26 Aralık 2016 Pazartesi

Ýylyň Parlak Ýyldyzy 2016

Ýaş estrada aýdymçylaryň arasynda geçirilen “Ýylyň parlak ýyldyzy- 2016” atly bäsleşigiň jemi jemlenildi.
Paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde “Ýylyň parlak ýyldyzy-2016” atly döredijilik bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi, onda aýdymçylaryň bäsleşiginiň jemleri jemlenildi we ýeňijileriň atlary yglan edildi.
Her ýyl geçirilýän “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly bäsleşik ýaş estrada aýdymçylaryny, uly märekäniň öňünde çykyş edip, öz zehinlerini synlap görmek isleýän täze aýdymçylary bir ýere ýygnaýar. Olaryň hemmesini hünär ussatlygyna bolan isleg birleşdirip, birmeňzeş şertlerde geçirilýän zehinleriň bäsleşigi aýdymçylar üçin itergi bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Medeniýet ministrligi hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan bilelikde guralan bu bäsleşik indi sekizinji gezek geçirilýär.
Bäsleşigiň saýlama tapgyry welaýatlarda badalga alýar, çünki ony geçirmegiň maksady diňe tomaşaçylaryň tanaýan aýdymçylaryny çekmek we olaryň iň gowularyny saýlap almak däl-de, eýsem türkmen halkynyň baý bolan özboluşly täze zehinlerini ýüze çykarmak bolup durýar. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeniýeti, milli saz sungatyny ösdürmäge, ýaşlaryň ukyplaryny we döredijilik mümkinçiliklerini açmaga üns bermegi netijesinde olar özlerini görkezmäge hem-de uly sahna ýollanma almak mümkinçiligine eýe bolýar.
Bäsleşigiň deslapky tapgyry oňa gatnaşyjylaryň 150-den gowragyny ýygnady, olaryň arasynda şu we beýleki bäsleşiklere, mysal üçin “Ýaňlan, Diýarym!” bäsleşigine gatnaşmak tejribesine eýe bolan hem-de döredijilik ýoluna täze başlan zehinler bar.
Soňra bolsa aýdym aýtmakda we çykyş etmekde aýratyn tapawutlanan ýaş aýdymçylar “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynda çykyş etmäge, teletomaşaçylar we radiodiňleýjiler bolsa ýaş ýerine ýetirijileriň zehinlerine olaryň çykyşlary boýunça baha berip, SMS-ler we telefon jaňlary arkaly ses bermäge mümkinçilik döredildi. Sesleriň sany boýunça has zehinli aýdymçylaryň onusy saýlanyp alyndy. Bu toparda hem öňdebaryjylaryň özboluşly üçlügi emele gelip, olar has köp seslere eýe boldular, emma meseläni jemleýji tapgyr çözýär…
Bu gün bolsa olar üçin jogapkärli pursat bolup, aýdymçylar baýramçylyk lybasyna beslenen Maslahat köşgündäki Täze ýyl arçasynyň ýanynda çykyş edip, özlerini goldaýan tomaşaçylaryň umyt-arzuwlaryny ödemeli boldular.
Bu ýere belli estrada aýdymçylary, saz ussatlary, medeniýet işgärleri, teatr artistleri, kompozitorlar we şahyrlar, şeýle hem öňki ýyllarda geçirilen bäsleşikleriň ýeňijileri ýygnandylar. Bäsleşigiň şertleri boýunça olaryň sesleri öňki tomaşaçylaryň seslerine goşulýar we “Ýylyň parlak ýyldyzy” diýen adyň eýesini kesgitleýär.
Jemleýji bölümde bäsleşige gatnaşyjylar iki aýdymdan ýerine ýetirip, olaryň birini sazsyz aýdýarlar. Şunuň ýaly synag diňleýjilere aýdymçynyň diňe sesine däl-de, eýsem ýerine ýetirijilik ussatlygyna baha bermäge mümkinçilik döredýär.
Köşgüň sahnasynda meşhur bolan söýgi we watançylyk aýdymlary, şeýle hem özboluşly çykyşlar, halk dessanlaryndan parçalar ýerine ýetirildi. Aýdym aýtmak bäsleşigi hoşniýetlilik ýagdaýynda, tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmagy bilen geçdi.
Soňra tomaşaçylar ýüzleri belgili ýörite kartoçkalar arkaly ses berdiler, netijede alyp baryjylar bäsleşigiň jemlerini yglan etdiler. Şeýlelikde, bäsleşigiň baş baýragynyň eýesi diýlip Züleýha Kakaýewa yglan edildi. Ol jemleýji gala-konsertinde “Çal, sazanda” diýen aýdymy bilen tomaşaçylary özüne bendi etdi. Aýdymçynyň şirin owazly sesi oňa birinji orny eýelemäge mümkinçilik döretdi. Oňa “Ýylyň parlak ýyldyzy” göçme Kubogy we höweslendiriji baýrak gowşuryldy.
Ikinji we üçünji orunlary degişlilikde Leýli Ökdirowa we Merdan Nurgylyjow eýelediler.
Bäsleşigiň ýeňijilerine döredijilik üstünlikleri hem-de sungatda öz ýollaryny tapmak baradaky arzuwlar aýdyldy. Çykyş edenleriň aýratyn belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz aladasy netijesinde bu gün türkmen ýaşlary öz mümkinçiliklerini amala aşyrmak, ukyp-başarnyklaryny açmak we durmuşda uly üstünlikleri gazanmak üçin ähli mümkinçiliklere eýe bolup durýarlar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder