28 Aralık 2016 Çarşamba

(TENDER) CNPC International (Turkmenistan) Bäsleşik Yglan Edýär

Bäsleşik 2016-nji ýylyň 22-njy dekabyryndan (22.12.2017) – 2017-nji ýylyň 2-nji ýanwaryna (02.01.2017) çenli dowam eder.
International Turkmenistan Hytaý Milli Nebitgaz Korporasiýasy Türkmenistandaky Lebap welaýatynyň «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägindäki gurulary sementlemek üçin №. CIT-16071-SR belgili tender boýunça deslapky kwalifikasiýasyny gaýtadan yglan edýär
Esasy maglumatlar:
Möhleti: 2017-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap «Bagtyýarlyk» şertnamalýyn çäginde 25 töweregi gaz guýularynda sementlemek işleri geçiriler;
3000-5000 metr çuňlukda sementleme işlerini geçirmäge ukyplylyk we mümkinçilik;
Guýulary sementlemek işlerini şu görnüşde ýerine ýetirmeli:
guýulary sementlemek üçin enjamlaryň we desgalaryň ähli düzüm bölekleriniň, toplumlaýyn tehnikalaryň bolmagy;
guýularyň agzynda dürli ölçegdäki enjamlardan peýdalanmak;
guýulary sementlemek boýunça taslama;
sement ergininiň tejribeden geçirmek;
sementlemek işlerini geçirmek boýunça tehniki hünärmenleriň we işgärleriň bolmagy;
ýörite sementler we goşundylar;
guýulary sementlemek üçin hususy enjamlaryň we desgalaryň hem-de dürli enjamlar we maşynlar üçin ýangyjyň bolmagy;
öz-özüňi iýmit hem-de hyzmatlar bilen üpjün etmek.
Tehniki talaplar:
Enjamlar we işgärleriň taýýarlyk derejesi howpsuzlyk kadalaryna laýyk gelmeli;
Guýular burawlananda garaşylmadyk çylşyrymly ýagdaýlaryň ýüze çykmak mümkinçiligini nazara alyp, işgärleriň hünär derejesiniň talaplara laýyk gelmegi;
Guýulary sementlemek işi boýunça halkara ýa-da Türkmenistandaky iş tejribesi, ýokary basyşly galyň antidrit we duz plastlary, kükürt kislotasy agdyklyk edýän plastlary, şeýle hem önümçilik çäklerinde aşa köp sarp edilýän plastlary bolan gaz känlerindäki guýulary sementlemek boýunça tejribesiniň bolmagy.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalar aşakda görkezilen maglumatlary we resminamalary tabşyrmalydyrlar:
Kompaniýa barada gysgaça maglumat, şol sanda kompaniýanyň hasaba alnandygy barada maglumat.
Soňky 3 ýylda kompaniýanyň şuňa meňzeş şertlerdäki (ýokary basyşly galyň antidrit we duz plastlary, kükürt kislotasy agdyklyk edýän plastlary, şeýle hem önümçilik çäklerinde aşa köp sarp edilýän plastlary bolan gaz känlerindäki guýulary sementlemek) desgalarda alyp baran iş tejribesi barada maglumat.
Häzirki wagtda guýulary sementlemek işleriniň alnyp barlyşy barada maglumat.
Bu tender üçin hödürlenilen desgalaryň we enjamlaryň ýerleşýän ýeri häzirki ýagdaýy.
2014-2016 ýyllar üçin kompaniýanyň maliýe ýagdaýy barada maglumat;
Ýerli kompaniýalar üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigine girýändigini tassyklaýan şahadatnamanyň göçürmesini görkezmeklik hökmanydyr.
Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar şu habar neşir edilen gününden soňky 10 günüň içinde kabul ediljekdir.
Salgymyz: Türkmenistan, Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/3
Habarlaşylmaly tarap: Narine Simonýan; elektron poçta salgysy: Narine.Simonyan@cnpcag.com
Tel.:+993-12-445434 Faks:+993-12-445044
Arzalar ýörite adamlaryň üsti bilen, elektron poçta ýa-da faks arkaly iberilip bilner.
CNPC INTERNATIONAL TURKMENISTAN


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder