri kanagatlandyrmak üçin edilmeli işleriň meýilnamasyny heniz işläp düzmedi. Ol öňräk Eýran-Pakistan gaz geçirijisiniň taslamasyna garalandygyny ýatlatdy. Emma Pakistan gaz geçirijiniň özüne düşýän bölegini gurmady we şonuň üçin hem Eýrandan gaz almak boýunça ylalaşyk näbelli ýagdaýda dur.
Bilermen TOPH taslamasynyň örän köp artykmaçlyklarynyň bardygyny we onuuň gurluşygyny tiz tamamlanmalydygyny belledi: «Bu taslama oňa gatnaşyjy agza-ýurtlaryň ählisiniň ykbalyny üýtgeder» diýip ol aýtdy.
TOPH dünýäde gaz ätiýaçlyklary boýunça dördünji ýerde durýan Türkmenistandan Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň möhüm bazarlaryna gaz ibermekligi üpjün eder. Ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metr bolan gaz geçiriji Türkmenistanyň iň iri gaz käni bolan «Galkynyş» gaz käninden Hyrat we Kandagar owgan şäherlerine we özüniň ahyrky nokadyna — Hindistan bilen Pakistanyň serhetleşýän ýerindäki Fazilka ilatly nokadyna çenli geçer.
TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy 2015-nji ýylyň dekabrynda badalga aldy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder