20 Aralık 2016 Salı

Sport Tanslary Boýunça Türkmenistanyň Ýygyndy Toparynyň Düzümi Kesgitlenildi

Paýtagtymyzdaky “Galkynyş” sport toplumynda Aziada-2017-niň saýlama ýaryşlarynyň çäklerinde sport tanslary boýunça ýaryşlar geçirildi. Onuň netijeleri boýunça Ýapyk binalarda we söweş sungatý boýunça V Aziýa oýunlarynda çykyş etjek milli ýygyndynyň düzümi döredildi.
Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Sport tanslary federasiýasy tarapyndan guralan ýaryşa gatnaşyjylar ýaş aýratynlyklary boýunça iki topara bölündiler. Olar ýetginjekler topary hem-de ýaşlardan we ululardan ybarat bolan bilelikdäki topardyr. Ýeňijiler we baýrak eýeleri Latyn-Amerikan tans görnüşleri bolan rumba, ça-ça-ça we jaýw görnüşlerindäki çykyşlaryň netijeleri boýunça kesgitlenildi.
Geçiriljek Aziada-2017-ä gatnaşjak türkmen türgenleriniň düzümine ozal üç adamyň – Nikita Swetilnigiň, Mariýa Korçaginiň we Anastasiýa Ýužakowanyň atlary goşuldy. Häzirki ýaryşlar her toparda iň oňat jübütleriň üçüsini – ýene-de 12 türgeni kesgitledi. Şoňa görä-de, arzuw edilýän ýollanma eýe bolmak üçin umyt bildirilýän dalaşgärler sport toplumynyň tans meýdançasynda ajaýyp joşgunly şüweleňi emele getirip, özleriniň sport ussatlygyny hem-de şol bir wagtda artisçiligini görkezmäge çalyşdylar.
Uly ýaşlylaryň toparynda aýratyn ýiti göreş emele gelip, ol eminleriň netije çykarmagy babatda örän çylşyrymly ýagdaýda geçdi. Şunda altyn medallary Aleksandr Sisekin—Waleriýa Nepomnýaşaýa jübüti eýeledi. Şu jübüte aýratyn umyt bildirilýär, çünki A.Sisekiniň halkara ýaryşlarynda çykyş etmekde uly tejribesi bar. Hususan-da, ol 2014-nji ýylda Moskwada geçirilen Bütindünýä tans olimpiadasynyň kümüş baýragynyň eýesi boldy.
Ikinji orny Tahyr Şebekow we Darýa Gokowa eýeledi, üçünji orna bolsa Meýlis Atamyradow – Lidiýa Gogolewa jübüti mynasyp boldy.
Ýetginjekleriň tans bäsleşiginde Ali Rejepow bilen Darýa Makarkina taý tapylmady. Kümüş baýraga Jemşit Atamyradow—Angelina Grigorýewa jübüti, bürünç baýraga bolsa Ahmet Ibragimow we Wera Žilkubaýewa jübüti mynasyp boldy.
Ýaryşlaryň baş emini Aleksandr Nowokşonowyň belleýşi ýaly, sport tanslarynyň türkmen mekdebiniň ussatlyk derejesi soňky ýylda örän ýokarlandy. Munuň özi uly tälimçilik işleriň netijesidir. Şol işler öňdebaryjy halkara tälimçileriň tejribesine hem-de türgenleriň özleriniň yhlasyna esaslanandyr.
2016-njy ýylda Russiýada we Gazagystanda biziň tansçylarymyz üçin okuw-turgenleşik ýygnanyşyklary guraldy. Sankt-Peterburgdaky taýýarlyk işleri Aziada-2017-ä geljekki gatnaşyjylar üçin aýratyn ähmiýetli boldy. Çünki sport tanslarynyň rus mekdebi halkara derejesinde umumy ykrar edilendir. Türkmenistanlylara nazaryýet we amalyýet sapaklaryny Nataliýa Simagina geçdi. Onuň türgenleri dünýäniň we Ýewropanyň ýaryşlarynyň ençeme gezek ýeňijileri hem-de baýrak eýeleri boldular.
Sözüniň ahyrynda A.Nowokşonow ösüşleriň görnüp durandygyna garamazdan, türkmen türgenleriniň we tälimçileriniň türgenleşiklerini dowam etmeginiň zerurdygyny aýtdy. Gazanylan tejribäni dürli ýaryşlara we ýygnanyşyklara yzygiderli gatnaşmak bilen, kämilleşdirmek we artdyrmak gerek. 2017-nji ýylyň fewral aýynda biziň ýygyndy toparymyz üçin Belarus Pespublikasynda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary, onuň yz ýany bilen halkara ýaryşynda baýraklar ugrunda bäsleşige goşulmak meýilleşdirildi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder