27 Aralık 2016 Salı

Türkmenistan Dünýä Üçin Açylýar

Ýetip gelýän 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna görülýän hemmetaraplaýyn taýýarlyk işlerini giňden beýan etmek meselesi şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen ýörite duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa gatnaşmak üçin ýurdumyzyň daşary döwletlerde işleýän diplomatlary, Aziada-2017-ä taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitetiň, Sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary we wekilleri çagyryldy.
Bu ýere ýygnananlar Aziýa oýunlarynyň tapgyrynda iri Aşgabat Aziadasynyň ýokary derejede geçirilmeginiň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan üçin aýratyn möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp, geljek ýylyň güýzünde paýtagtymyzda Aziýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa komitetleriniň 45-siniň hem-de Okeaniýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa komitetleriniň 17-siniň wekiliýetlerini ýygnajak bu ägirt uly baýramçylygy giňden beýan etmegiň möhümdigini nygtadylar. Garaşylyşy ýaly, dünýäniň 62 döwletinden türgenleriň 5 müňden gowragy sportuň 21 görnüşinde, şol sanda konkurda we türkmen göreşinde güýç synanyşar. Sportuň bu görnüşleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça oýunlaryň maksatnamasyna girizildi.
Şeýlelikde, müňlerçe adamlar—türgenler, žurnalistler we janköýerler özleri üçin ruhubelentligiň hem-de ösüşiň, sportuň we sagdynlygyň ýurdy bolan täze Türkmenistany açyp bilerler. Metbugat we elektron neşirlerinde ýerleşdiriljek köpsanly habarlar, halkara teleýaýlymlarynda görkeziljek gepleşikler dünýäniň sport hereketine üstünlikli goşulyşýan döwletimiziň gazananlary bilen tanyşmaga gös-göni ýardam eder. Munuň özi ýurdumyza, onuň baý taryhyna hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuna beslenen şu gününe gyzyklanmanyň artmagyna ýardam eder.
Duşuşyga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda halkara sport giňişliginde ýylsaýyn täze ýeňişleri gazanýan Türkmenistanyň uly üstünliklerini belläp, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda biziň howamyz üçin adaty bolmadyk sportuň gyşky görnüşleri bilen işjeň meşgullanmak üçin ýurdumyzda döredilen şertleriň türkmen türgenleri üçin sebit we dünýä derejesindäki abraýly ýaryşlarda öz ukyp-başarnygyny görkezmek üçin täze mümkinçilikleri döredýändigini nygtadylar.
Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan Orta Aziýa döwletleriniň arasynda ilkinji bolup Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyna eýe boldy. Munuň özi ýurdumyzyň we döwlet Baştutanymyzyň ägirt uly abraýynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Dünýäniň sport durmuşyndaky iri çäre ýurdumyzyň gözelligini, köpdürlüligini we gaýtalanmajak keşbini, myhmansöýerligini hem-de tutuş dünýä açyklygyny, ähli ugurlarda işjeň we netijeli hyzmatdaşlyga taýýarlygyny görkezmäge gönükdirilendir. Munuň özi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” diýen şygarynda öz beýanyna tapdy.
Bellenilişi ýaly, Aziýa oýunlary Türkmenistan üçin sport arkaly özüni dünýä açyp görkezmäge ajaýyp mümkinçilik bolup durýar. Şonuň üçin bolsa häzirden bu ajaýyp halkara sport baýramçylygyna görülýän guramaçylykly taýýarlyk barada giňişleýin habarlary yzygiderli ýaýratmak zerur bolup durýar.
Dünýäniň habar beriş serişdelerinde Aşgabatda gurulýan sebitde iri Olimpiýa şäherjigine eýýäm häzirden uly gyzyklanma bildirilýär. Onuň desgalary sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmäge hyzmat eder. Habar berlişi ýaly, täze desgalary gurmak bilen birlikde, zerur bolan işgärleri we meýletinçileri taýýarlamak hem-de tälim bermek, türgenlerimiziň ussatlygyny artdyrmak üçin daşary ýurtly tälimçileri çagyrmak, ýurdumyzyň içinde we onuň çäklerinden daşarda bu oýunlaryň netijel mahabatyny guramak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda Aziýanyň sport žurnalistleriniň gününe hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny dünýä ýaýmaga bagyşlanan halkara sport mediaforumynyň geçirilmegi munuň subutnamasy bolup durýar.
Bu ýere ýygnananlar geljek ýylda geçiriljek Aziada-2017 barada habarlary giňden ýaýratmak boýunça anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşmak bilen, onuň mynasyp derejede geçiriljekdigine ynam bildirdiler. Bu bolsa öz nobatynda ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýynyň has-da berkemegine hyzmat eder hem-de sporty mundan beýläk-de ösdürmäge we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge kuwwatly itergi berer.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder