28 Aralık 2016 Çarşamba

Magtymguly Adyndaky TDU-nyň Talyplary Ýokary Okuw Mekdepleriniň Talyplarynyň Arasynda Geçirilen Olimpiýadanyň Ýeňijileri

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň başlangyjy bilen geçirilen aň-bilim bäsleşigine talyplaryň ýüzlerçesi gatnaşdy. Olaryň iki ýüzden gowragy baýrakly orunlary eýelediler. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ylymly-bilimli talyplaryndan iň güýçlilerini kesgitlän olimpiýadada 14 ugurdan bäsleşik geçirildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleri baýrakly 24 ornuň altysyny eýeläp öňe saýlandylar. Olar türkmen dili we edebiýaty, iňlis dili we edebiýaty, biologiýa. matematika we fizika dersleri boýunça tapawutlandylar. Ikinji ýeri Türkmenistanyň oba hojalyk institutynyň talyplary eýelediler. Olar Türkmenistanyň taryhy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, ykdysadyýet, inženerçilik grafikasy we materiallaryň garşylygy ugurlarynda bäsdeşlerinden gowy netijeler görkezdiler.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň topary üçünji orna düşdi. Türkmenistanyň oba hojalyk uniwersitetiniň we Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary-da ykdysadyýet, himiýa, kompýuter tehnologiýalary, matematika we fizika derslerinden gowy netijeler gazanyp, baýrakly üçlüge düşmegi başardylar.
Ýeňijileriň ählisine ýörite diplomlar gowşurlar.
Talyplaryň arasynda her ýyl dersler boýunça olimpiýadalryň geçirilmegi talyp ýaşlaryň dünýä garaýşyny artdyrmaga we aň-bilim düşünjesini ýokarlandyrmaga, olaryň ylmy barlag işlerine isleglerini höweslendirmäge gönükdirilendir.Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän bäsleşikler zehinli we maksada okgunly talyplary ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär, olaryň üstünligi ýoldaşlaryna görelde bolup, ýokary bilimiň hil derejesini belende göterýär.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder