Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi sebitleriň dolandyryş merkezlerinde işewürlik toplumlaryny gurýar. Şol toplumlaryň düzümine TSTB-niň welaýat şahamçasynyň edarasy, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň bölümi, dabaralar zaly, işewürlik hem-de söwda-dynç alyş merkezi girýär.
TSTB-niň şahamçasynyň binasynda şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň bölümi, işewürlik mekdebi ýerleşer. Türkmenabat şäherinde gurluşygy “Baş Bina” hojalyk jemgyýeti, Maryda bolsa “Eziz Dag” hususy kärhanasy alyp barýar. TSTB-niň şahamçasynyň binasynda şeýle hem myhmanhanany we kinoteatry birleşdirýän meýdany boýunça iň uly toplum Daşoguz şäherinde bina edilýär. Ony “Tumar” kompaniýasy gurýar.
Bu desgalaryň gurluşygyny 2017-nji ýylyň baharynda tamamlamak meýilleşdirilýär.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda köpugurly sport toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Onuň gurluşygyny Senagat ministrliginiň buýrmasy boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Myradym” hususy kärhanasy amala aşyrýar.
Toplumyň düzümine ýedi bölüm girip, olaryň biri basketbol, ping-pong, tennis, gimnastika, gandbol, woleýbol ýaly sport oýunlary üçin niýetlenendir. 2 müň tomaşaçy orunlyk ikinji binada suwda ýüzülýän howuz, şol sanda beýiklikden bökmek üçin howuz, fitnes-zal, bouling üçin zal, sauna, kafe, massaž otaglary hem-de beýleki otaglar ýerleşýär.
Aýratyn bölüm fitnes, agyr atletika, gylyçlaşma sporty, boks, taekwondo, dzýudo, sambo, erkin we grek-rim göreşi, beýleki başa-baş söweşler bilen meşgullanmak üçin niýetlenendir.
Taslamada hokkeý, kýorling, figuralaýyn typmak üçin meýdançalary bolan iki gatly Buzly köşk göz öňünde tutulandyr.
Hiç yorum yok:
Yorum Gönder